MUKADDES KITAP DURMUŞYŇY ÖZGERDÝÄR
Ölesim gelmeýärdi
-
DOGLAN ÝYLY: 1964
-
DOGLAN ÝERI: ANGLIÝA
-
GEÇMIŞI: ÝOLDAN ÇYKAN GYZ
ÖŇKI DURMUŞYM
Men Angliýadaky köp ilatly Paddington şäherinde doguldym. Men ejem, üç sany gyz doganym bilen ýaşaýardym. Kakamam bir gün öýe gelse, bir gün gelmeýärdi, sebäbi ol köp arak içýärdi.
Çaga wagtym ejem her gün agşam Hudaýa doga etmegi öwredipdi. Meniň kiçiräk Mukaddes Kitabym bardy. Onuň içinde diňe Zebur kitaby bardy. Men Zeburdaky sözleri özümçe aýdym edip aýdýardym. Bir kitapda okan sözlerim hiç wagt ýadymdan çykmaýardy. Onda şeýle sözler bardy: «Bir gün geler gaýdyp ýagty jahany görmersiň». Şol gün uzak gije gelejegim hakda oýlanyp, uklap bilmedim. Men: «Ölmek üçin doguldymmy? Durmuş şunuň bilen gutarmalymy?» diýýärdim. Meniň ölesim gelmeýärdi.
Men jadygöýlik bilen gyzyklanyp başladym. Ölüler bilen gürleşýärdim, klasdaşlarym bilen öwülýä gidýärdim, gorkunç, wampirli kinolary görýärdik. Şeýle filmleri hezil edip görýärdik, ýöne soňundan öler ýaly gorkýardyk.
Men 10 ýaşymda ýoldan çykyp başladym. Çilim çekýärdim, bir gün çekmesem günüm geçmeýärdi. Soňra marihuana çekip ugradym. 11 ýaşymda spirtli içgileri içip başladym. Men spirtli içgileri içmäni halamasam-da, onuň berýän keýpini gowy görýärdim. Saz diňlemegi, tans etmegi gowy görýärdim. Şonuň üçin oturylyşyklara, gijeki klublara gidýärdim. Men gije gaçyp gidip, daňa golaý öýe gelýärdim. Ertesi ýadaw bolamsoň, sapakdanam gaçýardym. Mekdebe baramda-da, köplenç arakesmede içýärdim.
Men mekdebi gowy bahalar bilen gutarmadym. Şonda ejem meniň ýoldan çykandygymy bilip, gaty gahary geldi. Men ejem bilen sögüşip, öýden çykyp gaýtdym. Biraz wagt halaşýan ýigidim Toniň öýünde ýaşadym. Ol ogurlyk edýärdi, neşe satýardy, il arasynda-da ganygyzma oglan diýip tanalýardy. Soňra men göwreli boldum, 16 ýaşymda oglum dünýä indi.
MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI
Hökümet maňa çagasyny ýeke terbiýeleýän aýallaryň umumy ýaşaýyş jaýyndan bir otag berdi. Şol ýerde ilkinji gezek Ýehowanyň Şaýatlaryna duşdum. Iki sany Ýehowanyň Şaýady goňşy gelinleriň ýanyna barýardy. Menem bir gezek olary diňlemäge bardym. Men Ýehowanyň Şaýatlaryny gepinde tutjak bolýardym. Ýöne olar gaharlanman, jedelleşmän, ähli soraglaryma Mukaddes Kitapdan jogap berýärdiler. Olar şeýle bir ýumşak, mähirlidiler welin, maňa diýseň ýarady. Men olara okuw geçmek isleýändigimi aýtdym.
