Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

29-NJY MAKALA

121-NJI AÝDYM Özüňe erk etmeli

Synaga düşmez ýaly oýa boluň

Synaga düşmez ýaly oýa boluň

«Synaga düşmez ýaly oýa bolup, dyngysyz doga ediň» (Mat. 26:41).

ESASY PIKIR

Biz günä etmeli däl we günä eltýän ýagdaýlardan gaça durmaly.

1, 2. a) Isa pygamber şägirtlerine näme maslahat berdi? b) Şägirtler näme üçin beren sözünde durmady? (Surata serediň).

 ISA PYGAMBER: «Ýürek yhlasly, ýöne beden ejiz» diýdi a (Mat. 26:41b). Hawa, Isa pygamber bikämil adamlaryň ýagdaýyna gowy düşünýärdi. Şol sebäpli ol: «Synaga düşmez ýaly oýa bolup, dyngysyz doga ediň» diýip maslahat berdi (Mat. 26:41a). Diýmek, şägirtler Hudaýa wepaly bolmak üçin öz güýjüne bil baglamaly däldi. Şol güni şägirtler agzyny dolduryp, Halypasyna: «Seniň bilen ölmeli bolsak-da, senden asla ýüz döndermeris» diýdiler (Mat. 26:35). Olar muny ak ýürekden aýdypdylar, Halypasyny gowy görýärdiler. Emma olar synaga düşende wepaly boldularmy?

2 Gynansak-da, şägirtler Isa pygamberiň «oýa boluň» diýen maslahatyna eýermediler. Duşmanlar Isany tussag etmäge geldiler. Şonda ölmäge taýyn bolan şägirtler sözünde durdularmy? Ýok, olar Halypasyny taşlap gaçyp gitdiler (Mat. 26:56).

Isa pygamber şägirtlerine «synaga düşmez ýaly oýa bolmagy» tabşyrdy, emma olar Halypasyny taşlap gitdiler (1, 2-nji abzaslara serediň).


3. a) Biz näme üçin özümize çendenaşa göwnümiz ýetmeli däl? b) Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Biz: «Hemişe Hudaýa wepaly bolaryn, synagda berk duraryn» diýip, çendenaşa özümize göwnümiz ýetmeli däl. Elbetde, biz Ýehowa bilen dostlugymyzy hiç kime we hiç zada bozdurmarys. Emma biz bikämil, käte synaglarda ejizlemegimiz mümkin (Rim. 5:12; 7:21—23). Eger biz seresap bolmasak, ajy zatlar süýji bolup görner, ýagny haram işlere höwes edip başlarys. Biz Isa pygamberiň «oýa boluň» diýen maslahatyna eýersek Ýehowa we Halypamyza wepaly bolarys. Şu makalada üç soragyň jogabyny bileris: ejizlikleriňi nädip bilmeli? Synagda Hudaýa wepaly bolar ýaly näme etmeli? Her gün oýa bolmaga näme kömek eder?

EJIZ TARAPLARYŇYZY BILIŇ

4, 5. Hudaýyň kada-kanunlaryny bozýan adama näme bolar?

4 Belki, mesihçi agyr günä edýän däldir, emma Ýehowanyň kada-kanunlaryny gaýta-gaýta bozýandyr. Eger ol şeýle etmegini goýmasa, Ýehowa bilen dostlugy bozular we agyr günäniň duzagyna düşer.

5 Biz erbet zatlary höwes edip bileris, sebäbi her bir adamyň öz ejiz we gowşak tarapy bolýar. Käbirleri agyr günä hasaplanýan zatlary hem höwes edýär. Meselem, käbirleri ahlaksyzlyk we ten höwesleri bilen göreşýär, käbirleri pornografiýa görmek ýa-da masturbasiýa etmek ýaly erbet endiklerini goýmak üçin jan edýär. Başgalary bolsa adamdan gorkup ýagşy işleri etmäge ýaýdanýar. Käbirleri özdiýenli ýa-da gaharyna erk edip bilmeýär. Ýakup şägirt: «Her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar» diýdi (Ýak. 1:14).

6. Biz nämäni boýun almaly?

6 Siz öz ejiz taraplaryňyzy bilýäňizmi? Belki, siz: «Men ejiz däl, güýçlüdirin. Synaglarda ýykylmaryn» diýip, özüňize göwnüňiz ýetýändir (1 Ýah. 1:8). Pawlus resul «ruhy taýdan ösenleriň» hem seresap bolmasa, synagda ýykylyp biljekdigini aýtdy (Gal. 6:1). Gadyrly dogan-uýalar, öz-özümizi aldamalyň, ejiz tarapymyzy boýun alalyň (2 Kor. 13:5).

