34-NJI MAKALA
107-NJI AÝDYM Söýginiň ajaýyp göreldesi
Ýaşulular ýygnakdan çykarylanlara nädip kömek edýär?
«Hudaý... seniň toba etmegiň üçin ýagşylyk edýär» (Rim. 2:4).
ESASY PIKIR
Ýaşulular agyr günä eden adama kömek etmek üçin elinde baryny edýärler.
1. Ýehowa agyr günä eden adama nähili ýagşylyk edýär?
GEÇEN makalada Pawlus resulyň Korinfdäki ýygnaga agyr günä eden adam barada nähili görkezme berendigini bildik. Günäkär toba etmedi we ýygnakdan çykaryldy. Emma şu makalanyň baş aýadyndan görşümiz ýaly, agyr günä eden adamlara toba etmäge kömek edip bolýar (Rim. 2:4). Ýaşulular olara toba etmäge nädip kömek edýär?
2, 3. Doganyň ýa-da uýanyň agyr günä edendigini bilsek näme etmeli we näme üçin?
2 Eger dogan-uýalaryň biriniň agyr günä edendigini bilsek näme etmeli? Biz oňa ýaşululara ýüz tutmalydygyny aýtmaly. Şonda ýaşulular oňa öz wagtynda gerekli kömegi berip biler (Işa. 1:18; Res. 20:28; 1 Pet. 5:2).
3 Eger günä eden adam ýaşulular bilen gepleşmek islemese näme? Onda biz ýaşulularyň ýanyna baryp, doganyň ýa-da uýanyň eden günäsini aýtmaly. Biz ony gowy görýäris, ýaşulularyň oňa gerekli kömegi berjegini bilýäris. Eger ol günä edip ýörse, Ýehowa bilen dostlugy bozular we ýygnagyň adyna ysnat getirer. Biz Ýehowany we imandaşymyzy söýýändigimiz üçin onuň eden işini gizlemän, ýaşululara habar bermeli (Zeb. 27:14).
ÝAŞULULARYŇ KÖMEGI
4. Agyr günä eden adam bilen görşenlerinde ýaşulularyň maksady näme bolmaly?
4 Dogan-uýalaryň biri günä etse, ýaşulular maslahaty ýaşulular komitetinde gulluk etjek üç ýaşulyny belleýär a. Bellenen doganlar pespäl we pesgöwünli bolmaly. Ýaşulular komiteti şuny unutmaly däl: olar günäkäre kömek etmek üçin elinde baryny etseler-de, ony mejburlap toba etdirip bilmez (5 Mus. 30:19). Olar günä eden adamlaryň hemmesi Dawut ýaly maslahaty kabul eder öýtmeli däl (2 Şam. 12:13). Hatda käbirleri ýaşulularyň Mukaddes Kitap arkaly berýän öwüt-ündewinden ýüz öwrer (1 Mus. 4:6—8). Emma ýaşulular şonda-da günäkäre toba etmäge kömek etjek bolmaly. Ýaşulular Mukaddes Kitabyň haýsy prinsiplerine eýermeli?
5. Ýaşulular komiteti günäkär bilen görşende haýsy maslahata eýermeli? (2 Timoteos 2:24—26; surata serediň).
5 Ýaşulular agyr günä eden adamyň Ýehowanyň guzujygydygyny unutmaly däl (Luka 15:4, 6). Şonuň üçin olar günäkär bilen görşenlerinde gaharlanyp, göwne degiji sözleri aýtmaly däl we özüni gödek alyp barmaly däl. Ýa-da olar «günäkäre käbir soraglary bersek, ýagdaýy anyklasak ýeterlik bolar» diýip pikir etmeli däl. Gaýtam 2 Timoteos 2:24—26-njy aýatlardaky (okaň) maslahata eýermeli. Ýaşulular ýumşak we mähirli bolsa, günäkäre eden işine ökünmäge kömek edip bilerler.
