Näme üçin özümden köp zada garaşýan?
27-NJI BAP
Näme üçin özümden köp zada garaşýaryn?
Gowy baha almasaň gynanýarsyňmy?
□ Hawa
□ Ýok
Kiçiräk bir zady başarmandygyň üçin tankytlanlarynda özüňi barypýatan emelsiz hasaplaýarsyňmy?
□ Hawa
□ Ýok
Seniň talaplaryňa laýyk gelmeýändigi üçin biri bilen dostlaşmak ýa-da dostlugyňy saklamak kyn bolýarmy?
□ Hawa
□ Ýok
ÝOKARDAKY soraglaryň birine ýa-da hemmesine «hawa» diýip jogap beren bolsaň, bu seniň özüňden we başgalardan köp zada garaşýan adamdygyňy görkezýär. Sen: «Köp zada garaşmagyň nämesi erbet?» diýip soramagyň mümkin. Elbetde, munuň erbet zady ýok. Mukaddes Ýazgylarda-da «işinde gaýratly adam» öwülýär (Süleýmanyň tymsallary 22:29). Ýöne özünden hem, başgalardan hem köp zada garaşýan adam gowulygyň üstünden barmaýar.
Mysal üçin, 19 ýaşly Jeýson şeýle diýýär: «Mekdebi gutarmaly ýylym hemme sapakdan bäşlik bolmasa, umuman, meniň ökde däldigimi görkezýär diýip pikir edýärdim. Şeýle-de men pianino çalýardym. Men hökman ökde pianinoçylar ýaly çalaýmaly diýýärdim».
Özüňden köp zada garaşmak, Hudaýa edýän gullugyňa-da erbet täsir edip bilýär. Meselem, «şondan görelde alyň» diýip, hemişe seni görkezýärler. Sen özüňi hamala hemmeler gözüni aýyrman, her bir hereketiňi synlaýan ýaly duýýansyň. Elbetde, özüňi göreldeli alyp barmak üçin jan etmek gowy. Sebäbi seniň göreldäň ýygnakdaky ýaşlara-da, gartaşanlara-da gowy täsir edýär. Ýöne özüňden köp zada garaşsaň, Hudaýa gulluk etmekden şatlyk tapmarsyň. Şol sebäpli şeýle garaýşyňy ýeňmek üçin saňa kömek gerek. Ýöne ýaşlaryň käbiri «başgalar nähili pikir eder» diýip, bu barada hiç kime aýtmazlygy mümkin. Hatda olar: «Isleýşim ýaly edip bilmejek bolsam, onda jan etmek nämä gerek?» diýip pikir etmegi ahmal.
Muny ýeň
Özünden we başgalardan köp zada garaşýan adamlar hiç hili ýalňyşlyk etmeli däl diýip pikir edýärler. Aslynda bolsa, şeýle pikiriň özi ýalňyşlyk. Mukaddes Ýazgylarda: «Hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular» diýilýär (Rimliler 3:23). Diýmek, häzirlikçe hiç kim kämil bolup bilmeýär. Dogrudan-da, bir zady kämil derejede etmek islegi, edil, ellerimi hereketlendirsem, guş ýaly uçaryn diýip pikir etmek ýaly boş arzuwdyr. Sen näçe jan etseňem, uçup bilmersiň.
Özüňden we başgalardan köp zada garaşmaklygy nädip ýeňip bilersiň? Aşakdaky maslahatlar saňa kömek eder.
Üstünligiň nämedigini anykla. Adatça, adam hemmelerden üstün çykjak bolup tapdan düşýär. Mukaddes Ýazgylarda muňa «salgyma çapmak» diýilýär (Wagyz kitaby 4:4). Hakykatdan-da, hemme adam «ussat we ezber» bolup bilmeýär. Hatda, adam ussatlyga ýetip bilse-de, wagtyň geçmegi bilen, ondanam ökde biri peýda bolýar. Üstünlik gazanmak kimdir birinden ökde bolmagy däl-de, öz eliňden gelýän zady etmegi aňladýar (Galatýalylar 6:4).
