Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Arimatiýaly Ýusubyň batyrgaý hereketi

Arimatiýaly Ýusubyň batyrgaý hereketi

ARIMATIÝALY ÝUSUP Rim hökümdarynyň ýanyna barmak üçin şeýle batyrgaý hereket edendigine özem ynanyp bilmeýärdi. Sebäbi Pontius Pilatus özüniň kesirligi bilen tanalýardy. Isanyň mynasyp tärde jaýlanmagy üçin kimdir biri onuň jesedini Pilatusdan soramalydy. Emma patyşa bilen ýüzbe-ýüz gürleşmek Ýusubyň göz öňüne getirişi ýaly kyn bolmady. Goşun ýolbaşçysy Isanyň eýýäm ölendigini habar berende, Pilatus Ýusubyň haýyşyny ýerine ýetirýär. Şeýle hasratly duýgular bilen Ýusup Isanyň pürse çüýlenen ýerine howlukmaç gidýär (Mar. 15:42—45).

  • Arimatiýaly Ýusup kimdi?

  • Ol Isa bilen nähili gatnaşykdady?

  • Ýusup bilen bolan waka bizi näme üçin gyzyklandyrýar?

MEJLISIŇ AGZASY

Markusyň Hoş habarynda Ýusubyň «Mejlisiň hormatlanýan agzasy» bolandygy aýdylýar. Diňe ýehudylaryň ýokary kazyýetine degişli bolan we ýokary wezipäni eýeleýän adamlar Mejlisiň agzasy bolup bilýärdi (Mar. 15:1, 43). Ýusup hem halkyň ýolbaşçylarynyň biridi. Şol sebäpli ol Rim hökümdary bilen duşuşyp bilýärdi. Şeýle-de onuň baý adam bolandygy geň galdyrmaýar (Mat. 27:57).

Sizem özüňiziň mesihçidiňizi batyrgaýlyk bilen aýdarsyňyzmy?

Mejlisiň agzalary Isa duşmançylyk bilen garaýardylar. Olar Isany öldürmek barada dil düwüşýärler. Emma Ýusup «dogruçyl hem-de ýagşy adamdy» (Luka 23:50). Mejlisdäki ýoldaşlarynyň köpüsinden tapawutlylykda, ol dogruçyl adamdy, ahlak taýdan arassa we Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edip ýaşaýardy. Şeýle-de ol «Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýardy». Bu onuň näme üçin Isanyň şägirdi bolandygyny görkezýär (Mar. 15:43; Mat. 27:57). Ol hakykaty we adalaty söýýän adam bolandygy üçin, Isanyň habaryna seslenen bolmaly.

GIZLIN ŞÄGIRT

Ýahýa 19:38-de Ýusubyň «Isanyň şägirdi» bolandygy, «ýöne ýehudy ýolbaşçylaryndan gorkup, muny hiç kime aýtmandygy» barada agzalýar. Eýsem, ol nämeden gorkduka? Ol ýehudylaryň Isa ýigrenç bilen garaýandyklaryny we onuň yzyna eýeren islendik adamy sinagogadan kowmagy ýüregine düwendiklerini bilýärdi (Ýah. 7:45—49; 9:22). Sinagogadan kowlan adamy ýazgaryp, onuň bilen gürleşmeýärdiler, hatda ýehudy egindeşleri hem oňa ýigrenç bilen garaýardy. Ine, şol sebäpli-de Ýusup özüniň Isa ynanýandygyny açyk aýtmaga gorkýardy. Eger ol muny aýdan bolsa, onda wezipesini we at-abraýyny ýitirip bilerdi.

Emma şeýle ýagdaýa düşen diňe Ýusup däldi. Ýahýa 12:42-de: «Hatda ýehudy ýolbaşçylarynyň köpüsi-de Isa ýürekden iman etdiler, ýöne fariseýler zerarly ony kabul edip bilmediler, sebäbi sinagogadan kowulmakdan gorkýardylar» diýilýär. Mejlisiň agzasy bolan Nikodim hem şeýle ýagdaýa düşüpdi (Ýah. 3:1—10; 7:50—52).

Ýusup Isanyň şägirdi bolsa-da, muny açyk aýtmaga çekinýärdi. Elbetde, bu nädogrudy. Sebäbi Isa: «Eger biri adamlaryň öňünde meniň şägirdimdigini aýtmaga çekinmese, men hem ony gökdäki Atamyň öňünde şägirdim hasaplamaga çekinmerin. Emma kim adamlaryň öňünde menden ýüz öwürse, men hem gökdäki Atamyň öňünde ondan ýüz öwrerin» diýdi (Mat. 10:32, 33). Ýusup Isany inkär etmese-de, ony tanaýandygyny aýtmaga ýürek etmeýärdi. Siz barada näme diýse bolar?

Mukaddes Ýazgylarda Ýusubyň eden gowy işi barada aýdylýar. Ol Mejlisiň agzalarynyň Isa garşy dil düwüşigini goldamandy (Luka 23:51). Şeýle-de käbir adamlaryň aýtmagyna görä, Isa höküm çykarylanda, ol şol ýerde bolmadyk bolmaly. Nähili bolaýanda-da, Ýusup bu ýowuz adalatsyzlygy görüp, gaty ünjä düşýär. Emma onuň elinden gelýän zat ýokdy!

