Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siziň çekýän zähmetiňizi kim görýär?

Siziň çekýän zähmetiňizi kim görýär?

BESALEL bilen Oholyýap ökde ussadylar. Olar Müsür gulçulygynda kerpiç guýýardylar. Ençeme ýyl geçensoň, Ýehowa olary hormatly işe—çadyr gurmaga saýlady (Müs. çyk. 31:1—11). Emma olaryň sünnäläp eden işlerini sanlyja adam görýärdi. Olar muňa gynandylarmy? Olaryň tanymal bolmagy wajypmydy? Siziň edýän işiňizi kim görýär?

BELLI BOLMADYK — SUNGAT

Çadyrda durmaly zatlary ýasamaga ussatlyk gerekdi. Meselem, äht sandygynyň üstünde duran sap altyndan ýasalan kerubiler barada oýlanyp görüň. Pawlus resul olara «şöhrat kerubileri» diýdi (Ýew. 9:5). Owadan ýasalan kerubileri göz öňüne getiriň! (Müs. çyk. 37:7—9).

Besalel bilen Oholyýabyň ýasan zatlary şu günlere çenli saklanan bolsa, olar iň gowy muzeýlerde durardy. Adamlar bolsa olaryň sünnälenip edilendigine göz ýetirerdiler. Emma olary ýasan ussalar tanymal boldularmy? Kerubiler çadyryň iň mukaddes ýerinde durýardy we olary diňe baş ruhany görýärdi. Ol ýylda bir gezek Günäden saplanma güni mukaddes ýere girýärdi (Ýew. 9:6, 7). Şonuň üçin kerubileri diňe sanlyja adam görüp bilýärdi.

MEŞHUR BOLMASALAR-DA, BAGTLYDYLAR

Aýdaly, size Besalel bilen Oholyýap ýaly hormatly iş tabşyrylýar, emma siziň ýasan zadyňyzy birki adam görýär. Şonda siz özüňizi nähili duýarsyňyz? Şu günler ussalar ýasan zatlarynyň bahasyna görä, meşhurlyk gazanýarlar. Adamlar olary näçe öwseler, şonça-da olar öz-özünden hoşal bolýarlar. Emma biz Besalel bilen Oholyýap ýaly Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmek we razylygyny gazanmak isleýäris.

Isanyň döwründe ýaşan dini ýolbaşçylar adamlaryň hormatyna eýe bolmak üçin, uzyn-uzyn dogalar okaýardylar. Emma Isa at-abraýa çapman, Hudaýa ýürekden doga etmegi maslahat berýär. Näme üçin? Sebäbi «gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer» (Mat. 6:5, 6). Biziň edýän dogalarymyz we mukaddes gullugymyz adamlaryň däl-de, Ýehowanyň göwnünden turmaly. Biz bu dünýäde meşhurlygy däl-de, «gizlinlikde edileni görýän» Ýehowanyň razylygyny gazanmak isleýäris.

Gurluşyk tamamlanandan soňra «Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy» (Müs. çyk. 40:34). Ol Ýehowanyň razylygyny aýan edýärdi. Bu Besalel bilen Oholyýaba nähili täsir edendir? Olaryň ýasan zatlaryna atlary ýazylmasa-da, Allanyň göwnünden turandygyny görüp, özlerini bagtly duýdular (Sül. tym. 10:22). Mundan ençeme ýyllar geçdi. Olaryň ýasan zatlary Ýehowanyň mukaddes öýünde ulanylýardy. Besalel bilen Oholyýap muňa monça bolandyr! Olar Jennetde direlende, çadyryň 500 ýyldan gowrak hyzmat edendigini bilip, haýran galsalar gerek.

Pesgöwünlilik bilen edýän işleriňizi hiç kim bilmese-de, Ýehowa görýär!

Hawa, şu günlerem Ýehowanyň guramasynda surat çekýän, saz çalýan, surata alýan, edebiýatlary ýazýan we terjime edýän adamlaryň kimdigi aýdylmaýar; şol sebäpli olary hiç kim «görmeýär». Bütin dünýädäki 110 müňden gowrak ýygnaklarda ägirt uly işler edilýär. Olary kimiň edýändigi hemmelere mälim däl. Meselem, hasabatçy dogan her aý ýygnagyň çykdajylaryna gözegçilik edýär. Ýygnak kätibi wagyz hasabatyny taýýarlaýar. Dogan-uýalar Patyşalyk zallarynda abatlaýyş işlerine gatnaşýarlar. Olaryň çekýän zähmetini kim görýär?

Besalel bilen Oholyýaba ýasan owadan we ýokary hilli zatlary üçin hiç hili sylag berilmedi. Emma olar has gymmatly zada, ýagny Ýehowanyň merhemetine eýe boldular. Ýehowa olaryň çeken zähmetini gymmat saýýar. Geliň, bizem olaryň kiçigöwünliliginden we yhlasly gulluk edişinden görelde alalyň.