Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gelejegiňiz öz eliňizde

Gelejegiňiz öz eliňizde

Takmynan 3 500 ýyl mundan öň, Ýehowa Hudaý ysraýyllara bagtly ýaşamak üçin näme etmelidigi hakda şeýle diýdi: «Öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we gargyş goýýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda özüňiz-de, nesilleriňiz-de uzak ömür sürer» (5 Musa 30:19).

Ysraýyl halky bagtly ýaşamak üçin dogry karara gelmelidi. Biziň hem öňümizde saýlaw bar. Mukaddes Kitapda bagtly ýaşamak üçin: «Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp, gulak asyň» diýilýär (5 Musa 30:20).

ÝEHOWANY SÖÝÜP, OŇA GULAK ASMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

MUKADDES KITABY OKAŇ. Ýehowa Hudaýa iman etmek üçin Mukaddes Kitaby okamaly we Ony gowy tanamaly. Şonda siz Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygyna we adamlara ýagşylyk etmek isleýändigine göz ýetirersiňiz. Allatagala siziň doga-dileg etmegiňize garaşýar. Ol siziň «aladaňyzy etmäge» hemişe taýyn (1 Petrus 5:7). Mukaddes Kitapda: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýakup 4:8).

DURMUŞYŇYZDA ULANYŇ. Biz Mukaddes Kitabyň maslahatyna eýersek, hak Alla gulak asarys. «Şonda paýhasly hereket ederis, edenimiz ugruna bolar» (Ýuşa 1:8).