MUKADDES KITAP DURMUŞYŇY ÜÝTGEDÝÄR
Ýaragym hemişe ýanymdady
DOGLAN ÝYLY: 1958
DOGLAN ÝERI: ITALIÝA
GEÇMIŞI: JENAÝATÇY
ÖŇKI DURMUŞYM
Men Rimiň golaýyndaky bir obada dünýä indim. Ol ýerde garyp adamlar ýaşaýardy. Gün-güzeranyňy görmek kyndy. Men ejemiň kimliginem bilmeýärdim, kakam bilenem aramyz gowy däldi. Şonuň üçinem men köçede ulaldym.
Men 10 ýaşymda ogurlyk edip başladym. Birinji gezek 12 ýaşymda öýden gaçyp gitdim. Kakam meni birnäçe gezek Polisiýa jaýyndan alyp gaýdypdy. Men gaharjaňdym, hemme adamlardan öýkelidim, şonuň üçin hemişe uruşýardym. 14 ýaşymda bolsa başymy alyp, öýden çykyp gaýtdym. Men içip-çekip, köçelerde sermenip ýöreýärdim. Ýatara ýerim bolmansoň, adamlaryň maşynyna döwüp girýärdim, daň atýança-da içinde ýatýardym. Soňra suw çüwdürimlerde ýuwunýardym.
Men ökde ogry bolup ýetişdim. Gije baýlaryň öýüni talap, adamlaryň jübüsindäki pul gapjygyna çenli ogurlaýardym. Soňabaka meniň kimdigimi hemmeler tanap başlady. Şeýdip, men banklary talaýan topara goşuldym. Gyzma bolanym üçin, hemme jenaýatçylar maňa hormat goýup başladylar. Ýaragym hemişe ýanymdady, hatda gijede ýassygymyň aşagynda goýup ýatýardym. Men barypýatan zalym, neşekeş, ogry, agzy hapa we ahlaksyz adamdym. Polisiýa-da hemişe gözleýärdi. Men birnäçe sapar türmede oturyp çykdym.
MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI
Bir gezek men türmeden çykanymdan soň, daýzamy görmäge gitdim. Ol iki çagasy bilen Ýehowanyň Şaýady bolupdyr. Olar meni ýygnaga çagyrdylar. Menem ol ýerde näme bolýandygyny görmek üçin gitdim. Ýygnak jaýyna baranymyzda gapa golaý ýerde oturdym. Girip-çykýan adamlardanam gözümi aýyrmaýardym, jübümde-de ýaragym bardy.
Şol ýygnak meniň durmuşymy bütinleý üýtgetdi. Şonda men başga dünýä düşen ýaly boldum. Gorkunç adamdygyma garamazdan, meni güler ýüz bilen garşy aldylar. Olaryň ýüz-gözündäki mähri, söýgüsi, aladasy häli-häzirem göz öňümden gitmeýär. Olar meniň gatnaşýan adamlarymdan ýer bilen gök ýaly tapawutlanýardy.
Şeýdip, men Şaýatlar bilen okuw geçip başladym. Bilim aldygymça, gaty köp üýtgemelidigime düşünýärdim. Nakyllar 13:20-däki sözler hasam ýüregime täsir etdi: «Paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň, akmak bilen dost bolsaň, zyýan çekersiň». Men jenaýatçy dostlarym bilen aramy üzmelidim. Dogrymy aýtsam, başda ýaman kyn boldy, ýöne Ýehowanyň kömegi bilen aramy kesip bildim.
Ömrümde birinji gezek özümi ele almagy öwrendim
Meniň başga-da düzetmeli zatlarym köpdi. Çilim, neşe çekmegimi hem goýup başladym, şonda azarlap, bir ölüp bir direlýärdim. Men uzyn saçymy kesdim, gulakhalkalarymy aýyrdym, paýyş sözleri aýtmagymy goýdum. Şol wagtlar ömrümde birinji gezek özümi elde saklamaga jan edýärdim.
Kynçylyklaryň ýene biri, men kitap okamagy halamaýardym. Şonuň üçin Mukaddes Kitaby okanymda ünsümi jemlemek görgüdi. Ýöne ýuwaş-ýuwaşdan okap, öwrenip Ýehowany hasam söýüp başladym. Şonda ynsabym oýanyp, ezýet berip başlady. Käte öňki eden günälerim ýadyma düşüp, erbet bolýardym. «Ýehowa meni bagyşladymyka?» diýip alada edýärdim. Şeýle ýagdaýlarda agyr günä eden Dawut patyşany hem Ýehowanyň bagyşlandygyny okanymda, ýüregim giňäp, köşeşýärdim (2 Şamuwel 11:1—12:13).
Öýden-öýe aýlanyp, wagyz etmek hem gaty kyn boldy (Matta 28:19, 20). Men öň erbetlik eden adamlaryma duşaryn diýip, öler ýaly gorkýardym. Ýöne şol gorkymy hem kem-kemden aýryp bildim. Men adamlara rehimdar, günäleri bagyşlaýan gökdäki Atam barada öwredip bilýändigime begenýärin.
HÄZIRKI DURMUŞYM
Ýehowany tanap, janymy halas edip bildim. Öňki dostlarymyň käbiri öldi, käbiri bolsa türmede. Men bolsa arkaýyn ýaşaýaryn, gelejege-de umyt edýärin. Men pespäl, gulak asyjy bolmagy öwrendim. Şeýle-de sähel zada çişip, wulkan ýaly atylyp ýörmeýärin. Adamlar bilenem dil tapyşyp, gowy gepleşýärin. Men ajaýyp häsiýetli Karmen atly uýa öýlendim. Biz adamlara Hudaý barada öwredip, hasam bagtly ýaşaýarys.
Men indi halal ýaşaýaryn. Men häzirem banklara girýärin, ýöne pul ogurlamaýan-da, içini arassalaýan