7. Ejizlikleriňi bilenden soňra näme etmeli? Mysal getiriň.

7 Ejiz tarapyňyzy bilenden soňra ätiýaçly boluň, ejizlikleriňiz bilen göreşer ýaly hemişe taýyn boluň. Gadymy döwürde berk galalaryň ejiz tarapy derwezeleri bolupdyr. Şol sebäpli esgerler derwezeleri gije-gündiz garawullapdyr. Biz hem ejiz tarapymyzy bilenimizden soňra synaga düşmez ýaly hemişe oýa bolmaly (1 Kor. 9:27).

HUDAÝA WEPALY BOLUŇ

8, 9. Ýaş ýigit günäniň duzagyna düşmez ýaly näme edip bilerdi? (Nakyllar 7:8, 9, 13, 14, 21).

8 Synaga düşmez ýaly näme etmeli? Nakyllar 7-nji bapda ýaş ýigit barada gürrüň edilýär. Ol azgyn aýal bilen ahlaksyzlyk edýär. Nakyllar 7:22-de ýigidiň «şol bada» ahlaksyz aýalyň yzyna düşendigi aýdylýar. Aýatda «şol bada» diýen jümle ýigidiň azgyn aýala tötänden duşup, süýji sözlerine derrew yrlandygyny görkezýär. Emma baby tutuşlygyna okasaň, ýigidiň ahlaksyz aýala duşmak üçin birnäçe ädim ädendigine göz ýetirýärsiň.

9 Ýaş ýigit näme üçin günäniň duzagyna düşdi? Gün ýaşyp, garaňky düşüpdi. Ýigit ahlaksyz «aýalyň öýüne golaý çatryga bardy» (Nakyllar 7:8, 9-njy aýatlary okaň). Ol aýalyň öýüne tarap howlugyp başlady. Ýigit aýaly görende yzyna dolanyp bilerdi, emma ol beýle etmedi. Aýal ýigidi gujaklap öpdi, ýigit bolsa hiç hili garşylyk görkezmedi. Soňra aýal: «Parahatlyk gurbanlyklaryny berdim» diýip, süýji sözler bilen ýigidiň göwnüni awlady. Ýigit: «Gurbanlyk beren bolsa, ýagşy niýetli aýal ekeni» diýip, pikir eden bolmaly (Nakyllar 7:13, 14, 21-nji aýatlary okaň). Ýigit seresap bolan bolsady, aýalyň duzagyna düşmezdi we agyr günä etmezdi.

10. Adam nädip günäniň duzagyna düşýär?

10 Süleýman patyşanyň gürrüň beren wakasyndaky ýigit ýaly her bir mesihçi günäniň duzagyna düşüp biler. Agyr günä eden adam: «Men näme edip, näme goýanymy bilmedim, bary tötänden boldy» diýmegi mümkin. Emma ol gowy oýlansa, günä etmezden öň birnäçe ýalňyş ädim ädendigine göz ýetirer. Belki, ol erbet täsir edýän adamlar bilen tirkeşendir, erbet wideolary görendir, internet sahypalaryna girendir, aýdymlary diňländir, erbet ýerlere dynç almaga barandyr. Şeýle-de Ýehowa doga etmegini goýandyr, Mukaddes Kitaby her gün okaýan däldir, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barýan däldir, wagyz etmegini goýandyr. Görşümiz ýaly, agyr günä eden mesihçi «tötänden boldy» diýip, öz-özüni aldaýar.

11. Biz nämeden gaça durmaly?

11 Biz näme sapak edinmeli? Mesihçi günä eltýän her bir ädimden gaça durmaly. Süleýman patyşa ýigit baradaky wakany gürrüň berip: «Ahlaksyz aýalyň... ýodalaryna aýak basaýma» diýip duýdurdy (Nak. 7:25). Şeýle-de ol: «Azgyn aýaldan... uzakda dur, gapysynyň deňinden hem geçme» diýip maslahat berdi (Nak. 5:3, 8). Gadyrly dogan-uýalar, öz ejiz tarapyňyzy biliň, günä tarap ýekeje ädim hem ätmäň b. Siz Mukaddes Kitapda käbir zatlar ýazgarylmaýar diýip, özüňizi aldamaň, ejiz tarapyňyzy göz öňünde tutup, özüňizi goraň (Mat. 5:29, 30).

