Ýehowanyň Şaýatlary syýasy işlerde näme üçin bitaraplygy saklaýarlar?
Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitaba esaslanan dini garaýyşlaryna görä, syýasy işlerde bitaraplygy saklaýarlar. Biz hökümete garşy gozgalaň turuzmaýarys, saýlawlarda ses bermeýäris, döwlet işinde wezipeli orny eýelemek üçin özümizi sese goýmaýarys we hökümet işgärleriniň wezipesini elinden almak üçin edilýän işlere gatnaşmaýarys. Mukaddes Kitapda biziň bu zatlara goşulmaýandygymyzyň degerli sebäpleri düşündirilýär.
Biz patyşa bolmakdan boýun gaçyran Isa Mesihiň göreldesine eýerýäris (Ýahýa 6:15). Ol yzyna eýerýän adamlara hem «dünýäden bolmazlygy» öwretdi we syýasy işlere goşulmaly däldigini aýdyň görkezdi (Ýahýa 17:14, 16; 18:36; Markus 12:13—17).
Biz diňe Hudaýyň Patyşalygyny goldaýarys. Isa bu Patyşalyk barada şeýle diýdi: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde... wagyz ediler» (Matta 24:14). Bize Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada wagyz etmek tabşyryldy. Şol sebäpli biz ähli ýurtlaryň, şol sanda öz ýurdumyzyň hem syýasy işlerinde bitaraplygy saklaýarys (2 Korinfliler 5:20; Efesliler 6:20).
Biz bitaraplygymyzy saklap, syýasat babatda garaýyşlary biri-birinden tapawutlanýan adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada arkaýyn wagyz edip bilýäris. Biz sözlerimiz we işlerimiz bilen dünýädäki kynçylyklary diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigine ynanýandygymyzy görkezmäge çalyşýarys (Zebur 56:11).
Biz syýasy dawalara gatnaşmaýandygymyz üçin, bütin dünýädäki dogan-uýalar bilen agzybir ýaşaýarys (Koloslylar 3:14; 1 Petrus 2:17). Emma syýasy işlere goşulýan dinleriň agzalarynyň arasynda bölünişik döreýär (1 Korinfliler 1:10).
Häkimiýetlere hormat goýmak. Biz syýasy işlere goşulmasak-da, döwlet ýolbaşçylaryna hormat goýýarys. Mukaddes Kitapda bu barada şeýle maslahat berilýär: «Her kes ýokary häkimiýetlere tabyn bolsun» (Rimliler 13:1). Biz kanuna gulak asyp, salgyt töleýäris we hökümetleriň raýatlary üçin edýän tagallasyny gymmat saýýarys. Biz ýurduň garşysyna turuzylýan gozgalaňlara gatnaşmaýarys, emma biz, esasanam, dinimize rugsat berilmegi üçin Mukaddes Kitapdaky: «Patyşalar, ýokary wezipäni eýeleýänler üçin» doga ediň diýen maslahata eýerýäris (1 Timoteos 2:1, 2).
Şeýle-de biz syýasy meselelerde her bir adamyň karara gelmek hukugyna hormat goýýarys. Meselem, biz saýlawa gatnaşýan adamlary ýazgarmaýarys.
Bitaraplygy saklamak soňky çykan zatmy? Elbetde, ýok. I asyrda ýaşan resullaram, beýleki mesihçilerem bitaraplygy saklapdyrlar. Mesihçileriň bitaraplygy saklandygy baradaky bir kitapda şeýle diýilýär: «I asyrdaky mesihçiler häkimiýetlere hormat goýmagy wajyp hasaplasalar-da, syýasata goşulmaýardylar» («Beyond Good Intentions»). Şeýle-de başga bir kitapda I asyrdaky mesihçileriň «syýasy wezipelere bellenmändikleri» aýdylýar («On the Road to Civilization»).
Syýasy işlerde bitaraplygy saklamaklyk halklaryň arasyndaky howpsuzlyga zyýan ýetirýärmi? Ýok. Biz parahatlygy söýýän adamlar. Şol sebäpli häkimiýetler bizden gorkmaýarlar. Ukrainanyň halkara ylymlar akademiýasynyň 2001-nji ýyldaky hasabatynda biziň bitaraplygy saklaýandygymyz barada şeýle bellenip geçildi: «Häzirki wagtda käbir adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň syýasata bolan garaýşyny halamaýarlar, bu bolsa geçmişde olaryň totalitar faşistler we kommunistler tarapyndan yzarlamalara duçar bolandygynyň esasy sebäbi bolup durýar». Emma Sowet Soýuzynyň gynan döwründe hem Ýehowanyň Şaýatlary «kanuna boýun bolýan raýatlar hökmünde tanalýardylar. Olar daýhan birleşiginde, senagat kärhanalarynda dogruçyl we janaýaman işleýärdiler hem-de häkimiýetlere hiç hili zyýan ýetirmeýärdiler». Netijede bolsa, Ýehowanyň Şaýatlarynyň ynançlarynyň we edýän işleriniň şu günler «hiç bir döwletiň howpsuzlygyna zyýan ýetirmeýändigi» aýdyň boldy.