6. Ýaşulular ýüregini taýýarlamak üçin näme etmeli? (Rimliler 2:4).
6 Ýaşulular ýüregini taýýarlamaly. Olar günäkäre kömek etmek üçin Ýehowanyň göreldesine eýermeli. Pawlus resul Ýehowanyň günäkäre «toba etmegi üçin ýagşylyk edýändigini» aýtdy (Rimliler 2:4-i okaň). Ýaşulular baş çopanyň Isadygyny we onuň sürüsini bakýandyklaryny unutmaly däl. Olar günäkär bilen görüşmezden öň, Hudaýa doga edip, oňa toba etmäge kömek eder ýaly akyldarlyk dilemeli (Işa. 11:3, 4; Mat. 18:18—20). Olar Mukaddes Kitapdan, edebiýatlardan gözleg geçirmeli we Ýehowadan düşünje dilemeli. Ýaşulular günäkäriň geçmişi, alan terbiýesi hakda biljek bolmaly. Sebäbi şu zatlar adamyň pikirine, garaýşyna we özüni alyp barşyna täsir edýär (Nak. 20:5).
7, 8. Ýaşulular Ýehowa ýaly nädip sabyrly bolmaly?
7 Ýaşulular Ýehowa ýaly sabyrly bolmaly. Olar Ýehowanyň geçmişde günäkär bilen özüni nähili alyp barandygy hakda oýlanmaly. Meselem, Ýehowa Kabyla sabyrly boldy. Oňa günä etse kösenjekdigini we gulak assa ondan razy boljakdygyny aýtdy (1 Mus. 4:6, 7). Ýehowa Dawudy düzetmek üçin ýanyna Natan pygamberi iberdi. Dawut eden işine öküner ýaly Natan oňa mysal hem gürrüň berdi (2 Şam. 12:1—7). Şeýle-de Ýehowa halkyny dogry ýola salmak üçin «yzly-yzyna pygamberlerini iberdi» (Ýer. 7:24, 25). Ýehowa boýnuýogyn ysraýyllar eden işine ökünip, kömek soraýança garaşmady, gaýtam olary toba çagyrmak üçin ilkinji ädimi özi ätdi.
8 Ýaşulular günä eden adam bilen görşenlerinde Ýehowanyň göreldesine eýermeli. Ýaşulular 2 Timoteos 4:2-de aýdylyşy ýaly, günäkär bilen «sabyrly bolmaly». Öwrenmek üçin Mukaddes Kitapda şu aýada şeýle düşündiriliş berilýär: «Ýaşuly mähirli we sabyrly bolsa, günäkäriň ýüreginde dogry işleri etmek islegi dörär. Emma ýaşuly gödek we gaharjaň bolsa, günäkär ony diňlemek islemez, hatda büdremegi hem mümkin».
9, 10. Ýaşulular adama agyr günä etmegine sebäp bolan ýagdaýlary nädip düşündirmeli?
9 Ýaşulular adamyň günä etmegine sebäp bolan ýagdaýlary anyklajak bolmaly. Meselem, olar şu zatlary biljek bolmaly: ol yzygider şahsy okuwyny geçirmändigi, wagyz etmändigi, Ýehowa her gün doga etmändigi ýa-da ýüzleý doga edendigi üçin ruhy taýdan gowşadymy? Ol uzak wagtlap erbet zatlaryň pikirini edip ýördümi? Ol erbet adamlar bilen dostlaşdymy ýa-da ýaramaz filmleri, wideolary görüp, aýdym-sazlary diňledimi? Onuň şu eden zatlary garaýşyna nähili täsir etdi? Ol günä edip, Ýehowany gynandyrandygyna düşünýärmi?