12. Eýýup pygamber günäniň duzagyna düşmez ýaly näme etdi? (Eýýup 31:1).

12 Biz öz ejiz tarapymyzy bilip, günä tarap ýekeje ädim ätmezligi ýüregimize berk düwmeli. Eýýup pygamber hem gelin-gyzlara azgyn höwes bilen bakmazlygy ýüregine berk düwüp: «Men gözlerim bilen äht baglaşdym» diýdi (Eýýup 31:1-i okaň). Ol her gün ähtine görä ýaşandygy üçin zyna etmedi, aýalyna wepaly boldy. Biz Eýýup pygamberiň göreldesine eýersek, Ýehowa wepaly bolarys we günäniň duzagyna düşmeris.

13. Biz näme üçin pikirimizi arassa saklamaly? (Surata serediň).

13 Biz pikirimizi arassa saklamaly (2 Mus. 20:17). Käbirleri: «Erbet zatlar hakda oýlanmagyň, göz öňüne getirmegiň hiç hili zyýany ýok, esasy zat, erbetlik etmeseň bolýar» diýip pikir edýär. Emma olar gaty ýalňyşýar. Olar erbet zatlar hakda pikir etseň, şol zady etmäge höwesiň has güýjeýändigine düşünmeýär. Şeýlelikde, olar otdan gaçmagyň deregine, özüni oda atýar. Hawa, biziň ählimiz bikämil. Biz islesek-de, islemesek-de, aňymyza erbet pikirler gelip biler, emma olary derrew köki-damary bilen sogurmaly we ýagşy zatlar hakda oýlanmaly. Şonda biz aňymyzy zäherlemeris we günäniň duzagyna düşmeris (Flp. 4:8; Kol. 3:2; Ýak. 1:13—15).

Biz günä tarap ýekeje ädim ätmezligi ýüregimize berk düwmeli (13-nji abzasa serediň).


14. Synagda berk durmaga näme kömek eder?

14 Biz synagda berk durar ýaly näme etmeli? Biz Ýehowanyň kada-kanunlaryna gulak asmagyň hemişe peýdalydygy hakda oýlanmaly. Biz erbet pikirler däl-de, Ýehowa ýaraýan zatlar hakda pikirlenmek üçin tagalla etmeli. Şonda kalbymyz rahat bolar we synagda berk durarys.

15. Biz näme üçin ýagşy zatlar hakda oýlanmagy endik etmeli?

15 Biz ýagşy zatlar hakda oýlanmagy endik edinmeli. Mukaddes Kitapda: «Erbetligi ýigreniň, ýagşylygy söýüň» diýilýär (Amos 5:15). Biz şu maslahata eýersek garaşylmadyk synaglarda ýykylmarys. Ýagşy zatlar hakda oýlansak imany berk mesihçi bolarys we Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düweris.

16. Imanyňy berkidýän işleri etmegiň nähili peýdasy bar? (Surata serediň).

16 Biz imanyňy berkidýän işlere ýapyşsak, hemişe ýagşy zatlar hakda pikir ederis. Biz ýygnak duşuşyklaryna baranymyzda ýa-da wagyz edenimizde erbet zatlaryň pikirini edýän däldiris, gaýtam Ýehowany begendirýän zatlar hakda oýlanýandyrys (Mat. 28:19, 20; Ýew. 10:24, 25). Hudaýyň Sözüni okanymyzda ýagşylygy söýmegi we erbetligi ýigrenmegi öwrenýäris (Ýuşa 1:8; Zeb. 1:2, 3; 119:97, 101). Isa pygamber: «Synaga düşmez ýaly oýa bolup, dyngysyz doga ediň» diýip maslahat berdi (Mat. 26:41). Biz Ýehowa her gün doga-dileg etsek synaglarda berk durarys we Ony razy edip ýaşarys (Ýak. 4:8).

Biz imanyňy berkidýän işlere ýapyşsak, günäniň duzagyna düşmeris (16-njy abzasa serediň) c.


