Ýokary bilim we baýlyk bagtly edýärmi?
Adamlaryň köpüsi ýokary bilimli we baý bolsaň, bagtly ýaşap bolar diýip pikir edýärler. Olar ýokary bilimli adamyň işine ökdedigini, jemgyýete, köpçülige peýda berýändigini we maşgalasynyň bolelin ýaşaýandygyny görýärler. Şol sebäpli olar bagtly bolmak we wezipeli işde işläp, köp pul gazanmak üçin ýokary bilimli bolmaly diýip pikir edýärler.
KÖP ADAMLARYŇ SAÝLAN ÝOLY
Hytaýda ýaşaýan Žan Çen şeýle diýýär: «Men uniwersiteti tamamlasam, diplom alsam, zada zar bolmaryn, köp aýlyk alaryn we bagtly ýaşaryn diýip pikir edýärdim».
Ýaşlaryň köpüsi dünýä belli uniwersitetlerde okamak isleýärler. Olar daşary ýurda gitmäge-de taýyn bolýarlar. Koronawirus keseli (COVID-19) ýaýramazdan öň daşary ýurtda okaýan oglan-gyzlar köpdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň 2012-nji ýylda beren hasabatynda şeýle diýilýär: «Daşary ýurtda okaýan talyplaryň 52 göterimi aziýaly».
Ene-atlar çagalaryny daşary ýurtda okatmak üçin köp çykdajy edýär. Taýwanda ýaşaýan Çan şeýle gürrüň berýär: «Biz dört dogan. Ene-atam baý däl, emma olar dördümizi hem ABŞ-a okuwa iberdi». Hawa, ene-atalaryň köpüsi çagalarynyň okuw tölegini tölemek üçin bergä batýarlar.
PEÝDASY BARMY?
Ýokary bilimli adam gowy ýaşasa-da, ähli arzuw-islegine ýetip bilmeýär. Ol bergä-borja batyp, birnäçe ýyl uniwersitetde okaýar we ýokary bilim alýar, ýöne arzuw eden kärinde işläp bilmeýär. Singapurda ýaşaýan žurnalist Reýçel Muýi: «Ýokary okuw jaýyny tamamlap, iş tapman ýören oglan-gyzlaryň sany gün-günden köpelýär» diýýär («Business Times»). Taýwanda ýaşaýan ylymlaryň doktory Jianji şeýle diýýär: «Ýokary bilimli adamlaryň köpüsi öz ugrundan iş tapman kösenýär, olaryň tapan işine kaýyl bolmakdan başga çäresi galmaýar».
Köp adamlar öz ugrundan iş tapsa-da, arzuw eden durmuşyna ýetip bilmediler. Tailandda ýaşaýan Niran atly oglan Beýik Britaniýada ýokary bilim alýar. Soňra okuwyny tamamlap, watanyna dolanýar we öz ugrundan işläp başlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Elimde diplomym bolansoň, gowy aýlykly iş tapdym. Emma men gijämi gündiz edip işlemeli bolýardym. Birnäçe wagtdan soň işgärleriň sanyny azaltdylar. Meni we köp işçileri işden çykardylar. Men durmuşda hemme zadyň, hatda işiň hem geldi-geçerdigine göz ýetirdim».
Baý adamlar gowy ýaşaýar, emma olar hem keselleýär, maşgalasynda kynçylyk bolýar, ykdysadyýetiň pese düşmegi sebäpli zyýan çekýär. Ýaponiýada ýaşaýan Katsutoşi şeýle gürrüň berýär: «Meniň pulum köpdi, zada zar däldim. Emma işde bolýan bäsdeşlik, göriplik we kemsidiji sözler durmuşyma awy gatdy». Wýetnamda ýaşaýan Lam atly gelin şeýle diýýär: «Baýlyk köp zatdan goraýar diýýärler. Aslynda, tersine ekeni. Puluň köp bolsa gorkuda ýaşaýarsyň, her dürli kesellere ýolugýarsyň ýa-da göwnüçökgünlige düşýärsiň».
Frenklin ýaly köp adamlar baýlykdan we ýokary bilimden has wajyp zatlaryň bardygyna göz ýetirdiler. Olar adamy baýlygyň däl-de, sogap işleri etmegiň bagtly edýändigine düşündiler. Şol sebäpli olar halal ýaşamak we dogruçyl bolmak üçin elinde baryny edýärler. Emma halal ýaşaýanlar bagtly bolup bilýärmi? Şu soragyň jogabyny indiki makalada bileris.