Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ene-atam dawalaşýan bolsa näme edip bilerin?

Ene-atam dawalaşýan bolsa näme edip bilerin?

24-NJI BAP

Ene-atam dawalaşýan bolsa näme edip bilerin?

Sen ene-ataň dawalaşandygyny gördüňmi? Olar nämäniň üstünde köp dawalaşýar?

□ Puluň

□ Öýüň işleriniň

□ Garyndaşlaryň

□ Seniň

Aşakdaky boş ýere ene-ataňa dawalarynyň saňa nähili täsir edýändigi barada aýtjak zatlaryňy ýaz.

․․․․․

ENE-ATAŇ dawalaşýan bolsa, muny alada etmezlik mümkin däl. Sebäbi sen olary söýýärsiň we hemişe olaryň kömegine mätäç bolýarsyň. Olar dawalaşanda bolsa, saňa gaty agyr degýändir. 21 ýaşly Mariýa: «Ene-ataň biri-birine hormat goýýandygyny görmeseň, saňa-da olara hormat goýmak kyn bolýar» diýýär. Belki, senem onuň aýdýanlary bilen ylalaşýansyň.

Ene-ataň arasynda dawa turanda, sen olaryň pikir edişiň ýaly, ýagny kämil däldigine düşünýärsiň. Şonuň üçin hem olary alada edip, sende gorky döremegi mümkin. Eger öýde dawa-jenjel hemişe diýen ýaly bolýan bolsa ýa-da şeýle ýagdaý uzaga çekse, sen: «Olar ahyrsoňy aýrylyşar» diýip, pikir etmegiň mümkin. Mariýa şeýle gürrüň berýär: «Ejem bilen kakamyň uruşýandygyny eşidenimde, olar aýrylyşar we menem olaryň birini saýlamaly bolaryn diýen pikirler gelýär. Doganlaryňdan aýra ýaşamak bolsa iň gorkunç zat».

Ene-ataň näme üçin dawalaşýar we şeýle ýagdaýda sen näme edip bilersiň?

Olar näme üçin dawalaşýar?

Aslynda, ene-ataň «biri-birini söýüp, oňşukly ýaşamaga» jan edýändir (Efesliler 4:2). Ýöne Mukaddes Ýazgylarda: «Hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular» diýilýär (Rimliler 3:23). Ene-ataň hem bikämil. Şol sebäpli olaryň biri-biri bilen dawa-jenjel edip, uruşýandygyna geň galma.

Mundan başga-da, «juda kyn döwürde» ýaşaýandygymyzy ýatdan çykarma (2 Timoteos 3:1). Gazanç etmek, puly ähli zada ýetirmek we işde bolýan ýagdaýlara döz gelmek ýaly kynçylyklar hem maşgala güýçli täsir edýär. Üstesine-de, kakaňam, ejeňem işleýän bolsa, olaryň arasynda öýüň işlerini etmek barada hem çekişme bolýandyr.

Ene-ataň dawa-jenjel edýän bolsa, olar hökman aýrylyşar diýip pikir etme. Olar käbir zatlarda ylalaşmasa-da, biri-birini öňküsi ýaly söýýändir.

Aýdaly, sen ýakyn dostlaryň bilen kino görýärsiň. Sen bu kinony gowy görseň-de, olaryň halamazlygy mümkin. Bu mysaldan görnüşi ýaly, hatda ýakyndan gatnaşýan adamlaryň hem käbir zatlarda pikiri deň gelmän bilýär. Ene-ataň barada-da şeýle diýse bolar. Belki, olaryň ikisi-de maşgalany eklemegiň aladasyny edýändir, ýöne pul sowmaga bolan garaýşy tapawutlanýandyr. Ýa-da ikisi-de dynç alyşa gitmek isleýändir, ýöne pikirleri deň gelýän däldir. Şeýle-de olar seniň mekdepde gowy okamagyňy isleýändir, ýöne munuň üçin näme etmelidigi baradaky pikirleri tapawutlanyp biler.

