Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Biz ýigrenji aýryp bileris!

Biz ýigrenji aýryp bileris!

Sizi kimdir biri ýigrendimi? Ýa-da siziň özüňiz kimdir birini ýigrendiňizmi?

Belki-de, siz täzeliklerde adamlaryň biri-birini ýigrenýändigi hakdaky habarlary eşidýänsiňiz. Köpler ýurdy, tire-taýpasy tapawutlanýan adamlary ýa-da bir jynsdaky adamlar bilen jynsy gatnaşyk edýänleri ýek görýärler. Ýigrenç sebäpli döreýän jenaýat işleriniň öňüni almak üçin hökümet ýolbaşçylary kanunlary çykarmaly bolýarlar.

Ýigrenje hemişe ýigrenç bilen jogap berilýär. Birini ýigrenseň, oňa zyýan ýetirýärsiň. Olam seni ýigrenip, ar almak islär. Ýigrenç edil sagat ýaly, ony saklamasaň aýlanyp durýar.

Siz adamlaryň bir-birini ala tutýandygyny, kemsidýändigini, üstünden gülýändigini, ýaňsylaýandygyny görensiňiz. Ýöne ýigrenç sebäpli käte has erbet işler edilýär. Meselem, adamlar guduzlan it ýaly topulýarlar, köpçülikde masgaralaýarlar, mertebesini peseldýärler, zadyny alýarlar, urup ýençýärler, öldürýärler, hatda tohum-tijini gyrmakdanam gaýtmaýarlar.

Şu žurnalda ýigrenji nädip aýryp bolýandygy we şu soraglaryň jogaby aýdylýar:

  • Adamlar näme üçin biri-birini ýigrenýär?

  • Ýüregiňdäki ýigrenji nädip aýyrmaly?

  • Adamlaryň biri-birini ýigrenmejek günleri gelermi?