Ýigrenç hemme ýere ýaýran
Ýigrenç edil ýokanç kesel ýaly, ol ýer ýüzüniň hemme ýerine ýaýrady.
Biz täzeliklerde adamlary kemsidilip aýdylýan sözleri eşidýäris, hatlary okaýarys, ýigrenç sebäpli jenaýat işleriniň edilýändigini görýäris ýa-da adamlarda ýigrenç döretmek üçin Internete goýulýan her dürli maglumatlara duş gelýäris. Şeýle-de köp adamlary ala tutýarlar, milletparazlyk, zorluk-sütem edýärler, olaryň elinden zadyny gaňryp alýarlar. Görşümiz ýaly, adamlaryň arasyndaky söýgi, adamkärçilik gün-günden ýitip barýar.
Şu žurnalda ýigrenji nädip köki bilen sogrup aýryp bolýandygy düşündirilýär. Dogrudanam, islendik adam ýüregindäki ýigrenji aýryp bilýär. Bütin dünýäde ýüregindäki ýigrenji aýryp, adamlary söýmegi öwrenenler örän köp.