Maşgalada ylalaşmak pikiriň deň gelmelidigini aňlatmaýar. Käte biri-birini söýýän adamlaram şol bir zada dürli garaýyşda bolýarlar. Ýöne ene-ataň dawalaşýandygyny görmek agyr degýändir. Sen şeýle ýagdaýda näme diýip ýa-da näme edip bilersiň?

Näme edip bilersiň?

Hormat goý. Elbetde, ene-ataň dawalaşanda gaharyň gelýändir. Aslynda, sen ene-ataňa däl-de, olar saňa görelde görkezmeli. Ýöne olara hormat goýmasaň, maşgalada agzalalyk döreýär. Iň wajyby bolsa, hatda kyn düşse-de, Ýehowa Hudaý ene-ataňa hormat goýmagy we gulak asmagy talap edýär (Müsürden çykyş 20:12; Süleýmanyň tymsallary 30:17).

Emma ene-ataň seniň üstüňde dawalaşýan bolsa näme edip bilersiň? Meselem, ejeň Ýehowanyň Şaýady, kakaň bolsa däl. Sen hem ejeň ýaly Hudaýyň ýolundan ýöreýän bolsaň, kakaň öýde goh-galmagal turuzmagy mümkin (Matta 10:34—37). Şonuň üçin kakaň bilen hemişe «ýumşak» bolmagy we «çuňňur hormat» goýmagy ýatdan çykarma. Seniň göreldäň, belki, oňa-da pikirini özgertmäge kömek eder (1 Petrus 3:15).

Hiç kimiň tarapyny tutma. Eger ene-ataň saňa degişli bolmadyk meselelerde haýsy hem bolsa biriniň tarapyny tutmagy talap etse näme edip bilersiň? Sen hiç kimiň tarapyny tutma. Gaýtam, olara sypaýyçylyk bilen şeýle diýip bilersiň: «Eje, kaka, men siziň ikiňizem gowy görýän. Ýöne maňa birimizi saýla diýmäň. Bu meseläni öz araňyzda çözüň».

Duýgularyňy aýt. Ene-ataň dawalaşanda nähili duýgulary başdan geçirýändigiňi olara aýt. Munuň üçin olaryň seni diňlejek wagty ýanyna baryp, urşanyna gynanýandygyňy, gaharyň gelýändigini we hatda gorkýandygyňy sypaýyçylyk bilen aýt (Süleýmanyň tymsallary 15:23; Koloslylar 4:6).

Näme etmeli däl?

Maslahat berjek bolma. Sen birinjiden-ä ýaş, galyberse-de, ene-ataň dawasyny çözmäge hakyň ýok. Muny bir mysal bilen deňeşdirse bolýar. Aýdaly, sen bir kiçiräk uçarda barýarsyň. Birdenem, uçarman bilen onuň kömekçisiniň dawalaşýandygyny eşidýärsiň. Elbetde, şeýle ýagdaýda sen alada edersiň. Ýöne sen uçarmanyň ýanyna baryp, oňa uçary nähili sürmelidigini öwretseň ýa-da ony özüň sürjek bolup ýerine geçseň näme bolar?

Şonuň ýaly-da, ene-ataň dawalaşyp duran wagty olaryň arasyna goşulyp meseläni çözjek bolsaň, ýagdaý has-da kynlaşar. Mukaddes Ýazgylarda: «Tekepbirlikden diňe jedel döreýändir; akyldarlyk bolsa maslahat alýanlar bilendir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 13:10). Ene-ataň dawany öz arasynda çözse, has gowy bolar (Süleýmanyň tymsallary 25:9).

Dawa goşulma. Iki adamyň sögüşýändigini görmek ýakymsyz bolýar. Üçünji adam goşulsa bolsa, ýagdaý has-da kynlaşýar. Ene-ataň arasyndaky dawa goşulasyň gelse-de, ony çözmek seniň däl-de, olaryň işi. Şonuň üçin şahsy meselelerde Mukaddes Ýazgylardaky: «Başgalaryň işine goşulma» diýen maslahata eýerjek bol (1 Selanikliler 4:11). Diýmek, olaryň dawasyna goşulmaly däl.

