Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Olar höwes bilen gulluk edýärler Nýu-Ýork

Olar höwes bilen gulluk edýärler Nýu-Ýork

BIRNÄÇE ýyl mundan öň Sezar bilen onuň aýaly Rosio Kaliforniýa ştatynda gowy ýaşaýardy. Sezar ýylydyjy, howany çalşyryjy we sowadyjy kärhanasynda uzakly gün işleýärdi. Rosio bolsa, ýarym gün hususy hassahanada işleýärdi. Olaryň öz jaýy bardy, çagalary ýokdy. Emma bir zat olaryň durmuşyna gaty täsir etdi. Näme?

2009-njy ýylyň oktýabr aýynda ABŞ-nyň filialy ýurduň ähli ýygnaklaryna hat ugratdy. Nýu-Ýork ştatynyň Uolkill şäherindäki filialy giňeltmek üçin kömek etmäge hünärmen dogan-uýalar Beýtele wagtlaýyn çagyryldy. Olaryň arasynda Beýtelde gulluk ederden ýaşy uly dogan-uýalar hem bardy. Sezar bilen Rosio: «Biz bu ýaşymyzda indi hiç haçan Beýtelde gulluk edip bilmejekdigimize düşünýärdik. Şol sebäpli mümkinçiligi elden gidirmek islemedik» diýýär. Şeýlelikde, olar derrew arza ýazýar.

Uorwikde meýletin işleýän käbir dogan-uýalar

Sezar bilen Rosionyň arza ýazanyna bir ýyldan gowrak wagt geçse-de, olar entegem Beýtele çagyrylmandy. Muňa garamazdan, olar durmuşyny sadalaşdyryp, ruhy maksatlaryna ýetmek üçin ädim ätdiler. Sezar şeýle gürrüň berýär: «Biz öýümizi kireýine berer ýaly, ýaşamak üçin garažymyzy oňardyk. Şeýdip, biz arzuw edip ýeten 200 kw m uly jaýymyzdan 25 kw m jaýa göçdük. Biziň şol uly jaýy guranymyza bary-ýogy iki ýyl bolupdy. Bu bizi Beýtelde gulluk etmek çakylygyny kabul etmäge öňünden taýýarlady». Soňra näme boldy? Rosio şeýle diýýär: «Kiçijik jaýymyza göçenimize bir aý bolansoň, bizi Uolkille wagtlaýyn gulluk etmäge çagyrdylar. Biz durmuşymyzy sadalaşdyransoň, Ýehowanyň bereket berendigine göz ýetirdik».

Jeýson, Sezar we Wilýam

OLARYŇ JANAÝAMAZLYGY SYLAGLANDY

Sezar bilen Rosio ýaly ýüzlerçe dogan-uýalar Nýu-Ýork ştatyndaky gurluşyk işine gatnaşmak üçin köp zatdan geçdiler. Olaryň birnäçesi Uolkillde filialy giňeldiş işine, käbirleri bolsa Uorwikde bütindünýä baş edaramyzyň gurluşygyna gatnaşýar *. Köp är-aýallar Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin gowy öýlerini, kärlerini, hatda öý haýwanlaryny hem goýup gaýtdylar. Ýehowa olaryň janaýamazlygyny sylagladymy? Elbetde, sylaglady!

Ueý

Mysal üçin, 60 ýaşlaryndaky elektrik dogan Ueý we onuň aýaly Debra Kanzas ştatyndaky öýüni we zatlaryny satyp, Uolkille göçdi. Olar filiala gatnap işleýärler *. Munuň üçin olar käbir zatlardan geçmeli bolsa-da, edýän işiniň şoňa degýändigine düşünýärler. Debra Beýtelde edýän işi barada şeýle diýýär: «Käte men özümi edebiýatlarymyzdaky suratlarda çekilen Jennetdäki gurluşyga gatnaşýan ýaly duýýaryn!»

Melwin bilen Şeron Uorwikdäki gurluşyk işine kömek etmek üçin, Günorta Karolina ştatyndaky jaýyny we zatlaryny satdylar. Bu zatlardan geçmek aňsat bolmasa-da, olar şeýle taryhy taslama gatnaşýandygyny uly hormat saýýarlar. Bu är-aýal: «Biz bütindünýä guramasyna peýdaly boljak işe gatnaşýandygymyza örän begenýäris» diýýär.