10 Ýaşulular adama şeýle soraglary berip, onuň Ýehowa bilen dostlugynyň bozulmagyna we günä etmegine nämäniň sebäp bolandygyny düşündirmeli. Emma olar gerekmejek jikme-jiklikleri biljek bolup ýerliksiz soraglary bermeli däl (Nak. 20:5). Şeýle-de ýaşulular Natan pygamber ýaly mysallary gürrüň berip, günäkäre eden işine düşünmäge kömek edip biler. Belki, günäkär birinji gezek görşenlerinde eden işine utanyp gynanar, hatda toba etmegi hem mümkin.
11. Ýaşulular Isa Mesihiň göreldesine nädip eýerip biler?
11 Ýaşulular Isa Mesihiň göreldesine eýermeli. Isa ölümden direlensoň, tarsusly Sawula: «Sawul, Sawul! Meni näme üçin yzarlaýaň?» diýip, oýlandyryjy sorag berdi. Isanyň beren soragy Sawula edýän işiniň nädogrudygyna düşünmäge kömek etdi (Res. 9:3—6). I asyrda Tiýatira ýygnagynda Izabel atly erbet işleri edýän aýal bardy. Isa Mesih oňa «toba etmäge wagt berendigini» aýdýar (Ylh. 2:20, 21).
12, 13. Ýaşulular näme üçin günäkär hiç haçan toba etmez diýen netijä gelmeli däl? (Surata serediň).
12 Isa Mesihden görelde alýan ýaşulular belli bir netijä gelmäge howlukmaýar we günäkär hiç haçan toba etmez diýip pikir etmeýär. Käbirleri ýaşulular komiteti bilen birinji gezek görşende toba edýär. Käbirlerine bolsa köpräk wagt gerek bolýar. Şonuň üçin ýaşulular onuň bilen birnäçe gezek görşüp biler. Belki, birinji duşuşykdan soň günäkär ýaşulularyň aýdan zatlary hakda oýlanar, özüni kiçeldip Ýehowa doga eder we ötünç sorar (Zeb. 32:5; 38:18). Ikinji duşuşykda bolsa, günäkäriň ýüregi ýumşap ýaşulularyň maslahatyny kabul eder.
13 Ýaşulular günä eden adama toba etmäge kömek etmek üçin, onuň ýagdaýyna düşünjek bolýar we mähirli gepleşýär. Olar Ýehowa gaýta-gaýta doga edýär, günäkärden umydyny üzmeýär. Olar Ýehowanyň tagallalaryna ak pata berjekdigine we günäkäre akylyna aýlanyp, toba etmäge kömek etjekdigine ynanýar (2 Tim. 2:25, 26).
14. Günä eden adam toba etse, kime alkyş aýtmaly we näme üçin?
14 Günä eden adam toba etse, hemmämiz begenýäris (Luka 15:7, 10). Elbetde, ýaşulular oňa kömek etmek üçin elinde baryny edýärler. Emma alkyşa, öwgä diňe Ýehowa mynasyp. Sebäbi Pawlus resul 2 Timoteos 2:25-de Ýehowanyň günä edýänlere «toba etmäge mümkinçilik berýändigini» ýazdy. Öwrenmek üçin Mukaddes Kitapda şu aýada şeýle düşündiriliş berilýär: «Günä eden adamyň pikirini we garaýşyny adam däl-de, Ýehowa üýtgedýär. Şonuň üçin alkyşa diňe Ýehowa mynasyp. Pawlus resul toba etmegiň gowy netijesi barada aýdyp geçýär: günä eden adam hakykata has-da gowy düşünip başlaýar, akylyna aýlanýar we Şeýtanyň torundan halas bolýar» (2 Tim. 2:26).
15. Ýaşulular toba eden günäkäre aýaga galmaga nädip kömek edýärler?
15 Günä eden adam toba edensoň, ýaşulular oňa birnäçe gezek çopançylyk idegini edýärler. Şeýtanyň duzaklaryna garşy göreşmäge, dogry ýoldan ýöremäge kömek edýärler (Ýew. 12:12, 13). Elbetde, ýaşulular adamyň nähili günä edendigini hiç kime aýtmasalar-da, dogan-uýalara käbir zatlary habar bermeli bolýarlar.