Köp zada garaşma. Bir zady edesiň gelýän bolsa, diňe ukybyňy däl, eýsem mümkinçiligiňi hem barla. Özünden köp zada garaşýan adam kiçigöwünli däl-de, ulumsy we özi Rimliler 12:3). Şonuň üçin özüňden köp zada garaşma. Eliňden gelenini et, ýöne kämillige garaşma.
hakda köp pikir edýär. Pawlus resul: «Özüňiz hakda çendenaşa köp pikir etmäň» diýip maslahat berdi (Çendenaşa alada etme. Özüňe dogry garaýyşda bolmak üçin känbir başarmaýan zadyňy edip gör. Mysal üçin, Wagyz kitaby 3:4). Çendenaşa alada etme! Şonda sen ýalňyşlyk goýbermek bilen köp zady öwrenýändigiňe düşünersiň. Dogrudanam, başarmaýan zadyňy etmek aňsat däl. Şol sebäpli seni lapykeç edýän pikirleri aňyňdan aýryp taşla.
saz çalmagy öwren. Elbetde, birbada köp ýalňyşarsyň. Ýöne goýberýän ýalňyşlyklaryňa başgaça seret. Mukaddes Ýazgylarda «gülmegiň öz wagtynyň» bardygy aýdylýar (Ýehowanyň bizden kämillige garaşmaýandygyny hiç haçan unutma! Ol biziň özüne wepaly bolmagymyzy isleýär (1 Korinfliler 4:2). Eger sen Ýehowa wepaly bolmak üçin tagalla etseň, bikämildigiňe garamazdan, hemişe özüňe ynamly bolup, şatlygyňy ýitirmersiň.
Şu günler gomoseksuallyk giňden ýaýran. Onuň täsirinden nädip goranyp bolar? Gomoseksual höweslere nädip garşy durmaly?
ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok». Wagyz kitaby 7:20
MASLAHAT
Sen bir zady gowy edip bilmeýärin diýip soňa goýýan bolsaň, belli bir wagta çenli ony doly öwrenmegi maksat goý.
BILÝÄŇIZMI?
Ýehowa kämil bolsa-da, bikämil adamlardan köp zada garaşmaýar. Onuň talaplary peýdaly we ýerine ýetirerden kyn däl.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Eger özümden köp zada garaşyp başlasam, men...
Eger başgalardan köp zada garaşyp başlasam, men...
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym:
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Haýsy ýagdaýlarda özüňden köp zada garaşýarsyň?
● Ýehowanyň gullukçylaryndan kämillige garaşmaýandygyny Mukaddes Ýazgylar nädip subut edýär?
● Talapkär bolmak başgalary senden nädip daşlaşdyryp biler?
● Eger ýalňyşlyk goýberseň näme edersiň?
[226-njy sahypadaky sitata]
«Eliňde baryny etmek bilen bir zady kemçiliksiz etmegiň arasynda tapawut bar. Bularyň birinjisi paýhaslylyk, ikinjisi bolsa däl» Megan
[228-nji sahypadaky çarçuwa]
Dostlugy näme bozup biler?
Sen dostlaryňdan köp zady talap edýärmiň? Belki, şonuň üçin sen adamlary özüňden daşlaşdyrýansyň?! Ýa-da gowy adamlar köp zady talap edýändigiň üçin özüni senden çetde tutýandyr! Mukaddes Ýazgylarda: «Öte dogry bolma, öte akyldarlyk etme. Näme üçin özüňi heläk etjek?» diýip maslahat berilýär (Wagyz kitaby 7:16). Talapkär adamlar hatda özi bilen dostlaşjak adamlary hem bilmän özünden daşlaşdyryp biler. Ember şeýle diýýär: «Başgalary sylamaýan adam bilen hiç kimiň jora bolasy gelmeýär. Men käbirleriniň biderek zat üçin dostlary bilen tersleşendigini gördüm».
[229-njy sahypadaky surat]
Kämil bolmaga çalyşmak edil uçjak bolmak ýaly akylsyzlykdyr