Duýgudaş boluň
Näme üçin?
Adamlaryň aýratynlygyna aşa köp üns bersek, olary äsgermeris, adam sanynda görmeris. Şonda biz adamkärçiligimizi ýitireris, duýgudaş bolup bilmeris we adamlary ala tutup başlarys.
Mukaddes Kitapdaky maslahat
«Şatlanýanlar bilen şatlanyň, aglaýanlar bilen aglaň» (RIMLILER 12:15).
Aýadyň manysy: bir söz bilen aýdanyňda, duýgudaş bolmaly. Duýgudaş adam başgalaryň derdini duýup bilýär.
Duýgudaş bolmagyň nähili peýdasy bar?
Biz duýgudaş bolsak, hemmeleriň özümiz ýaly adamlardygyna düşüneris. Olar hem biziň ýaly gülýärler, aglaýarlar, begenýärler we gynanýarlar. Biz Allatagalanyň ähli adamlary bir gandan, bir jandan ýaradandygyna haýran galýarys. Biz ähli adamlaryň aslynyň birdigine düşünsek, hiç kime kembaha garamarys, gaýtam duýgudaş bolarys.
Biz duýgudaş bolsak, adamlar bilen sylaşykly bolarys. Senegalda ýaşaýan Anna-Meri garamaýak adamlary äsgermeýärdi. Ýöne Anna-Meri olara duýgudaşlyk bildirip, garaýşyny üýtgetdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men garamaýak adamlaryň gün-güzeranyny zordan görýändigi hakda oýlanyp: „Olaryň ýerine men bolan bolsam näme ederdim?“ diýýärdim. Şonda özümiň olardan artyk däldigime düşünip: „Men özümi olardan beýgelder ýaly näme edipdirin?“ diýýärdim». Eger biz adamlaryň çekýän jebir-jepasyny duýsak, olaryň mertebesini peseltmän, derdine derman bolarys.
Näme edip bileris?
Biz bir taýpanyň aýratynlygyna aşa köp üns bersek, olara hormat goýmak kyn bolar. Şonuň üçin olaryň hem biziň ýaly adamdygy hakda oýlanalyň. Meselem, olar hem...
Biz duýgudaş bolsak, ähli adamlaryň bir atadan dörändigine düşüneris
maşgalasy bilen gülşüp-degişýär.
uzakly gün işläp ýadaýar.
dost-ýarlaryny myhmançylyga çagyrýar.
aýdym-saz diňlemegi gowy görýär.
Indi özümizi olaryň ýerine goýup göreliň. Şu soraglar hakda oýlanalyň:
Eger men şol taýpadan bolsam, adamlaryň maňa nähili garamagyny islärdim?
Adamlar meni gowy tanaman gepimi etseler, özümi nähili duýaryn?
Meni adam sanynda görmeseler, özümi nähili duýaryn?