«HEMMELERIŇ ÖŇÜNDE KÄÝINÇ BER»
16. Pawlus 1 Timoteos 5:20-de «hemmeler» diýende kimleri göz öňüne tutdy?
16 1 Timoteos 5:20-ni okaň. Pawlus resul ýaşuly dogan Timoteosa günä eden adama «hemmeleriň öňünde käýinç ber» diýip maslahat berdi. Pawlus «hemmeler» diýende günäkäriň eden işini bilýän we ýaşululara habar beren adamlary göz öňüne tutdy. Ýaşulular diňe şol adamlara günäkäriň işine seredendiklerini we käýinç berendiklerini aýdyp biler.
17. Käbir ýagdaýlarda ýaşulular günäkär hakda ýygnakda nähili bildiriş etmeli bolýar we näme üçin?
17 Käbir ýagdaýlarda Pawlusyň «hemmeler» diýen sözi tutuş ýygnagy aňladýar. Sebäbi adamyň eden agyr günäsini dogan-uýalaryň köpüsi bilýändir ýa-da gelejekde bilmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda ýaşulular günäkäre käýinç berlendigi hakda ýygnakda bildiriş etmeli. Şonda «beýlekiler sapak edinerler».
18. Kämillik ýaşyna ýetmedik çaga günä etse, ýaşulular onuň işine nädip seredýär? (Surata serediň).
18 Kämillik ýaşyna ýetmedik suwa çümdürilen mesihçi agyr günä etse näme? Onda ýaşulular maslahaty onuň bilen görüşjek iki ýaşulyny bellär. Iki ýaşuly onuň bilen mesihçi ene-atasynyň ýanynda gürleşer b. Olar ene-atasynyň çaga kömek etmek üçin nämeler edendigini biljek bolar. Eger çaganyň garaýşy gowy bolsa, ene-atasy hem gerekli kömegi berýän bolsa, onda iki ýaşuly çaganyň işine seretmek üçin ýaşulular komitetini düzmegiň geregi ýok diýen karara gelip biler. Sebäbi Ýehowa ene-atalara çagasyna terbiýe bermegi, düzetmegi tabşyrdy (5 Mus. 6:6, 7; Nak. 6:20; 22:6; Efes. 6:2—4). Günä eden çaga gerekli ruhy kömegiň berilýändigine göz ýetirmek üçin ýaşulular ene-atasy bilen wagtal-wagtal habarlaşyp durar. Eger çaga günä etmegini dowam etse näme? Onda ýaşulular komiteti günä eden çaga we ene-atasy bilen görşer.
«ÝEHOWA ÖRÄN MÄHIRLI WE REHIMDAR HUDAÝ»
19. Ýaşulular Ýehowadan nädip görelde alýarlar?
19 Ýaşulular komitetiniň maksady ýygnagy ruhy taýdan arassa saklamak (1 Kor. 5:7). Emma olar günäkäre toba etmäge kömek etmek üçinem elinde baryny edýärler. Ýaşulular günäkär eden işine öküner, garaýşyny üýtgeder diýip umyt edýärler. Olar «örän mähirli we rehimdar Hudaý» Ýehowanyň göreldesine eýerýärler (Ýak. 5:11). Goja Ýahýa resulam Ýehowanyň rehimdarlygyndan görelde alyp şeýle diýýär: «Balalarym, şu haty günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Eger biri günä etse, Atanyň ýanynda kömekçimiz dogruçyl Isa Mesih bardyr» (1 Ýah. 2:1).
20. Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?
20 Gynansak-da, käte günä eden mesihçi toba etmeýär. Şeýle ýagdaýda ony ýygnakdan çykarmaly bolýar. Şonda ýaşulular nähili hereket etmeli? Indiki makalada şu barada gürrüň ederis.
103-NJI AÝDYM Çopanlar Hudaýyň berekedi