Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Kiňsli başaran bolsa, menem başararyn!»

«Kiňsli başaran bolsa, menem başararyn!»

KIŇSLI Wagyz mekdebinde ilkinji sapar çykyş etmek üçin sahna çykanda, dogan onuň egnine kakýar welin, ol Mukaddes Ýazgylary okamaga başlaýar. Ol sözleriň her bir bognuny sypdyrman düşnükli okamaga jan edýär. Emma onuň kitaba seretmän okaýşy haýran galdyrýar! Näme üçin?

Kiňsli görmeýärdi, ol gowy eşitmeýärdi we ýöräbem bilmeýärdi. Ol Şri-Lankada ýaşaýar. Kiňsli Ýehowa barada nädip bilim alýar? Oňa Wagyz mekdebinde çykyş etmek üçin talaba laýyk gelmäge näme kömek edýär? Geliň, men size ol barada gürrüň bereýin.

Men Kiňsli bilen tanşanymda, onuň Hudaýyň Sözüne suwsandygyny görüp haýran galdym. Ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny Ýehowanyň Şaýatlary bilen birnäçe sapar geçipdir. Kiňsliniň «Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim» * atly köneje Braýlyň harplary bilen ýazylan kitaby bardy. Men oňa Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi teklip edenimde, ol razylaşdy. Emma iki kynçylyk bardy.

Birinjiden, Kiňsli garrylaryň we maýyplaryň öýünde ýaşaýardy. Adamlaryň köplügi we Kiňsliniň gowy eşidip bilmeýändigi sebäpli men batly geplemeli bolýardym. Şol sebäpli her hepde geçýän Mukaddes Ýazgylar okuwyny ýaşaýjylaryň ählisi diňleýärdi.

Ikinjiden, Kiňsli haýal okaýardy we köp maglumaty kabul edip bilmeýärdi. Kiňsli Mukaddes Ýazgylar okuwy özüne peýdaly bolar ýaly jan edýärdi. Ol öňünden taýýarlanyp, geçjek temasyny birnäçe gezek okaýardy we Braýlyň harpynda çap edilen Mukaddes Ýazgylardan aýatlary açýardy. Ol okan zatlary barada oýlanyp, jogaplary öz sözi bilen aýtmaga çalyşýardy. Şeýle endik oňa ruhy taýdan ösmäge kömek etdi. Ol halynyň üstünde aýbogdaşyny gurup oturýardy, batly ses bilen jogap berýärdi we begenjinden ýaňa eli bilen pola urýardy. Biraz wagtdan soň biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny hepdede iki gezek geçip başladyk. Okuw iki sagada çekýärdi!

ÝYGNAK DUŞUŞYKLARYNDA JOGAP BERÝÄR

Kiňsli bilen Pol

Kiňsli ýöräp bilmese-de, ýygnak duşuşyklaryna barmaga jan edýärdi. Doganlar oňa ulaga, arabasyna münmäge we düşmäge, Patyşalyk zalyna barmaga gezekli-gezegine höwes bilen kömek edýärdiler. Kiňsli dogan-uýalary ünsli diňleýärdi we jogap bermäge çalyşýardy.

Kiňsli biraz wagtdan soňra Wagyz mekdebine ýazylmak isleýär. Oňa Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okamak ýumşy tabşyryldy. Men iki hepde galanda, ondan taýýarlyk gördüňmi diýip soradym. Ol: «Hawa, men 30 gezek okap çykdym» diýip, ynamly jogap berdi. Men ony eden tagallasy üçin öwdüm we okap bermegini haýyş etdim. Kiňsli Mukaddes Ýazgylary açdy we oňa barmaklaryny goýup, okamaga başlady. Emma ol adaty edişi ýaly barmaklaryny gymyldatmaýardy. Ol aýatlaryň hemmesini ýat tutupdyr!

Men begenjimden ýaňa göz ýaşlarymy saklap bilmedim! Şonda men: «Kiňsli, aýatlary 30 gezekde okap, nädip ýat tutup bildiň?!» diýip soradym. Ol: «Men her gün azyndan 30 gezek okaýaryn» diýip jogap berdi. Kiňsli bir aýdan gowrak aýatlary ýat tutýança, halynyň üstünde oturyp taýýarlyk görüpdir.

Ine, çykyş etmeli gün hem gelip ýetdi. Kiňsli Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okap bolansoň, dogan-uýalar el çarpyşyp, ony gutladylar. Köpleri onuň janypkeşligini görüp agladylar. Bir uýa gaty tolgunýandygy üçin Wagyz mekdebinde çykyş etmeýärdi. Emma ol Kiňsliniň çykyş edişini görüp, ýene-de Wagyz mekdebine ýazmaklaryny haýyş etdi. Näme üçin? Uýa: «Eger Kiňsli başaran bolsa, menem başararyn!» diýdi.

Kiňsli üç ýyldan soňra, ýagny 2008-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda özüni Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyryldy. 2014-nji ýylyň 13-nji maýynda Kiňsli aradan çykdy. Ol Jennetde kämil saglyk we gujur-gaýrat bilen gullugyny dowam etjekdigine berk iman edýärdi (Iş. 35:5, 6). (Pol Mak-Manus gürrüň berdi).

^ abzas 4 1995-nji ýylyň neşiri. Häzir çap edilmeýär.