Kennet

55 ýaşlaryndaky pensiýa çykan gurluşykçy Kennet we onuň aýaly Morin Kaliforniýa ştatyndan Uorwikdäki gurluşyk işine gatnaşmak üçin geldiler. Bu ýere gelmek üçin, olar ýygnagyndaky bir uýadan öýüne seretmegi we dogan-garyndaşlaryndan Keniň gartaşan kakasynyň aladasyny etmegi haýyş etdiler. Indi olar ökünýärmi? Ýok, ökünmeýär! Ken şeýle diýýär: «Biz bol bereketleri aldyk. Elbetde, biziň kynçylyklarymyz bolsa-da, biz durmuşdan kanagat tapyp ýaşaýarys we gullugyň bu görnüşine gatnaşmagy hemmelere ak ýürekden maslahat berýäris».

KYNÇYLYKLARA DÖZ GELMEK

Gurluşyk işine gatnaşýanlaryň köpüsi käbir kynçylyklara döz geldiler. Meselem, Pensilwaniýa ştatynda ýaşaýan 60 ýaşlaryndaky Wilýam bilen Sandranyň maşyn şaýlaryny öndürýän kärhanasy bardy. Kärhanada 17 adam işleýärdi. Olar çagalygyndan bäri gulluk edýän ýygnagyna gatnaýardy we dogan-garyndaşlarynyň köpüsi şol ýerde ýaşaýardy. Şol sebäpli Uolkilde gulluk etmäge mümkinçilik dörände, olar hemmeler bilen hoşlaşyp, öwrenişen zatlaryny taşlap gitmeli boljakdygyna düşünýärdi. Wilýam: «Gowy durmuşymyzy goýup gitmek bize gaty agyr düşdi» diýýär. Emma är-aýal köp doga edip, göçmegi ýüregine düwdüler we olar muňa ökünmeýärler. Wilýam şeýle diýýär: «Beýtel maşgalasy bilen gulluk etmekden alýan şatlygymyzy hiç bir zat bilen deňäp bolmaýar. Sandra ikimiz hiç haçan şeýle bagtly bolmandyk!»

Uolkillde işleýän käbir mesihçi är-aýallar

Riki dogan Gawaýi ştatynda gurluşyk işlerinde ýolbaşçy bolup işleýärdi. Ony Uorwikdäki gurluşyga gatnap işleýän beýtelçi hökmünde çagyrdylar. Aýaly Kendra onuň bu çakylygy kabul etmegini isledi. Emma olar 11 ýaşly ogly Ýakup barada biynjalyk bolýardy. Olar: «Maşgalamyz bilen Nýu-Ýork ştatyna göçmek paýhasly bolarmy we oglumyz täze ýere öwrenişermi?» diýip alada edýärdiler.

Riki: «Ýakubyň gowy dostlary bolar ýaly, ýygnakda ruhy taýdan ösen ýaşlaryň bolmagyny isleýärdik» diýýär. Olaryň baran täze ýygnagynda çaga azdy, ýöne birnäçe beýtelçi bardy. Riki şeýle diýýär: «Ilkinji duşuşykdan soň, men Ýakuba: „Täze ýygnak göwnüňe ýaradymy, bu ýerde seniň deň-duşlaryňam-a ýok“ diýdim. Şonda ol maňa: „Alada etme, kaka. Indi, meniň dostlarym ýaş beýtelçiler bolar“ diýdi».

Ýakup we onuň ene-atasy ýygnakdaky beýtelçiler bilen gürrüň edýär

Elbetde, ýaş beýtelçiler Ýakup bilen dostlaşdylar. Bu oňa nähili täsir etdi? Riki şeýle gürrüň berýär: «Bir gün agşam men onuň otagynyň ýanyndan geçip barýarkam, çyrasy ýanyp durdy. Şonda ol elektron oýnuny oýnap oturandyr, menem üstünden bararyn diýip pikir etdim welin, görsem, ol Mukaddes Ýazgylary okap oturan eken! Men Ýakupdan näme edýänini soranymda, ol: „Men ýaş beýtelçi, şonuň üçin bir ýylyň içinde Mukaddes Ýazgylary okap çykmaly“ diýdi». Elbetde, Riki bilen Kendra örän bagtly. Olar diňe bir Rikiniň Uorwikdäki gurluşyga gatnaşýandygyna däl-de, eýsem, bu ýere göçmek bilen oglunyň ruhy taýdan ösmegine gowy kömek edendiklerine begenýärler (Sül. tym. 22:6).

