Esasy materiala geçiň

«Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygy üçin görkezme

«Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygy üçin görkezme

Mazmuny

1. «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynda çykyş etjekleriň ählisi şu görkezmä eýermeli. «Durmuş we wagyz» duşuşygynda çykyş etjek wagyzçy görkezmedäki özüne degişli bölümi okamaly. Ýumuşlar bilen ähli wagyzçylar çykyş etmeli. Wagyzçy bolmadyk adam hem ýumuş bilen çykyş edip biler. Munuň üçin olar ýygnaklara yzygiderli gatnaşmaly we Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna iman edip, ondaky prinsipler boýunça ýaşamaly. Eger adam wagyzçy bolmasa-da, ýumuşlar bilen çykyş etmek isleýän bolsa, «Durmuş we wagyz» duşuşygynyň gözegçisi onuň talaplara laýyk gelýändigini anyklamak üçin gürrüňdeş bolmaly. Şol gürrüňdeşlige onuň bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçýän mesihçi ýa-da iman edýän ene-atasy gatnaşmaly. Eger adam talaplara laýyk gelýän bolsa, ýumuş bilen çykyş edip bilýändigini aýtmaly. Ýumuş bilen çykyş etmek isleýän adam bilen hem, wagyzçy bolmak isleýän adam bilen hem şol bir talaplaryň esasynda gürrüňdeş bolmaly (od bap 8, abz. 8).

 GIRIŞ SÖZLER

2. Bir minut. Duşuşygyň başynda aýdym aýdylyp, doga edilýär. Soňra «Durmuş we wagyz» duşuşygyny alyp barýan dogan diňleýjileri gyzyklandyrmak üçin öwreniljek zatlar bilen gysgaça tanyşdyrar. Alyp baryjy dogan-uýalar üçin peýdaly pikirleri nygtar.

 HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

 3Nutuk. On minut. «Durmuş we wagyz» okuw depderinde nutugyň temasy we iki-üç sany esasy pikir getirilýär. Bu nutuk ýaşula ýa-da ukyply hyzmatça berilýär. Eger meýilnama boýunça Mukaddes Kitabyň bir kitaby okalyp başlansa, şol kitap bilen tanyşdyrýan wideo hem görkeziler. Nutuk bilen çykyş edýän dogan wideodaky käbir pikirleri tema bilen baglanyşdyryp biler. Emma ol okuw depderinde nutuk üçin getirilen esasy pikirleri hökman düşündirmeli. Wagt galsa, suratlary nutugyň temasy bilen baglanyşdyrsa gowy bolar. Şeýle-de oňa temany düşündirmäge goşmaça maglumat gerek bolsa, başga-da edebiýatlardan peýdalanyp biler.

 4Dürdäne pikirler. On minut. Sorag-jogap görnüşinde geçirilmeli. Giriş we jemleýji sözler aýdylmaýar. Şu bölümi ýaşuly ýa-da ukyply hyzmatçy alyp barýar. Bölümi alyp barýan dogan iki soragy hem bermeli. Getirilen aýatlary okamalymy ýa okamaly däldigini özi çözüp biler. Jogap berýän adam pikirlerini 30 sekundyň (ýa-da ondan az) içinde aýtmaly.

 5Mukaddes Kitaby okamak. Dört minut. Ýumuş mekdebe ýazylan ýa-da wagyzçy dogana berilýär. Ol giriş we jemleýji sözleri aýtman, diňe berlen aýatlary okamaly. Duşuşygy alyp barýan dogan ýumuş bilen çykyş edýäne aýatlary dogry, düşnükli, akgynly, basymy dogry goýup, sesiňi üýtgedip, gerekli ýerinde säginip, adaty okar ýaly gerekli maslahatlary berer. Okalmaly aýatlaryň käbiri köp, käbiri az bolandygy üçin «Durmuş we wagyz» duşuşygynyň gözegçisi ýumşy paýlanda, çykyş edýäniň ukybyny göz öňüne tutmaly.

 WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

6. On bäş minut. Duşuşygyň bu bölümi her bir adama wagyz gullugyna taýýarlanmaga, adam bilen gürrüňdeş bolmaga, wagyz etmäge we öwretmek ukybyny ösdürmäge kömek edýär. Eger zerur bolsa, ýumuşlar bilen ýygnak ýaşululary çykyş edip biler. Ýumuş bilen çykyş edýän adam okuw depderindäki «Öwreniň» ýa-da «Adamlary söýüň» atly broşýuralardan getirilen salgylaryň üstünde işlemeli. Käte ýumuşlar söhbetdeşlik görnüşinde bolýar. Ýumuş söhbetdeşlik bolup gelende, ýaşuly ýa-da ukyply hyzmatçy dogan çykyş etmeli. (Söhbetdeşligiň geçirilişi hakynda şu görkezmäniň  15-nji abzasyna serediň).

 7Gürrüňdeşlige başlaň. Ýumuş mekdebe ýazylan ýa-da wagyzçy dogana ýa-da uýa berilýär. Ýumuş dogana berilse dogan kömek etmeli, uýa berilse uýa kömek etmeli ýa-da maşgala agzalarynyň biri kömek edip biler. Olar oturyp ýa dik durup çykyş edip biler. (Şu bölüm hakda köpräk bilmek üçin  12,  13-nji abzaslara serediň).

 8Gaýtadan ideg ediň. Ýumuş dogana ýa-da uýa berilýär. Ýumuş dogana berilse dogan kömek etmeli, uýa berilse uýa kömek etmeli (km-U 5/97 sah. 2). Olar oturyp ýa-da dik durup çykyş edip biler. Ýumuş bilen çykyş edýän adam soňky ideginde gürrüň eden temasyny dowam etmeli. (Şu bölüm hakda köpräk bilmek üçin  12,  13-nji abzaslara serediň).

 9Şägirt taýýarlaň. Ýumuş dogana ýa-da uýa berilýär. Ýumuş dogana berilse dogan kömek etmeli, uýa berilse uýa kömek etmeli (km-U 5/97 sah. 2). Dogan-uýalar oturyp ýa dik durup çykyş edip biler. Ýumuşda Mukaddes Kitap okuwynyň geçirilişi görkezilmeli. Çykyş edýän adam giriş ýa-da jemleýji sözleriň üstünde işlemeýän bolsa, sahnada giriş we jemleýji sözleri aýtmak gerek däl. Görkezilen abzaslaryň hemmesini okamak hökman däl, ýöne käte okasa-da bolýar.

 10Imanyňyz hakda gürrüň beriň. Ýumuş nutuk görnüşinde bolsa, dogan çykyş etmeli. Sahna görnüşinde bolsa, doganlaram, uýalaram çykyş edip biler. Ýumuş dogana ýa-da uýa berilýär. Ýumuş dogana berilse dogan kömek etmeli, uýa berilse uýa kömek etmeli ýa-da maşgala agzalarynyň biri kömek edip biler. Ýumuş bilen çykyş edýän adam getirilen salgynyň esasynda temany anyk düşündirmeli we ýumşaklyk bilen çykyş etmeli. Çykyş edýän adam getirilen salgyny ulanman, başga edebiýata hem salgylanyp biler.

 11Nutuk. Ýumuş dogana berilýär. Nutuk «Adamlary söýüň» broşýuradaky Goşmaça A maglumata esaslansa, çykyş edýän adam getirilen aýatlary wagyzda nädip ulanyp bolýandygyny düşündirmeli. Meselem, ol aýadyň manysyny, ony haçan ulanmalydygyny we aýadyň esasynda nädip gürrüňdeşlik edip bolýandygyny düşündirmeli. Eger nutuk «Adamlary söýüň» broşýuradaky sapagyň bir abzasyna esaslansa, çykyş edýän adam bölümdäki maslahatlary wagyzda nädip ulanyp bolýandygyny düşündirmeli. Ol sapagyň 1-nji abzasyndaky mysaly ýa-da sapaga degişli goşmaça aýatlary ulanyp biler.