GORKYNY ÝEŇÝÄR

Isa aradan çykandan soň, Ýusup gorkusyny ýeňip, onuň şägirtlerine kömek etmegi ýüregine düwen bolmaly. Bu barada Markus 15:43-de şeýle diýilýär: «Ol ýüregini bire baglap, Pilatusyň ýanyna bardy-da, ondan Isanyň jesedini bermegi haýyş etdi».

Hawa, Isa aradan çykansoň, Ýusup özüniň kimdigini aýan edýär. Aslynda, ol Isanyň eýýäm ölendigini bilýärdi. Ýusup Isanyň jesedini soranda, Pilatus «Isanyň eýýäm ölendigini eşidip, geň galýar» (Mar. 15:44). Ýusup Isanyň zalymlyk bilen pürse çüýlenendigini bilende, ynsaby kösäp, hakykatyň tarapyny tutmagy ýüregine düwen bolmaly. Her näme bolsa-da, Ýusup dogry hereket etdi. Ol indi özüniň Isanyň şägirdidigini gizlemeýärdi.

ÝUSUP ISANY JAÝLAÝAR

Ýehudylaryň kanunyna görä, ölen adamy Gün ýaşmanka jaýlamalydy (Kan. tag. 21:22, 23). Emma rimliler jenaýatçylaryň jesedi çüýreýänçä, ony pürsden aýyrmaýardylar ýa-da mazarçylyga zyňýardylar. Ýusup bolsa Isanyň jesediniň şeýle edilmegini islemeýärdi. Isanyň pürse çüýlenen ýeriniň golaýynda täze mazar bardy we onda heniz hiç kim jaýlanmandy. Bu Ýusubyň ýaňy-ýakynda Arimatiýadan * Iýerusalime gelip, ony maşgalasy üçin satyn alandygyny görkezýär (Luka 23:53; Ýah. 19:41). Ýusup Isany şol täze mazarda jaýlaýar. Bu onuň jomart adam bolandygyny we Mesihiň «baý adamyň (mazarynda) jaýlanjakdygy» baradaky pygamberligiň ýerine ýetendigini aýan edýär (Iş. 53:5, 8, 9).

Ýehowa bilen gatnaşygyňyzdan başga ileri tutýan zadyňyz barmy?

Dört Hoş habarda-da «Ýusubyň Isanyň jesedini alyp, arassa we ýokary hilli zygyr mata dolandygy» hem-de öz mazarynda jaýlandygy gürrüň berilýär (Mat. 27:59—61; Mar. 15:46, 47; Luka 23:53, 55; Ýah. 19:38—40). Ýazgylarda diňe Nikodimosyň ýakymly ysly otlary getirip, Isany jaýlamaga kömek edendigi aýdylýar. Emma olaryň wezipesini göz öňünde tutsak, olar bu işi ýeke özleri däl-de, hyzmatkärleriniň kömegi bilen eden bolmaly. Nähili bolaýanda-da, bu iki adamyň eden işi öwgä mynasypdy. Ölen adamyň jesedine galtaşan her bir adam ýedi günläp haram hasaplanýardy. Şonuň üçin ol şol günleriň dowamynda tämizlenmek adatyny berjaý etmelidi (San. 19:11; Hag. 2:13). Ölä galtaşan adam Pasha we beýleki baýramçylyklara gatnaşyp bilmeýärdi (San. 9:6). Isany jaýlamak bilen, Ýusup öz kärdeşleriniň ýaňsylamasyna sezewar bolup bilýärdi. Muňa garamazdan, ol Isany mynasyp tärde jaýlamak we özüniň onuň şägirdidigini açyk aýtmak üçin batyrgaý hereket etdi.

WAKANYŇ SOŇY

Injilde Isanyň ölümi baradaky wakadan soň arimatiýaly Ýusup barada hiç zat aýdylmaýar. Şol sebäpli şeýle sorag ýüze çykýar: «Ýusuba soň näme bolduka?» Biz muny anyk bilmeýäris. Emma ýokarda gürrüň berlişi ýaly, ol Isanyň şägirdidigini açyk aýdan bolmaly. Mundan başga-da şol kyn döwürde onuň imany we batyrgaýlygy gowşaman, gaýtam, has-da aýdyň görünýärdi. Bu bolsa häzirki mesihçiler üçin gowy görelde.

Bu waka bizi şu soragyň üstünde oýlanmaga höweslendirýär: «Eýsem, Ýehowa bilen dostlugymyz at-abraý, wezipe, baýlyk, maşgala gatnaşyklary we azatlyk ýaly islendik zatdan gymmatly dälmi näme?»

^ abzas 18 Arimatiýa gadymy Rama we häzirki Rentis (Rantis) şäheriniň ýerinde ýerleşen bolmaly. Rama Şamuwel pygamberiň doglan şäheri bolup, Iýerusalimiň demirgazyk-günbatar tarapyndan takmynan 35 km uzaklykda ýerleşýärdi (1 Şam. 1:19, 20).