Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitaby öz dini ynançlaryna görä üýtgetdilermi?
Elbetde, ýok. Gaýtam, garaýşymyz Mukaddes Kitabyň prinsiplerine gabat gelmese, biz kitaby däl-de, öz dini ynançlarymyzy üýtgetmäge çalyşýarys.
Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň Sözüni 1950-nji ýyldaky «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» çykmanka-da öwrenýärdiler. Olar hakykaty Mukaddes Kitabyň dürli terjimeleri arkaly öwrendiler. Ýehowanyň Şaýatlarynyň öňden gelýän dini ynançlarynyň käbirine serediň we olaryň Mukaddes Kitaba gabat gelýändigini deňeşdirip görüň.
Biz nämä ynanýarys? Hudaý Troisa däl. 1882-nji ýylyň iýul aýynda çykan «Sion Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Adamlar biziň Ýehowa Hudaýa, Isa pygambere we mukaddes ruha ynanýandygymyzy, ýöne Troisa, ýagny üç ýüzli taňra ynanmaýandygymyzy bilýärler».
Mukaddes Kitapda näme diýilýär? «Biziň ýeke-täk Hudaýymyz Ýehowadyr» (5 Musa 6:4, «The Holy Bible» Robert Ýang). «Ýöne ýeke-täk Hudaý bar, ol biziň Atamyz. Ähli zady ol ýaratdy, biz hem oňa baglydyrys. Halypamyz Isa Mesih hem birdir. Ähli zat we biz ol arkaly ýaradyldyk» (1 Korinfliler 8:6, «American Bible Union Version»). Isanyň özi-de: «Atam menden beýikdir» diýdi (Ýahýa 14:28, «Douay-Rheims Version»).
Biz nämä ynanýarys? Dowzah ody ýok. 1882-nji ýylyň iýun aýynda çykan «Sion Garawul diňi» žurnalynyň bir makalasy Rimliler 6:23-däki («Korol Ýakowyň terjimesi») «Günäniň haky ölümdir» diýen sözlere esaslanypdyr. Ol makalada şeýle diýilýär: «Bu aýat örän aýdyň we düşnükli bolsa-da, Mukaddes Kitaba ynanýan adamlaryň köpüsi „Günäniň haky dowzah odunda ebedilik ýanmakdyr“ diýip öwredýärler. Olaryň bu aýada düşünmeýändigi haýran galdyrýar».
Mukaddes Kitapda näme diýilýär? «Günä eden jan öler» (Hyzkyl 18:4, 20, «Korol Ýakowyň terjimesi»). 2 Selanikliler 1:9-da («Korol Ýakowyň terjimesi») bolsa, Allatagala garşy çykan adamyň dowzah odunda ebedilik ýanýandygy däl-de, «ebedilik heläk» bolýandygy aýdylýar.
Biz nämä ynanýarys? Hudaýyň Patyşalygy bu ýüregiňdäki bir zat däl-de, hakyky hökümet. 1881-nji ýylyň dekabr aýynda çykan «Sion Garawul diňi» žurnalynda Hudaýyň Patyşalygy barada: «Bu Patyşalyk berkarar edilende, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar ýok ediler» diýilýär.
Mukaddes Kitapda näme diýilýär? «Şol patyşalaryň döwründe gökdäki Hudaý hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar» (Danyýar 2:44, «Korol Ýakowyň terjimesi»).
Ýehowanyň Şaýatlary diňe «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» ulanýarmy?
Elbetde, ýok. Biz wagyz edenimizde Mukaddes Kitabyň dürli terjimelerini ulanýarys. Hatda biz «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» mugt berýänem bolsak, adamlar bilen okuw geçenimizde, Mukaddes Kitabyň dürli terjimelerinden peýdalanýarys.