   12Ýumşy taýýarlamak. Şu we indiki abzas «Gürrüňdeşlige başlaň» we «Gaýtadan ideg ediň» ýumuşlara degişli. Eger görkezme berilmedik bolsa, çykyş edýän adam wagyz edýän adamyny gyzyklandyrjak temany saýlamaly we ideg eder ýaly sorag goýmaly. Çykyş edýän adam ýerli ýagdaýa görä, gyzykly we peýdaly boljak temany saýlamaly. Ol islese, «Okuw esbaplaryna» degişli edebiýaty ýa-da wideony görkezip biler. Çykyş edýän adam taýýar teklipleri ýat tutman, adam bilen ýürekden gyzyklanyp, adaty gürrüňdeş bolmagy öwrenmeli.

   13Wagyz etmegiň usullary. Çykyş edýän adam ýerli ýagdaýa görä, aşakdaky usullaryň birini saýlap biler:

  1.  1) Öýden-öýe wagyz etmek. Muňa öý eýesine ýüzbe-ýüz, telefon, hat arkaly wagyz etmek we ony gaýtadan idemek degişli.

  2.  2) Mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmek. Muňa adam bilen mesaýy gürrüň edeniňde wagyz etmek degişli. Mysal üçin, biz goňşy-golama, işde, mekdepde, ulagda ýa-da duş gelýän adamlara Mukaddes Kitapdan käbir pikirleri aýdyp bileris.

  3.  3) Köpçülik ýerlerinde wagyz etmek. Muňa stendli wagyz etmek, adamlaryň iş ýerlerinde, köçelerde, seýilgählerde, awtoduralgalarda we adamlaryň köp ýerlerinde wagyz etmek degişli.

 14Wideolary we edebiýatlary ulanmak. Çykyş edýän adam islese, ýagdaýa görä wideony ýa-da edebiýaty ulanyp biler. Eger ýumuşda wideo bar bolsa ýa-da çykyş edýän adam ony ulanmak islese, wideony görkezmän, ol hakda pikir alşyp biler.

  MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

15. Bölüm aýdym bilen başlap, 15 minut dowam eder. Bölümde Hudaýyň Sözündäki maslahatlara nädip eýerip biljekdigimiz hakda gürrüň ediler. Eger goşmaça görkezme berilmedik bolsa, bu bölümi ýaşuly ýa-da ukyply hyzmatçy geçirmeli. Emma ýerli zerurlyk bilen diňe ýaşuly çykyş etmeli. Şu bölüm söhbetdeşlik görnüşinde bolsa, ony geçirýän dogan tema degişli goşmaça soraglary berip biler. Ol esasy pikirleri nygtap ýetişer ýaly we dogan-uýalar jogap berip biler ýaly, giriş sözlerini gysga aýtmaly. Eger interwýu almaly bolsa, interwýu berýän wagyzçy sahna çyksa gowy bolar.

  16Mukaddes Kitaby öwreneliň. Otuz minut. Bölümi tejribeli ýaşuly geçirýär (ýygnakda ýaşuly az bolsa, ukyply hyzmatça tabşyrsa bolar). Bölümi kimiň geçirmelidigini ýaşulular maslahaty çözýär. Mukaddes Kitaby öwreneliň bölümini geçirmäge saýlanan dogan ökdelik bilen öwretmeli, wagtynda tamamlamaly, esasy pikirleri nygtaýan aýatlara üns bermeli we temanyň peýdasyny görkezmeli. Ol duşuşygyň geçirilişi hakdaky görkezmä eýermeli (w23.04 sah. 24, çarçuwa). Tema gowy özleşdirilensoň, ony uzaga çekdirmek gerek däl. Mümkin bolsa, bölümi geçirýänleri we abzaslary okaýanlary her hepde çalşyp durmaly. «Durmuş we wagyz» duşuşygyny alyp barýan dogan Mukaddes Kitaby öwreneliň bölüminiň wagtyny gysgaltmagy haýyş edip biler. Şeýle ýagdaýda bölümi geçirýän dogan nädip gysgaltmalydygyny özi çözmeli. Belki-de, ol käbir abzaslary okatman, ara alyp maslahatlaşar.

