OÝA BOLUŇ!
Sosial ulgamlary çagaňyza zyýan ýetirýärmi? Mukaddes Kitapdaky maslahatlar ene-atalara nädip kömek edýär?
«Häzir ýaşlaryň köpüsi duýgy taýdan ejir çekýär. Munuň esasy sebäpleriniň biri — sosial ulgamlary» (ABŞ-nyň baş hirurgy Dr. Wiwek Murti, «New York Times» gazeti, 17-nji iýun, 2024).
Ene-atalar çagalaryny sosial ulgamlarynyň ýetirýän zyýanyndan nädip gorap bilerler? Bu babatda Mukaddes Kitapda gowy maslahatlar berilýär.
Ene-atalar näme edip bilerler?
Mukaddes Kitapdaky şu maslahatlar barada oýlanyň.
«Ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär» (Nakyllar 14:15).
Çagaňyza sosial ulgamlaryny ulanmaga rugsat berýän bolsaňyz, çäk goýmagy ýatdan çykarmaň. Rugsat bermezden öň çagaňyzyň goýan wagtyňyzdan çykmajakdygyna, sosial ulgamynda erbet adamlar bilen gatnaşmajakdygyna we girmesiz ýerlere girmejekdigine göz ýetiriň.
Köpräk bilmek üçin «Çagam sosial ulgamyny ulansa bolarmy?» (rus.) we «Çagama sosial ulgamyny dogry ulanmaga nädip kömek edip bilerin?» (rus.) atly makalalary okap bilersiňiz.
«Wagtyňyzy paýhasly ulanyň» (Efesliler 5:16).
Eger çagaňyza sosial ulgamyny ulanmaga rugsat berýän bolsaňyz, olary ulanmak babatda käbir düzgünleri goýuň, şol düzgünleriň peýdasy hakda-da düşündiriň. Şeýle-de çagaňyzyň özüni alyp barşyna ünsli boluň. Onuň azajygam bolsa üýtgäp başlandygyny görseňiz, sosial ulgamlary ulanmagyny çäklendirseňiz gowy bolar.
Interneti paýhasly ulan! diýen janlandyrylan suratly wideony görkezip, sosial ulgamyny ulananda çäk goýmagyň näme üçin wajypdygyny düşündiriň.
Köpräk biliň
Mukaddes Kitapda biziň «juda kyn döwürde» ýaşaýandygymyz aýdylýar (2 Timoteos 3:1—5). Şeýle-de ol ýerde duş gelýän kynçylyklarymyza döz gelip biler ýaly peýdaly maslahatlar bar. Mundan başga-da ýetginjeklere duýgy taýdan kömek eder ýaly ene-atalar we çagalar üçin 20-den gowurak makalalar hem bar.