OÝA BOLUŇ!
Syýasy dawalar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Bütin dünýäde syýasy dawalar gitdigiçe köpelýär.
2023—2024-nji ýyllarda saýlaw döwri Meksikada 39 sany dalaşgär öldürildi. Gozgalaňlaryň, zorluk-sütemleriň öňkä garanyňda köp bolmagy adamlary gorka saldy.
Ýaňy-ýakynda Ýewropada köp syýasy dawalar boldy. 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Slowakiýanyň premýer-ministrini öldürjek boldular.
2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ikinji gezek ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trampyň janyna kast etjek boldular. Halk bu habary eşidip aňk-taňk boldy.
Näme üçin syýasy dawalar, zorluk-sütem köp bolýar? Bu zatlaryň soňy gelermi? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Mukaddes Kitapdaky pygamberlik
Mukaddes Kitapda soňky günlerde köp adamlaryň häsiýetleriniň erbetleşjegi aýdylýar. Şol sebäpli dawa-jenjel we zorluk-sütem edýänler köpelýär.
«Soňky günlerde juda kyn döwür bolar. Sebäbi adamlar... gadyr bilmez, biwepa... eglişik etmeýän, töhmet atýan... zalym... dönük, özdiýenli, ulumsy... bolar» (2 Timoteos 3:1—5).
Mundan başga-da Mukaddes Kitapda soňky günlerde adamlaryň hökümete garşy çykjagy, syýasy dawa-jenjelleriň boljagy pygamberlik edildi (Luka 21:9). Ýöne bu zatlar uzak wagt dowam etmez.
Syýasy dawalaryň soňuna çykylar
Mukaddes Kitapda Hudaýyň Patyşalygynyň ynsan hökümetlerini ýok edip, ýer ýüzüniň üstünden höküm sürjekdigi aýdylýar.
«Gögüň Hudaýy... bir patyşalygy döreder. Ol ähli patyşalyklary ýok eder, özi bolsa ebedi durar» (Danyýar 2:44).
Hudaýyň Patyşalygy adamlary agzybir eder, bütin ýer ýüzünde parahatlygy dikelder.
Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa Mesihe «Parahatlyk şazadasy» diýilýär. Isa höküm sürende hemişe parahatlyk bolar (Işaýa 9:6, 7).
Hudaýa gulak asýan adamlar häzirden agzybir ýaşamagy öwrenýärler. Mukaddes Kitapda: «Olar gylyçlaryndan azallar, naýzalaryndan oraklar ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, indi söweşmegi öwrenmezler» diýilýär (Işaýa 2:3, 4).
Köpräk bilmek üçin «Hudaýyň Patyşalygy nämeleri eder?» atly makalany okaň we «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen wideony görüň.