  JEMLEÝJI SÖZLER

17. Üç minut. «Durmuş we wagyz» duşuşygyny alyp barýan dogan öwrenilen zatlardan käbir esasy pikirleri belläp geçmeli. Şeýle-de ol indiki hepde geçiljek zatlara gysgaça sereder. Wagt galsa, indiki hepdäniň ýumuşlarynyň kimlere berlendigini ýatladyp biler. Goşmaça görkezme berilmedik bolsa, duşuşygy geçirýän dogan jemleýji sözleri aýdanda, ýygnagyň bildirişlerini we gelen ýörite hatlary okap biler. Emma wagyz duşuşygy ýa-da arassaçylyk işleri bilen bagly maglumatlary sahnada okamaly däl. Olary bildirişler tagtasynda asmaly. Eger jemleýji sözler üçin berlen wagtyň içinde bildirişleri ýa-da hatlary okap ýetişip bolmasa, duşuşygy alyp barýan dogan «Mesihçileriň durmuşy» diýen bölümde çykyş edýän doganlardan çykyşyny biraz gysgaltmagy haýyş etmeli ( 16,  19-njy abzaslara serediň). Duşuşyk aýdym we doga bilen tamamlanar.

  ÖWGÜLI SÖZLER WE MASLAHAT

18. Her ýumuşdan soň, «Durmuş we wagyz» duşuşygyny alyp barýan dogan çykyş edene bir minudyň içinde öwgüli sözleri aýdyp, getirilen broşýuranyň esasynda gerekli maslahaty bermeli. Ol çykyş edýäniň haýsy sapagyň üstünde işleýändigini öňünden aýtmaly däl. Emma çykyşdan soň, ony ýürekden öwer we haýsy sapagyň üstünde işländigini aýdyp biler. Soňra sapakdaky haýsy maslahatlara eýerendigini, haýsysynyň üstünde işlemelidigini sypaýyçylyk bilen düşündirer. Duşuşygy alyp barýan dogan ýumuş bilen çykyş edene ýa-da dogan-uýalara peýdaly bolar diýip pikir etse, çykyş edilen ýumşuň başga gowy taraplary hakda hem aýdyp biler. Eger «Öwreniň», «Adamlary söýüň» broşýuralar ýa-da «Wagyz mekdebi» kitaby esasynda goşmaça maslahat bermeli bolsa, duşuşykdan soň ýa-da başga wagt özüne aýdyp biler («Durmuş we wagyz» duşuşygyny alyp barýan hem-de maslahat berýän doganyň borjy barada köpräk bilmek üçin  19,  24,  25-nji abzaslara serediň).

     WAGT

19. «Durmuş we wagyz» duşuşygyny alyp barýan dogan we çykyş edýänler berlen wagtyň çäginden çykmaly däl. Meýilnamada bölümlere berlen wagt görkezilýär. Ýöne hemme pikirler aýdylyp, wagt galan bolsa, berlen wagta ýetjek bolup, goşmaça pikirleri aýtmak gerek däl. Eger duşuşygyň beýleki bölümlerinde çykyş edýän doganlar berlen wagtyň çäginden çyksa, onda duşuşygy alyp barýan ýa-da maslahat bermek üçin bellenen dogan ikiçäk maslahat berer ( 24,  25-nji abzasa serediň). Duşuşyk aýdym we doga bilen jemi 1 sagat 45 minutda tamamlanmaly.

