Torontodaky kitap sergisinde JW.ORG saýty hasam tanalýar
2014-nji ýylyň 13—16-njy noýabr aralygynda Torontonyň (Kanada) Metro merkezinde halkara kitap sergisi geçirildi. Onda kitaplaryň çap edilen we elektron görnüşi görkezildi. Dört günüň dowamynda bu sergä 20 müňden gowrak adam geldi.
Sergä gatnaşýanlaryň arasynda Ýehowanyň Şaýatlary hem bardy. Olaryň stendleri gelşiklidi we adamlaryň ünsüni özüne çekýärdi. Olar planşet ýa beýleki elektron enjamlary arkaly jw.org saýtyny nädip ulanyp bolýandygyny görkezýärdiler.
Şol sergini gurnan adamlaryň biri bu hakda şeýle belläp geçdi: «Siziň saýtyňyz häzirki zaman saýtlaryň biri. Meniň pikirimçe, sergä gatnaşýanlar sizden köp zat öwrenip biler». Sergä gelen adamlar hem jw.org saýtynyň aňrybaşdygyny, aňsatlyk bilen ulanyp, durmuşda ýüze çykýan wajyp soraglaryň jogabyny tapyp bolýandygyny aýtdylar. Şeýle-de olar bu saýtyň adamlara kynçylyklaryny hem-de gaýgy-aladalaryny ýeňmäge kömek edýändigini bilip, haýran galdylar.
Sergä meýletin gatnaşan Şaýatlar adamlar bilen gürleşip, olaryň köpüsiniň şu kitap sergisinden öň jw.org saýty hakda eşidip görmändigini aýtdylar. Şaýatlaryň stendlerini görmäge gelen adamlaryň hemmesi diýen ýaly habarlaşmak üçin kartoçkalary ýa-da «Wajyp soraglara kim jogap berip biler?» diýen kitapçany aldylar. Olaryň köpüsi saýtymyza ýene-de girjekdigini aýtdylar, käbiri bolsa Şaýatlardan öýlerine barmagy haýyş etdiler.
Şol hepdäniň anna güni kitap sergisinde «Çagalaryň güni» hem geçirildi. Şonda Şaýatlar mugallymlary bilen sergä gelen mekdep okuwçylaryna jw.org saýtyndaky janlandyrylan suratly wideolary görkezdiler.
Çikago şäherindäki beýleki Mukaddes Ýazgylary çap edýän kärhananyň bir işgäri Şaýatlaryň «Täze dünýä terjimesi» kitabynyň çykarylyşyna göwni ýetdi. Ol şol kitaplary çap edýän Şaýatlar bilen habarlaşmak isledi. Şonuň üçin ol kartoçkamyzy aldy.
Saýtymyzda 700-den gowrak dilde edebiýatlar bar. Sergä gelen adamlar amhar, bengal, hytaý, iňlis, fransuz, grek, gujarat, hindi, koreý, portugal, ispan, şwed, tamil, tigrinýa, urdu we wýetnam dillerindäki edebiýatlary gördüler.
Sergä gelenleri garşy alýan bir Şaýat adamlara web-saýtymyz barada ýöne bir aýtmak bilen ony nähili ulanmalydygyny görkezmegiň uly tapawudynyň bardygyna üns berdi. Ol: «Bu sergi saýtymyz hakda has köp adamlaryň bilmegi üçin gowy mümkinçilik döretdi» diýip, belläp geçdi.