Esasy materiala geçiň

Ýygnagymyzdaky ýaşlar bilen gatnaşyp begenýärin

MUKADDES KITAP DURMUŞYŇY ÜÝTGEDÝÄR

Durmuşymy beýsbolsuz göz öňüne getirmeýärdim

Durmuşymy beýsbolsuz göz öňüne getirmeýärdim
  • DOGLAN ÝYLY: 1928

  • DOGLAN ÝERI: KOSTA-RIKA

  • GEÇMIŞI: BEÝSBOLÇY WE PULLY OÝUNLARY OÝNAÝAR

ÖŇKI DURMUŞYM

Men Kosta-Rikanyň günortasynda ýerleşýän Puerto-Limon şäherinde önüp-ösdüm. Ol port şäherdi. Men sekiz çaganyň ýedinjisidim. Sekiz ýaşymdakam, kakam aradan çykdy. Soň ejemiň ýeke özi bizi ulaltmaly boldy.

Çagalygymdan sporty, esasanam, beýsboly gaty gowy görýärdim. Ýetginjek wagtym men beýsbol toparyna goşuldym. 20 ýaşlarymdakam, bir tälimçi Nikaraguadaky ökde beýsbol toparyna goşulmagy teklip etdi. Ýöne şol wagtlar ejem ýaramansoň, onuň teklibini kabul etmedim. Soňam Nikaraguada ýaşasym gelmeýärdi. Soňra meni Kosta-Rikanyň halkara beýsbol toparynda oýnamaga çagyrdylar. Şol toparda meniň ýaly beýsboly gowy görýän ýaş ýigitler bardy. Bu sapar teklibi kabul etdim we 1949—1952-nji ýyllar aralygynda şol toparda oýnadym. Men Kubada, Meksikada we Nikaraguada geçirilen oýunlara-da gatnaşdym. Men oýunda goraýjydym, özümem gowy oýnaýardym. Hatda 17 oýnuň içinde bir gezegem ýalňyş goýbermändim. Janköýerlerimiň adymy tutup gygyryşy gulagyma hoş ýakýardy.

Atly-abraýly bolsamam, ahlaksyzdym. Bir gyz bilen halaşsamam, gören gyzlarym bilen söýşüp ýöreýärdim. Üstesine-de, köp içýärdim. Bir gezek özümden gidýänçäm içipdirin welin, öýe nädip gelenimi bilmändirin. Ondan başga-da, pully, utuş çykýan oýunlary oýnaýardym.

Şol wagtlar ejem Ýehowanyň Şaýady boldy. Ejem meni öz dinine gyzykdyrjak bolýardy, ýöne onuň aýdanlary bir gulagymdan girip, beýlekisinden çykýardy. Sebäbi meniň bar ünsüm sportdady. Hatda beýsbol oýnap ýören wagtym ajyganymy hem duýmaýardym. Oýnuň içine girip gidýärdim. beýsbol bolsa, maňa başga hiç zat gerek däldi.

29 ýaşymdakam, oýunda topy gapjak bolup, şikes aldym. Saglygym gowulaşsa-da, men topardan çykdym. Ýöne beýsboly gowy görýänler bilen öýümiň ýanynda oýnaýardym.

MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI

Men 1957-nji ýylda Ýehowanyň Şaýatlarynyň kongresine gitdim. Kongres öňki beýsbol oýnan stadionymda geçdi. Şonda Şaýatlaryň parahatdygyna, bir-birine hormat goýşuny görüp, haýran galdym. beýsbol görmäge gelýän adamlar bolsa, goh-galmagal edip gygyryşýardylar. Olar ýer bilen gök ýaly tapawutlanýardy. Şondan soň Şaýatlar bilen sapak geçip, olaryň ýygnaklaryna gatnap başladym.

Mukaddes Kitapdan öwrenýän zatlarymyň köpüsine haýran galýardym. Meselem, Isa soňky günlerde şägirtleriniň Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary bütin dünýäde wagyz etjekdiklerini aýdypdy (Matta 24:14). Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlary wagyz edýändigi üçin pul almaýardy. Sebäbi Isa: «Mugt aldyňyz, mugt hem beriň» diýipdi (Matta 10:8).

Sapak geçip ýörkäm, Şaýatlaryň aýdan zatlary bilen edýän işlerini deňeşdirýärdim. Men olaryň bütin ýer ýüzünde hoş habary arman-ýadaman wagyz edýändigine telpek goýdum. Olar Isanyň şägirtlerine tabşyryşy ýaly, janyny aýaman wagyz edýärdiler. Men Markus 10:21-däki Isanyň: «Gel-de, şägirdim bol» diýen sözlerini okap, Ýehowanyň Şaýady bolasym geldi.

Ýöne ähli zady taşlap, hakykat ýolundan ýöremek üçin maňa wagt gerek boldy. Men birnäçe ýyllap şowlulyk getirýän sanym bilen her hepde utuş gazanýardym. Ýöne men Ýehowanyň «Şowlulyk taňrysyna» ynanýanlary we açgöz adamlary ýigrenýändigini bildim (Işaýa 65:11; Koloslylar 3:5). Şonuň üçin pully oýunlary oýnamagy goýdum. Hut şol hepde meniň şowlulyk getirýän sanymda utuş çykdy. Tanyş-bilişlerim şol hepde oýnamandygym üçin üstümden güldüler, olar meni oýnamaga yrjak bolup, daşyma geçdiler. Ýöne men oýnamadym, şondan soňam ol ýere gaýdyp barmadym.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň kongresinde suwa çümdürilen günüm ýene bir synag boldy (Efesliler 4:24). Şol gün agşam myhmanhana gaýdyp gelýärkäm, öňki halaşýan gyzym gapymyň agzynda dur eken. Ol: «Semmi janym, bu gün seniň ýanyňda galjak» diýdi. Men şol bada: «Ýok» diýdim. Oňa Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlara görä arassa, halal ýaşaýandygymy aýtdym (1 Korinfliler 6:18). Şonda ol gözüni petredip: «Näme?! Sen-ä molla bolupsyň-aý» diýip, üstümden gülüp başlady. Soňam: «Öňkimiz ýaly duşuşaly» diýip yrjak boldy. Men hiç zat diýmän, otagyma girdim-de, gapyny ýapdym. 1958-nji ýylda Ýehowanyň Şaýady bolup, häzire çenli durmuşymy üýtgedip, Hudaýa wepaly gulluk edýändigime örän begenýärin.

HÄZIRKI DURMUŞYM

Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşap, alan bereketlerimi ýazsam bir kitaba sygmaz. Indi meniň jana-jan dostlarym bar, durmuşym manyly we bagtly ýaşaýaryn.

Men häzirem beýsbol oýnamagy gowy görýärin. Ýöne indi at-abraý, pul üçin oýnamaýaryn. Baýlyk, at-abraý iru-giç ýitýär. Ýöne Hudaý we dogan-uýalar bilen dostlugyňy hiç wagt ýitirmeýärsiň. Mukaddes Kitapda: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, emma Hudaýyň islegini berjaý edýän adam ebedi ýaşar» diýilýär (1 Ýahýa 2:17). Men Ýehowany we onuň halkyny söýýärin. Olaryň ýerini hiç kim we hiç zat tutup bilmeýär!