Men ýaşlygymdan ölümden gorkýardym. Ýöne Mukaddes Kitapdan Isanyň direliş barada aýdan zatlaryny bilenimde, durmuşyma güýçli täsir etdi (Ýahýa 5:28, 29). Şeýle-de Hudaýyň meni-de gowy görýändigine düşündim (1 Petrus 5:7). Maňa esasanam Ýermeýa 29:11-däki sözler güýçli täsir etdi. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Men size ýagşylyk isleýärin — muny Ýehowa aýdýar. — Ýagty gelejege umydyňyz bolar ýaly, men size betbagtçylyk däl-de, parahatlyk bererin». Indi men ýer ýüzündäki Jennetde ölmän ebedi ýaşamaga umyt edýärin (Zebur 37:29).
Men Ýehowanyň Şaýatlarynyň adamlary ýürekden söýýändigine göz ýetirdim. Ilkinji gezek ýygnaklaryna baranymda, olar meni gujak açyp garşy aldylar (Ýahýa 13:34, 35). Men şeýle söýgini, mähri hiç ýerde, hatda ýaşaýan ýerimdäki buthanada-da görmändim. Men nähili adam bolsamam, Şaýatlar meni gowy görýärdiler. Olar meniň üçin wagt tapyp, aladamy edýärdiler, elinden gelen kömegi berýärdiler. Şeýle agzybir, bir-birini söýýän uly maşgalamyň bardygyna begenýärin!
Men Mukaddes Kitapdan Hudaýyň kada-kanunlaryny öwrenip, arassa ýaşamalydygyna düşündim. Başda aňsat bolmasa-da, çilimimi taşlap bildim. Käbir aýdymlar marihuana çekmek islegimi güýçlendirýärdi. Şonuň üçin şol aýdymlary hem diňlemegimi goýdum. Men spirtli içgileri görsem, durup bilmän köp içýärdim. Şol sebäpli oturylyşyklara, gijeki klublara gitmegimi goýdum. Men Ýehowanyň Şaýatlarynyň içinden gowy dostlary tapdym. Olardan gowy häsiýetleri öwrendim (Nakyllar 13:20).
Şol wagtlar Toni hem Mukaddes Kitap okuwyny geçip başlady. Ýehowanyň Şaýatlary onuň soraglaryna Mukaddes Kitapdan jogap berensoň, Toni hakykaty tapandygyna düşündi. Şondan soň Toni bütinleý üýtgedi. Ol biderek dostlary bilen arasyny kesdi, ogurlyk etmegini, marihuana çekmegini goýdy. Biziň ikimizem Ýehowany razy edip ýaşasymyz gelýärdi we oglumyzyňam ýetim önüp-ösmegini islemeýärdik. Şonuň üçinem 1982-nji ýylda nikadan geçdik.
«Indi men gelejegimi alada etmeýärin ýa-da ölümden gorkmaýaryn, gijelerine rahat ýatýaryn»
Men «Garawul diňi», «Oýanyň!» žurnallarynda * durmuşyny üýtgeden adamlar barada okaýardym. Olaryň mysallary maňa güýçli täsir edýärdi. Şol sebäpli menem ýan bermedim, göreşmegimi dowam etdim. Men Ýehowa güýç beräý diýip ýalbarýardym. 1982-nji ýylyň iýulynda Toni ikimiz özümizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürildik.
HÄZIRKI DURMUŞYM
Ýehowa Hudaýy tanamadyk bolsam, belki, häzir diri hem bolmazdym. Ýehowa kyn günlerde Toni ikimize köp kömek etdi. Biz dürli ýagdaýlarda Ýehowa bil baglamagy öwrendik. Ýehowa maşgalamyzy hemişe gorap goldaýar (Zebur 55:22).
Men oglum bilen gyzyma-da Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edip bilenime begenýärin. Agtyklarymyňam Ýehowa barada öwrenip ulalýandygyny görmek şatlygyma şatlyk goşýar.
Indi men gelejegimi alada etmeýärin, rahat ýatýaryn. Indi Toni ikimiz ýygnaklara aýlanyp, dogan-uýalary ruhlandyrýarys. Şeýle-de biz ähli adamlaryň ebedi ýaşap bilmegi üçin, olara Isa iman etmäge kömek edýäris.
^ par. 19 Ýehowanyň Şaýatlary çykarýar.