Olary biri-birine garşy goýma. Ýaşlaryň käbiri ene-atasyny öjükdirip, bir-biri bilen dawalaşdyrýar. Soran zadyna ejesi rugsat bermese, kakasyndan rugsat almak üçin her zat edýär. Şeýle ýaşlar maksadyna ýetse-de, ejesi bilen kakasynyň arasyndaky dartgynlylygy has-da güýçlendirýär.

Olara meňzeme. Piter atly ýetginjek kakasynyň gödek hereketlerine gaýtargy bermek üçin mesihçilere ýaraşmaýan häsiýetleri görkezip başlandygyny aýdýar. Ol: «Men kakamdan ar alasym gelýärdi. Sebäbi ol ejem bilen gyz doganymy gaty köp kemsidýärdi» diýýär. Ýöne Piteriň hereketi erbet netije berdi. Mundan näme öwrenip bolýar? Nädogry hereket etmek maşgalada diňe agzalalyk döredýär (Galatýalylar 6:7).

Şu bapdaky maslahatlaryň haýsysyny has köp ulanmak isleýändigiňi ýaz. ․․․․․

Dogrudanam, sen ene-ataňy dawalaşmakdan saklap bilmersiň. Ýöne Ýehowanyň saňa şeýle ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek etjekdigine ynanyp bilersiň (Filipililer 4:6, 7; 1 Petrus 5:7).

Ýokarda berlen maslahatlara eýermek üçin eliňde baryny et. Wagtyň geçmegi bilen, ene-ataň düşünişmezligi çözmegi öwrener. Netijede, siziňem öýüňizde agzybirlik höküm sürer.

INDIKI BAPDA

Ejeň ýa-da kakaň ýok bolsa, kynçylyklara duş gelmegiň mümkin. Bulary nädip ýeňip bilersiň?

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Siziň hem sözleriňiz ýakymly bolsun». Koloslylar 4:6

MASLAHAT

Ene-ataň yzygiderli dawalaşýan we dawasy urşa ýazýan bolsa, olara kömek gerekdigini sypaýyçylyk bilen aýt.

BILÝÄŇIZMI?

Bir-birini söýýän adamlaryň hem käwagt pikirleri deň gelmän bilýär.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Ene-atam dawalaşyp başlasa, men...

Ene-atam haýsy hem bolsa biriniň tarapyny tutmagy talap etse, men...

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym:

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

Käbir ene-atalar näme üçin dawalaşýar?

Olaryň dawalaryny çözmek näme üçin seniň işiň däl?

Olaryň ýalňyşyndan nähili sapak edinip bilersiň?

[201-nji sahypadaky sitata]

«Ene-atam bikämil bolandygy üçin olaryň arasynda düşünişmezligiň boljakdygyna düşünýärin. Şonuň üçin dawalaşsalar-da, känbir göwnüme almaýaryn» Keti

[206, 207-nji sahypadaky surat]

Ene-atam aýrylyşsa näme edip bilerin?

Eger ene-ataň aýrylyşsa, dörän erbet duýgulara garamazdan nädip paýhasly hereket edip bilersiň? Şu maslahatlary ulanyp gör:

Boş arzuw etme. Belki, sen, ilki bilen, ene-ataňy ýaraşdyrmak isleýänsiň. Anna atly gyz şeýle gürrüň berýär: «Ene-atam aýrylyşansoňam käte bizi bir ýerlere alyp gidýärdiler. Şonda jigim ikimiz pyşyrdaşyp: „Olar bile galar ýaly, ýör, öňe ylgaly“ diýşerdik. Ýöne munuň hiç hili peýdasy bolmady. Olar barybir ýaraşmady».

