Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Kakam arakhor ýa-da neşekeş bolsa näme edip bilerin?

Kakam arakhor ýa-da neşekeş bolsa näme edip bilerin?

23-NJI BAP

Kakam arakhor ýa-da neşekeş bolsa näme edip bilerin?

«Kakam maşynyny bejermäge gitdi, ýöne ondan uzakly gün habar bolmady. Ejem oňa näçe jaň etse-de, jogap bermedi. Ejem alada edip, bir ýerlere gitjek bolanda: „Nirä barýaň?“ diýip soradym. Ol: „Kakaňy gözlemäge“ diýdi.

Biraz wagtdan ejem öýe ýeke geldi. Men oňa: „Kakam şol ýerde ekenimi?“ diýenimde, ol: „Ýok“ diýip jogap berdi.

Şonda men kakamyň ýene-de neşe çekip, köne endigine başlandygyna düşündim. Ol öýe gelende ejem ikimiz gahardan ýaňa ýarylaýjak bolduk. Ertesi gün men kakam bilen gürleşmedim, munuň üçin bolsa özümi günäkär duýýaryn». 14 ýaşly Karen

MILLIONLARÇA ýaşlar kakasynyň içýändigi ýa-da neşe çekýändigi üçin hemişe kynçylyk çekip ýaşaýarlar. Eger seniňem kakaň şeýle zada baş goşan bolsa, muňa utanýansyň, keýpiň gaçýandyr, hatda gaharyň hem gelýändir.

Meselem, köpler Meriniň kakasyny gowy adam diýip tanaýardy. Ýöne onuň arakhordygyny bilmeýärdiler. Ol öýünde aýalyny we çagalaryny kemsidýärdi hem-de olara sögýärdi. Meri zeýrenip şeýle diýýär: «Adamlar bize: „Siziň gowy kakaňyz bar. Bagtyňyz çüwüpdir“ diýýärdi» a.

Seniňem kakaň arakhor ýa-da neşekeş bolsa näme edip bilersiň?

Sebäbini bil!

Ilki bilen, kakaň näme sebäpden içýändigine ýa-da çekýändigine düşünjek bol! Süleýmanyň tymsallary 1:6-da: «Düşünjeli adam sagdyn maslahatlar alsyn» diýilýär. Şol sebäpli arakhorlygyň ýa-da neşekeşligiň nämedigini we muňa nähili adamlaryň hem-de näme sebäpden baş goşýandygyny bilseň gowy bolar.

Mysal üçin, spirtli içgileri käwagt aşa köp içýän adama arakhor diýip bolmaz. Arakhorlyk — yzygider çendenaşa köp içmeklikdir b. Şeýle adam ýatsa-tursa diňe içmek barada pikirlenýär we bir içip başlansoň saklanyp bilmeýär. Netijede, ol maşgalasyna, işine we saglygyna zyýan ýetirýär.

Käbir adamlar spirtli içgileri içmäge ýykgyn bolsa-da, muňa olaryň duýgy taýdan ejir çekmegi hem sebäp bolýar. Arakhorlaryň köpüsi özüne kembaha garaýandygy üçin içip başlaýar (Süleýmanyň tymsallary 14:13). Belki-de, olaryň käbiriniň ene-atasy arakhor bolandyr. Netijede bolsa, olar çagalykdaky erbet ýatlamalaryny spirtli içgileri içip unutjak bolýandyr. Neşekeş adamlar barada-da şeýle diýse bolýar.

Dogrudanam, spirtli içgileri içmek ýa-da neşe çekmek adamyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmän, gaýtam, pikirlenmek ukybyna we duýgularyna güýçli zyýan ýetirýär. Ine, şonuň üçinem kakaňa bu zalym duşmandan azat bolmak üçin ökde lukmanyň kömegi gerek we yzygiderli bejergi almaly bolar.

Köp zada garaşma!

Elbetde, kakaň näme sebäpden özüni şeýle gödek alyp barýandygyna düşüneniň bilen kynçylyk öz-özünden çözülmeýär. Ýöne onuň näme üçin spirtli içgi içýändigini ýa-da neşe çekýändigini bilseň, onuň duýgusyna gowy düşünersiň.

