Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GÖZLEG GEÇIRIŇ

Esasy pikiri gaýtalaň

Esasy pikiri gaýtalaň

«Irdenki okan zadym häzir ýadyma düşenok». Sizem şeýle diýipdiňizmi? Okan temaň ýadyňdan çykmaz ýaly näme etmeli? Esasy pikirleri gaýtalamaly.

Siz makalany okanyňyzdan soňra birsalym durup, onuň esasy pikirleri hakda oýlanyň. Pawlus resul imandaşlaryna hat ýazanda, olaryň ünsüni esasy pikire çekmek üçin: «Biziň aýtmak isleýän esasy zadymyz şudur» diýýär (Ýew. 8:1). Ol şeýle etmek bilen pikirleriň tema bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny düşündirdi.

Siz makalany okanyňyzdan soňra 10 minut ýaly oýlanyň we esasy pikirleri ýatlajak boluň. Eger esasy pikirler ýadyňyza düşmese, sözbaşylaryna göz aýlaň ýa-da abzasyň birinji sözlemini okaň. Adatça, birinji sözlemde abzasyň esasy pikiri agzalýar. Soňra okan zatlaryňyzy öz sözleriňiz bilen dogan-uýalara gürrüň beriň. Şonda okan zatlaryňyz ýadyňyzda galar we durmuşda ulanyp bilersiňiz.