Süleýmanyň tymsallary 13:12-de: «Çykmadyk tama ýürege dertdir» diýilýär. Ene-ataňa derek karara gelip bilmejekdigiňi ýatdan çykarmasaň, çendenaşa gaýgy-alada etmersiň. Olaryň aýrylyşmagyna sen günäkär däl we olary ýaraşdyrmaga-da seniň güýjüň ýetmez (Süleýmanyň tymsallary 26:17).

Ýigrenme. Eger ýüregiňde ejeňe ýa kakaňa ýa-da ikisine hem ýigrenç döretseň, gowulygyň üstünden eltmez. Tom 12 ýaşynda nähili duýgulary başdan geçirendigini aýdyp, şeýle gürrüň berýär: «Kakama gaharym gelýärdi. Men oňa: „Seni ýigrenýärin“ diýmesem-de, ondan gaty närazydym. Bizi gowy görýän bolsa taşlap gitmezdi diýýärdim».

Aslynda, ene-ataň biri gowy, beýlekisi bolsa erbet bolandygy üçin aýrylyşmaýar. Olar arasyndaky düşünişmezlik barada saňa doly aýdýan däldir. Belki, näme üçin şeýle bolandygyna olaryň özleri hem doly düşünýän däldir. Şonuň üçin näme bolandygyny doly bilmän, belli bir netije çykarmaga howlukma (Süleýmanyň tymsallary 18:13). Elbetde, şeýle ýagdaýda gaharyňy saklamak aňsat däl we käte lapykeç hem bolýansyň. Ýöne gaharlanyp, ar almak isleseň, özüňe zyýan ýetirersiň. Mukaddes Ýazgylardaky: «Gahardan saklan, gazaby taşla» diýlen maslahat örän ýerlikli (Zebur 37:8).

Dogry garaýyşda bol. Käbir ýaşlar taşlap giden ejesini ýa-da kakasyny ýigrenýän bolsa, başgalar ony gowy görüp, başyna täç edäýjek bolýar. Bir ýetginjek oglanyň kakasy köp içýärdi we aýalyny taşlap, başga bir aýal bilen ýaşaşýar. Iň soňunda, ejesi bilen kakasy aýrylyşýar. Kakasynyň şeýle edendigine garamazdan, ol oglan kakasyny hudaý ýaly görendigini aýdýar.

Ýaşlaryň käbiriniň şeýle pikir etmegi geň galdyrmaýar. Sebäbi är-aýal aýrylyşandan soň, çagalaryň aladasyny etmek we olara terbiýe bermek köplenç enäniň boýnuna galýar. Hatda ýanýoldaşy çagalary üçin her aý kömek puluny berse-de, aýal maşgala çagasyny eklemek aňsat düşýän däldir. Munuň tersine, çagalaryň kakasy gowy gazanç edýän bolsa, belki, çagalary bilen görşende olara islän zadyny alyp berýändir we olar hezil edýändir. Ejesiniň bolsa, her bir teňňesi sanalgydyr we ol hemişe çagalaryna: «Ony et, muny etme» diýýändir. Gynansak-da, käbir ýaşlar Ýehowanyň Şaýady bolan ejesini taşlap, gowurak ýaşaýan hem-de köp erkinlik berýän iman etmeýän kakasy bilen ýaşamaga gidýär (Süleýmanyň tymsallary 19:4).

Eger senem kim bilen ýaşamalydygyny saýlamaly bolsaň, durmuşda nämäni birinji orunda goýýandygyňy barla. Sen ahlak taýdan görkezmä we terbiýä mätäçdigiňi ýatdan çykarma. Ejeň ýa-da kakaň berjek şeýle görkezmesinden we terbiýesinden başga hiç bir zat seniň häsiýetiňe we gelejegiňe güýçli täsir etmeýär (Süleýmanyň tymsallary 4:13).

[203-nji sahypadaky surat]

Ene-atasyna düşünişmezligi çözmegi öwredýän ýaşlar, uçarmana uçary sürmegi öwredýän ýolagça meňzeýär