Aýdaly, kakaň aýagy döwülýär. Sen ondan özüň bilen futbol oýnamagy haýyş edermiň? Mümkin, onuň aýagy eden nädogry hereketi sebäpli döwlendir. Elbetde, sen kakaň aýagynyň döwlendigi üçin gynanarsyň. Galyberse-de, kakaň aýagy bitýänçä seniň bilen top oýnap bilmejekdigine düşünseň, kakaňdan köp zada garaşmarsyň.

Edil şonuň ýaly, kakaň arakhor ýa-da neşekeş bolsa, beden we duýgy taýdan sagdyn bolmaýar. Dogrudanam, bu «şikes» onuň öz goýberen ýalňyşy. Munuň üçin bolsa sen: «Ony ýazgarmaga hakym bar» diýip, pikir edýän bolmagyň mümkin. Emma ol bu «şikesinden» saplanmasa, aladaçyl we gowy ata bolup bilmez. Häzirlikçe bolsa, onuň arakhorlygyny ýa-da neşekeşligini alan şikesi diýip hasapla. Şonda sen kakaňdan başarmajak zadyna garaşmarsyň!

Eliňde baryny et!

Kakaň erbet endigini taşlaýança, öýde kynçylyklar bolar. Ýöne olara döz gelmek üçin sen näme edip bilersiň?

Özüňi jogapkär saýma. Kakaň arakhor ýa-da neşekeş bolsa, jogapkärçiligi sen däl-de, diňe onuň özi çekmelidir. Sebäbi Galatýalylar 6:5-de: «Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» diýilýär. Sen ony erbet işleriniň netijesini görmekden goramaga borçly däl. Meselem, içip özüni bilmän ýatyrka, sen ony goramak üçin başlygyny aldamaga ýa-da öýe lül bolup gelende düşegine geçirmäge borçly däl.

Kömek soramaga höweslendir. Arakhor ýa-da neşekeş adam özüniň şeýle zatlara bagly bolup ýaşaýandygyny boýun almaýar. Şonuň üçin kakaň serhoş däl we rahat wagty, ejeň ýa-da özüňden ulularyň biri onuň erbet işleri sebäpli maşgalaňyzyň ejir çekýändigini hem-de nämäni özgertmelidigini aýdyp biler.

Mundan başga-da, kakaňdan şu soraglaryň jogabyny ýazmagy haýyş edip bilersiň: Spirtli içgileri içmegimi ýa-da neşe çekmegimi goýmasam özüme we maşgalama nähili zyýan ýeter? Bulary taşlasam nähili peýda berer? Kömegi kabul etmek üçin men näme etmeli?

Ýagdaý erbetleşse, ol ýerden git. Mukaddes Ýazgylarda dawa başlamanka ol ýerden gitmek maslahat berilýär (Süleýmanyň tymsallary 17:14). Dawa-jenjel turýan ýerde durup, öz başyňa bela satyn almak nämä gerek?! Şonuň üçin mümkinçilik tapyp, öz otagyňa gir ýa-da dostuň öýüne git. Eger kakaň el göterip başlasa, birini kömege çagyr.

Özüňi günäkärleme. Käbir ýaşlar kakasynyň arakhordygy ýa-da neşekeşdigi üçin özüni günäkärleýär. Aýratynam, kakasynyň erbet endikleri sebäpli söýgi bildirilmedik we goldaw berilmedik çagalar özüni şeýle duýmagy mümkin. Mukaddes Ýazgylarda ene-ataňa hormat goýmalydygy ündelýär (Efesliler 6:2, 3). «Hormat goýmak» diýlende, kaza we polisiýa işgärine sarpa goýşuň ýaly, ene-ataň hem tutýan ornuna hormat goýmagy aňladýar. Ýöne bu olaryň edýän erbet işlerini goldamagy aňlatmaýar (Rimliler 12:9). Şeýle-de olaryň edýän erbet işlerini ýigrenmek seniň erbet adamdygyňy görkezmeýär. Arakhorlyk we neşekeşlik hakykatdanam erbet zat (Süleýmanyň tymsallary 23:29—35).