HEMIŞE OÝA BOLUŇ

17. Petrus resul nähili ejizligi bilen göreşdi?

17 Biz käbir erbet endiklerden saplanan hem bolsak, käbirleri bilen henizem göreşip ýaşaýandyrys. Geliň, Petrus resul hakda gürrüň edeliň. Ol adamlardan gorkup, Isa pygamberden üç sapar ýüz öwürýär (Mat. 26:69—75). Emma birnäçe wagtdan soňra ol Mejlisiň öňünde batyrgaýlyk bilen wagyz etdi (Res. 5:27—29). Petrus adamdan gorkusyny doly ýeňdimi? Ýok! Bir güni ol «sünneti goldaýanlardan gorkup, başga milletlileriň ýanyndan aýrylyp, olar bilen gepleşmegini-de goýdy» (Gal. 2:11, 12). Görşümiz ýaly, Petrus şu ejizligi bilen bütin ömrüne göreşen bolmaly.

18. Biz näme üçin käbir endiklerimiz bilen bütin ömrümize göreşmeli bolarys?

18 Belki, siz käbir erbet endigiňizden saplanandyryn öýdýänsiňiz. Emma Petrus resul ýaly käbir endikleriňiz bilen bütin ömrüňize göreşmeli bolarsyňyz. Bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Men on ýyllap pornografiýany görmedim. Şonuň üçin nejis endigimi ýeňendirin öýtdüm. Ýöne men ýalňyşypdyryn. Ol edil amatly pursada garaşyp ýatan wagşy haýwan ýaly birden „topuldy“». Emma dogan gol gowşuryp oturmady, erbet endigi bilen her gün göreşdi, hatda oňa aýaly we ýygnak ýaşululary kömek etdi. Hawa, käbir erbet endikler bilen ömrümiziň ahyryna çenli göreşmeli bolarys.

19. Bize aýgytly göreş alyp barmaga näme kömek eder?

19 Käte ýeňdim diýen endiklerimiz ýene ýüze çykyp biler. Şol sebäpli Isa pygamber hemişe «oýa bolmagy» maslahat berdi. Biziň imanymyz berk bolsa-da, ätiýajy elden bermeli däl (1 Kor. 10:12). Biz synaga düşmez ýaly öňünden näme etjekdigimiz barada oýlanmaly. 2 Petrus 3:14-de: «Hudaýyň öňünde päk, ýazyksyz bolmaga... jan ediň» diýilýär.

ÝEHOWANYŇ SYLAGY

20, 21. a) Bize nähili sylag garaşýar? b) Ýehowa bize nämäni wada berýär? (2 Korinfliler 4:7).

20 Gadyrly dogan-uýalar, geliň, erbet endiklerimiz, häsiýetlerimiz we ejizliklerimiz bilen göreşeliň. Günä «wagtlaýyn lezzet» berýär, emma Ýehowanyň kada-kanunlary ebedilik bagtly edýär (Ýew. 11:25; Zeb. 19:8). Biz günäniň guly bolmak üçin däl-de, halal ýaşamak üçin ýaradyldyk (1 Mus. 1:27). Biz Allatagalany razy edip ýaşasak, ynsabymyz arassa bolar, ebedi ýaşaýşa barýan ýoldan ynamly ädimler bilen ýöräris (1 Tim. 6:12; 2 Tim. 1:3; Ýahd. 20, 21).

21 Hawa, «beden ejiz», emma biz ýeke däl, arkamyzda Gudratygüýçli Allatagala dur (2 Korinfliler 4:7-ni okaň). Ol bize gerekli güýji berer. Ýöne biz gol gowşuryp oturmaly däl, günäniň duzagyna düşmez ýaly elimizde baryny etmeli. Şonda Ýehowa biziň doga-dilegimize jogap berer, synaga döz gelmäge güýç-kuwwat berer (1 Kor. 10:13) Gadyrly dogan-uýalar, biz Ýehowanyň kömegi bilen hökman ýeňiş gazanarys.

47-NJI AÝDYM Ýehowa her gün doga edeliň

a DÜŞÜNDIRILIŞ: Matta 26:41-de «ýürek» diýlende adamyň niýeti, «beden» diýlende adamyň bikämilligi göz öňünde tutulýar. Adam ýagşy niýetli bolsa-da, seresap bolmasa synaga düşende ýykylyp biler.

b Agyr günä eden adam «Ebedi ýaşaň!» kitabyny (lff 57-nji sapak, giriş, 1—3-nji sözbaşy) we «Garawul diňi» žurnalynyň «Geçmişe däl-de, gelejege serediň!» diýen makalasyny okap biler (w20.11 sah. 27—29, abz. 12—17).

c SURATYŇ BEÝANY: dogan ir bilen günüň aýatyny okaýar; işde arakesme wagty Mukaddes Kitaby okaýar; hepdäniň başyndaky duşuşyga gatnaşýar.