 ETRAP GÖZEGÇISINIŇ IDEGI

20. Ýygnaga etrap gözegçisi gelende, «Durmuş we wagyz» duşuşygy okuw depderinde görkezilişi ýaly geçer. Emma Mukaddes Kitaby öwreneliň bölümine derek etrap gözegçisiniň 30 minutlyk gulluk nutugy bolar. Alyp barýan dogan nutukdan öň, «Durmuş we wagyz» duşuşygynda öwrenilen zatlary gysgaça gaýtalap, indiki hepde geçiljek zatlara sereder, gerekli bildirişleri eder we gelen ýörite hatlary okar. Şondan soň ol etrap gözegçisiniň çykyş etjekdigini yglan eder. Gulluk nutugyndan soň, etrap gözegçisi nutugyna degişli aýdymy yglan eder. Etrap gözegçisi bir dogana jemleýji dogany etmegi haýyş edip hem biler. Ýygnaga etrap gözegçisi gelende, goşmaça klaslarda ýumuşlar geçirilmez. Duşuşygy başga dilde geçirýän topar etrap gözegçisiniň gelen hepdesinde öz duşuşygyny aýratyn otagda geçirip biler, ýöne etrap gözegçisiniň gulluk nutugyny tutuş ýygnak bilen bile diňlemeli.

 ETRAP ÝA-DA WELAÝAT KONGRESINIŇ GEÇIRILÝÄN HEPDESI

21. Etrap ýa-da welaýat kongresiniň geçirilýän hepdesi ýygnak duşuşyklary bolmaýar. Dogan-uýalara şol hepde ýygnak duşuşygynda öwrenmeli zatlary her kim özbaşdak ýa-da maşgalasy bilen okap biljekdigini ýatlatmaly.

 ÝATLAMA AGŞAMYNYŇ GEÇIRILÝÄN HEPDESI

22. Ýatlama agşamy hepdäniň ilkinji bäş gününe düşse, onda «Durmuş we wagyz» duşuşygy geçirilmez.

 «DURMUŞ WE WAGYZ» DUŞUŞYGYNYŇ GÖZEGÇISI

23. Ýaşulular maslahaty bir ýaşuly dogany «Durmuş we wagyz» duşuşygynyň gözegçisi edip bellär. Ol dogan duşuşygyň guramaçylykly we şu görkezmäniň (S-38) esasynda geçirilmegine jogapkärdir. Şeýle-de ol maslahat berýän dogan bilen ýakyndan işleşmeli. «Durmuş we wagyz» duşuşygynyň gözegçisi okuw depderini alan badyna, iki aýyň hem ähli bölümleri we ýumuşlary bilen çykyş etjekleri bellemeli. Muňa duşuşygy alyp barýan dogany, bölümleri geçirýän doganlary we ýumuşlar bilen çykyş etjekler degişli (3—16,  24-nji abzaslara serediň). Gözegçi dogan duşuşygyň bölümlerini alyp barjaklary we ýumuş bilen çykyş etjekleri bellände, olaryň ýaşyny, tejribesini, gepleýiş ukybyny göz öňüne tutmaly. Bölümleri alyp barjak we çykyş etjek dogan-uýalara üç hepde öňünden habar bermeli. Wagyzçylaryň ýumuşlaryny «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Ýumuş» diýen (S-89) blanka ýazyp bermeli. «Durmuş we wagyz» duşuşygynyň gözegçisi duşuşygyň bölümlerini alyp barjak doganlaryň we çykyş etjek dogan-uýalaryň sanawyny bildirişler tagtasynda asylandygyna göz ýetirmeli. Ýaşulular maslahaty duşuşygyň gözegçisine kömek etmek üçin ýaşuly dogany ýa-da ýygnak hyzmatçysyny belläp biler. Emma duşuşygyň bölümlerini alyp barýan doganlary diňe ýaşuly dogan bellemeli.

