OÝANYŇ! № 2 2018 | Maşgalany bagtly edýän 12 maslahat
Maşgalany bagtly edýän 12 maslahat
Şu günler köp maşgalalaryň agzaladygyny eşidýäris. Ýöne maşgalany nädip agzybir hem bagtly edip bolýarka?
1990—2015-nji ýyllaryň hasabatyna görä, ABŞ-da aýrylyşýanlaryň sany 50 ýaşdan geçenleriňki iki esse, 65 ýaşdan geçenleriňki bolsa üç esse artdy.
Käbir bilimli adamlar ene-atalara çagalaryň diýen zadyny etmeli diýip öwretse, käbirleri çagalary berk tutmaly, diýeniňi etdirmeli diýip maslahat berýärler.
Ýaşlar hem paýhasly bolup, dogry karara gelip bilmeýärler.
Ýöne şeýle kynçylyklaryň çözgüdi bar.
Är-aýallar ömrüniň ahyryna çenli bagtly ýaşap bilýär.
Ene-atalar çagalaryna söýgi bilen terbiýe berip bilýär.
Ýaşlar hem paýhasly karara gelip bilýär.
Žurnalyň şu sanynda maşgalany bagtly edýän 12 maslahat berilýär.
1. Wepalylyk
Ýanýoldaşyňyza wepaly bolmaga kömek etjek üç maslahata eýeriň.
2. Agzybirlik
Ýanýoldaşyňyz bilen bir öýden girip çykýan ýat adam däl-de, agzybir är-aýal boluň.
3. Hormat goýmak
Ýanýoldaşyňyzyň gadyryny bilip, hormat goýýanyňyzy görkeziň.
4. Geçirimlilik
Ýanýoldaşyňyzyň gowy häsiýetlerine üns bermäge näme kömek eder?
5. Gürrüňdeş bolmak
Çagalaryňyz bilen dostlaşmaga kömek etjek üç maslahaty biliň.
6. Terbiýe bermek
Temmi bermek çaganyň özüne bolan ynamyny gaçyrýarmy?
7. Gylyk-häsiýet
Siz çagalaryňyza nähili gylyk-häsiýetleri öwredýärsiňiz?
8. Görelde
Çagalaryňyzyň gulak asmagyny isleseňiz, aýdýan sözleriňiz bilen edýän işleriňiz deň gelmeli.
9. Özboluşlylyk
Ýaşlar nädip öz ynanýan zatlarynda berk durup biler?
10. Ynamdar bolmak
Ene-ataň ynamyna girseň, ulalaňda-da köp peýdasy deger.
11. Zähmetsöýerlik
Ýaşlygyňdan zähmetsöýer bolmagy öwrenseň, durmuşda köp peýda berer.
12. Maksat goýmak
Maksatlaryňa ýeteniňde, özüňe bolan ynamyň artýar, adamlar bilen dostlaşýarsyň we özüňem begenýärsiň.
Maşgala kömek edýän maslahatlar
Mukaddes Kitapdaky maslahatlar maşgalany bagtly etmäge kömek edýär.