GARAWUL DIŇI (ÖWRENMEK ÜÇIN) Oktýabr 2016

Žurnalyň şu sanynda 2016-njy ýylyň 28-nji noýabryndan 25-nji dekabr aralygynda geçiljek makalalar bar.

TERJIMEHAL

Görelde galdyrmagyň ajaýyp nusgasy

Ruhy taýdan berk mesihçileriň goldawy bilen başgalar ruhy maksatlary goýup, olara ýetip bilýär. Tomas Makleýn başgalaryň özüne gowy görelde galdyrandygyny we özüniň hem başgalara şeýle kömek edip bilendigini gürrüň berýär.

«Nätanyş adama söýgi bildirmegi unutmaň»

Hudaý ýat ýerden gelenlere nähili garaýar? Olara ýygnakda özüni ýeke duýmaz ýaly nädip kömek edip bileris?

Daşary ýurt dilindäki ýygnakda gulluk edeniňizde ruhy taýdan berk boluň

Mesihçiler özüniň we maşgalasynyň ruhy taýdan gowşamazlygy üçin jan etmeli. Daşary ýurt dilindäki ýygnakda gulluk edeniňizde köp kynçylyklara duş gelýänsiňiz.

«Paýhasy» gorap saklaň

Paýhaslylyk bilim bilen düşünjeden nämede tapawutlanýar? Olaryň arasyndaky tapawudy bilmek peýdaly bolar.

Umyt edýän zatlaryňyza imanyňyzy berkidiň

Biz geçmişde we şu günler berk imany bolan adamlaryň göreldesine eýerip bilýäris. Siz imanyňyzy nädip berkidip bilersiňiz?

Ýehowanyň wadalaryna iman ediň

Aslynda, iman näme? Iň esasy zat, iman edýändigimizi nädip görkezip bileris?

Siz şuny bilýärdiňizmi?

I asyrda Rim imperiýasy ýehudy ýolbaşçylaryna nähili ygtyýar berýärdi? Gadymy döwürde başga biriniň ekin meýdanyna haşal ot ekilýärdimi?