    «DURMUŞ WE WAGYZ» DUŞUŞYGYNY ALYP BARÝAN DOGAN

24. «Durmuş we wagyz» duşuşygyny her hepde bir ýaşuly dogan alyp barar. (Ýaşuly az bolsa, duşuşygy geçirmäge ukyply hyzmatçyny bellese bolar). Ol aýtjak giriş we jemleýji sözlerini öňünden taýýarlamaly. Ol her bölümi yglan eder. Ýygnakda ýaşuly az bolsa, onuň özi hem käbir bölümleri geçirip biler. Meselem, söhbetdeşlik edilmeýän wideoly bölümleri geçirip biler. Bir bölümden beýleki bölüme geçilende, alyp baryjy dogan köp geplemeli däl. «Durmuş we wagyz» duşuşygyny alyp barjak dogany ýaşulular maslahaty belleýär. Adatça, bellenen ýaşulular «Durmuş we wagyz» duşuşygyny gezekleşip alyp barýarlar. Ýerli ýagdaýy göz öňüne tutup, «Durmuş we wagyz» duşuşygynyň gözegçisi beýleki ýaşululara garanyňda duşuşygy alyp barmak üçin köpräk bellenilip biler. Eger ýaşuly dogan Mukaddes Kitaby öwreneliň bölümini geçirmek üçin talaplara laýyk gelýän bolsa, onda ony tutuş duşuşygy alyp barmaga-da bellese bolar. Duşuşygy alyp barýan dogan ýumuşlar bilen çykyş edenlere öwgüli sözleri aýtmaly, gerek bolsa, maslahat hem bermeli. Şeýle-de ol duşuşygyň wagtynda tamamlanmagyna gözegçilik etmeli ( 17,  19-njy abzaslara serediň). Eger sahnada ýer bar bolsa, duşuşygy alyp barýan dogan goşmaça mikrofonyň hem goýulmagynyň aladasyny edip biler. Şonda ol duşuşygyň indiki bölümini yglan edip durka, çykyş etjek doganlar beýleki mikrofonyň ýanyna baryp biler. Duşuşygy alyp barýan dogan islese, «Mukaddes Kitaby okamak» ýumşy we «Wagyzda ökdeleşiň» bölümler bilen çykyş edilip durka sahnadaky stoluň başynda oturyp biler. Şeýdip, ol wagty tygşytlap biler.

   MASLAHAT BERÝÄN DOGAN

25. Mümkin bolsa, maslahat bermegi nutuk bilen gowy çykyş edýän ýaşula tabşyrmaly. Belki, «Durmuş we wagyz» duşuşygyndaky bölümleri geçirýän doganlara, jemagat nutugy bilen çykyş edýänlere, «Mukaddes Kitaby öwreneliň» bölümini we «Garawul diňi» duşuşygyny geçirýän hem-de okaýan ýaşululara ýa-da hyzmatçylara maslahat bermeli bolar. Şeýle ýagdaýda maslahat berýän dogan olar bilen ikiçäk gepleşmeli ( 19-njy abzasa serediň). Ýygnakda nutuk bilen gowy çykyş edýän we ökdelik bilen öwredýän birnäçe ýaşuly bar bolsa, her ýyl birini maslahatçy bellese bolar. Ýaşululara we hyzmatçy doganlara her çykyşdan soň maslahat bermek hökman däl.

 GOŞMAÇA KLASLAR

26. Eger ýygnakda wagyzçy köp bolsa, ýumuş bilen çykyş etmek üçin goşmaça klaslary döretse bolar. Her klasda ýumuş bilen çykyş edýänlere maslahat berer ýaly bir dogany bellemeli. Mümkin bolsa, ol ýaşuly bolmaly, ýöne ýerli ýagdaýa görä, hyzmatçy dogany hem bellese bolar. Maslahat berýän dogany ýaşulular maslahaty belleýär. Olar muny birnäçe dogana gezekleşdirip tabşyryp hem biler. Bellenen dogan  18-nji abzasdaky görkezmelere eýermeli. Eger goşmaça klaslarda ýumuş bilen çykyş edilmeli bolsa, «Dürdäne pikirler» bölüminden soň, dogan-uýalara bellenen klasyna gitmegi haýyş etmeli. «Wagyzda ökdeleşiň» bölüminden soň, olar ýene-de yzyna gelmeli.

 WIDEOLAR

27. Okuw depderindäki wideolar duşuşygyň dowamynda meýilnama boýunça görkeziler. Bu wideolar JW Library® programmasynda elýeterli bolar we olary ähli elektron enjamlarynda görüp bolýar.

© 2023 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania

S-38-TMR 11/23