32-NJI AÝDYM
Ýehowanyň tarapyna geçiň
-
1. Umytsyz ýaşadyk, köp dert çekdik,
Ýalan diniň ýesirligindedik.
Indi Ýahyň sözüni eşitdik,
Bagtly durmuşa ýetdik.
GAÝTALAMA:
Tarapyna geçip, Ýahdan dänmeseň,
Hiç haçan taşlamaz nurunda gezseň.
Mümkinçilik barka aýt hoş habary,
Isa tagta çykdy, güllär ýer şary.
-
2. Wagyz edip görkezeliň ýoly,
Adamlar saýgarsyn sagy-soly.
Hudaýyň tarapyna geçeliň,
Doganlary goldalyň.
GAÝTALAMA:
Tarapyna geçip, Ýahdan dänmeseň,
Hiç haçan taşlamaz nurunda gezseň.
Mümkinçilik barka aýt hoş habary,
Isa tagta çykdy, güllär ýer şary.
-
3. Dänmeris näme etse-de Şeýtan,
Ýehowa bilen ýöräris gorkman.
Berk durarys köp bolsa-da duşman,
Hudaý güýç berer hökman.
GAÝTALAMA:
Tarapyna geçip, Ýahdan dänmeseň,
Hiç haçan taşlamaz nurunda gezseň.
Mümkinçilik barka aýt hoş habary,
Isa tagta çykdy, güllär ýer şary.
(Serediň: Zeb. 94:14; Nak. 3:5, 6; Ýew. 13:5)