GELEJEK BARADA ALADA ETMEÝÄRLER

Luis we Deýl

Uolkilldäki we Uorwikdäki gurluşyk işi iň soňy tamamlanar. Beýtelde kömek edýän dogan-uýalar hem wagtlaýyn çagyrylandygyna düşünýärler. Olar nirä gitjekdigi we nämeler etjekdigi barada çendenaşa aladalanýarmy? Ýok! Olaryň köpüsi Florida ştatyndan gelen 50 ýaşlaryndaky är-aýalyň aýdan sözleri bilen ylalaşýarlar. Gurluşyga ýolbaşçylyk edýän Jon dogan we onuň aýaly Karmen Uorwikde wagtlaýyn gulluk edýärler. Olar şeýle diýýär: «Bu ýerde Ýehowa zerurlyklarymyz hakda alada edýär. Ýehowanyň bizi bu ýere wagtlaýyn getirip, soňra terk etmejekdigini bilýäris» (Zeb. 119:116). Ýangyn söndüriji sistemasyny düzýän Luis dogan we onuň aýaly Keniýa Uolkillde gulluk edýärler. Olar şeýle diýýär: «Biz Ýehowanyň eli açykdygyny häzirden görýäris, ol biziň maddy zerurlyklarymyzyň aladasyny edýär. Biz nirede bolsak-da, onuň nädip alada etjekdigini bilmesek-de, terk etmejekdigine ynanýarys» (Zeb. 34:10; 37:25).

«DOLUP-DAŞÝAN BEREKETLER ÝAGDYRMARYNMY?»

Jon we Melwin

Nýu-Ýorkdaky gurluşyk işine kömek edenleriň köpüsi meýletin gullukçy bolmaz ýaly bahana tapyp bilerdi. Emma Ýehowanyň teklip edişi ýaly, olar ony synap gördüler. Ýehowa şeýle diýýär: «Meni... synap görüň... Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?» (Mal. 3:10).

Sizem Ýehowany synap görseňiz, onuň bol bereketlerini alarsyňyz. Siz Nýu-Ýorkda ýa-da ýaşaýan ýeriňizde guramanyň başga gurluşygyna gatnaşmak üçin doga etseňiz, Ýehowanyň sylaglaýandygyny görersiňiz (Mar. 10:29, 30).

Geri

Alabama ştatyndan gelen gurluşyk inženeri Deýl we onuň aýaly Keti gullugyň bu görnüşine gatnaşmagy hemmelere maslahat berýär. Uolkillde meýletin gulluk etmek barada olar şeýle diýýär: «Eger siz gowy ýaşaýşyňyzy goýup gitmegi başarsaňyz, onda Ýehowanyň mukaddes ruhunyň täsir edişini görüp bilersiňiz». Munuň üçin näme etmeli? Deýl: «Ýaşaýşyňyzy sadalaşdyryň, sadalaşdyryň ýene-de sadalaşdyryň. Siz hiç haçan ökünmersiňiz!» diýýär. Demirgazyk Karolina ştatyndan gelen we 30 ýyllap gurluşyk işine ýolbaşçylyk eden Geri dogan bilen aýaly Morin Beýtelde ençeme ýyldan bäri gulluk edýän dogan-uýalar bilen ýakyndan tanşyp, işleşýändigine begenýärler. Bu olaryň Uorwikde alýan bereketleriniň biri. Geri şeýle diýýär: «Beýtelde gulluk etmek üçin sada ýaşamaly we bu soňky günlerde iň gowy durmuş ýoly». Illinoýs ştatyndan gelen we elektrik işlerine gözegçilik eden Jeýson dogan bilen aýaly Jenifer Uolkilldäki Beýteliň gurluşyk işine gatnaşyp, özlerini edil täze dünýäde ýaşaýan ýaly duýýandygyny aýdýarlar. Jenifer şeýle diýýär: «Edýän işimize Ýehowanyň minnetdardygyny we onuň biziň üçin taýýarlaýan gelejegine goşant goşýandygyňy bilmek nähili gowy. Ýehowa biziň ruhy taýdan hazyna ýygnaýandygymyzy görýär».

^ abzas 6 2014-nji ýylyň «Ýyllyk kitabynyň» (rus.) 12, 13-nji sahypasyna serediň.

^ abzas 7 Filiala hepdede bir ýa-da birnäçe gün gatnap işleýän beýtelçiler ýaşajak ýeriniň we çykdajylarynyň aladasyny özleri edýärler.