Goldaw berjekler bilen gatnaş. Öýüňizde hemişe goh-galmagal bolýan bolsa, sen maşgalanyň aslyýetinde nähili bolmalydygyny göz öňüne getirip bilmezligiň ahmal. Şonuň üçin ruhy we duýgy taýdan berk adamlar bilen dostlaşmak wajyp. Ýygnakdaky dogan-uýalar seni ruhlandyryp, maşgalaňdaky bolýan dawa-jenjelleri biraz bolsa-da ýatdan çykarmaga kömek eder (Süleýmanyň tymsallary 17:17). Sen ruhy maşgaladaky dogan-uýalaryň birek-birege berýän goldawyny görüp, maşgalanyň hakykatdanam nähili bolmalydygyna göz ýetirersiň. Bu bolsa, maşgala babatda dörän nädogry garaýyşlaryňy ýeňmäge kömek eder.

Kömek sora. Bolýan zatlary içiňe salyp ýörme. Gaýtam, ruhy taýdan ösen we ynamdar birine içiňi dök. Ýygnak ýaşululary hem saňa kömek etmäge hemişe taýýar. Mukaddes Ýazgylarda ýaşulularyň «ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek boljakdygy» aýdylýar (Işaýa 32:2). Olardan kömek ýa-da maslahat soramaga ýaýdanma.

Ýokardaky alty maslahatyň, ilki bilen, haýsysyny ulanmak isleýändigiňi ýaz. ․․․․․

Sen maşgalaňda bolýan ýagdaýy üýtgedip bilmeseň-de, oňa bolan garaýşyňy üýtgedip bilersiň. Kakaňy üýtgetjek bolmagyň deregine, öz hereketleriňe ünsli bol. Sebäbi ýeke-täk üýtgedip biljek adamyň — seniň özüň. Pawlus resul: «Halas bolmak üçin tagalla ediň» diýdi (Filipililer 2:12). Şeýdip, sen dogry garaýşy saklarsyň; belki, bir gün kakaň hem içmegini ýa-da çekmegini goýar.

INDIKI BAPDA

Ene-ataň hemişe dawalaşýan bolsa näme edip bilersiň?

[Çykgytlar]

a Seniň kakaň arakhor bolsa, onda saňa kömek gerek. Uly ýaşly ynamdar adamlaryň biri bilen gepleş. Eger sen Ýehowanyň Şaýady bolsaň, ýygnak ýaşulusyna ýa-da ruhy taýdan ösen mesihçä ýüz tutup bilersiň.

b Şu bapdaky arakhorlyk we neşekeşlik barada aýdylýan prinsipler bulary edýän aýallara hem degişlidir.

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Adamyň paýhasy onuň gaharyny köşeşdirýändir». Süleýmanyň tymsallary 19:11

MASLAHAT

Ene-ataňy däl-de, olaryň edýän nädogry işlerini ýigren (Süleýmanyň tymsallary 8:13; Ýahuda 23).

BILÝÄŇIZMI?

Mukaddes Ýazgylardaky «hormat goýmak» diýen jümle «ygtyýarly adamy sylamagy» hem aňladyp biler (Efesliler 6:1, 2). Şonuň üçin senem ene-ataňa hormat goýmaly. Ýöne bu olaryň edýän işini hemişe goldamalydygyny aňlatmaýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Eger kakam sögse ýa-da ursa, men ․․․․․

Kakamy kömek soramaga höweslendirmek üçin, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

Käbir adamlar näme sebäpden arakhor ýa-da neşekeş bolýar?

Kakaň arakhordygyna ýa-da neşekeşdigine näme üçin sen günäkär däl?

Sen nämäni üýtgedip bilersiň? Muny nädip edip bilersiň?

[192-nji sahypadaky sitata]

«Kakam sebäpli ýüzümiň gyzarjak ýeri köp bolar. Ýöne men Ýehowa bil baglasam, onuň çydamaga güýç berjekdigine asla şübhelenmeýärin» Makwil

[198-nji sahypadaky çarçuwa]

Kakam ýa-da ejem Ýehowa gulluk etmegini goýsa näme etmeli?

Eger kakaň ýa ejeň Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlary boýunça ýaşamagyny bes etse ýa-da mundan beýläk mesihçi bolmak islemeýändigini aýtsa näme edip bilersiň?

Ilki bilen, Ýehowanyň seni günäkärlemeýändigini ýatdan çykarma. Mukaddes Ýazgylarda: «Her birimiz eden işlerimiz üçin Hudaýyň öňünde jogap bereris» diýilýär (Rimliler 14:12).

Sen gowy ýaşaýan deň-duşlaryň bilen özüňi deňeşdirme (Galatýalylar 5:26). Bir ýetginjek oglan kakasynyň taşlap gidendigini aýdýar. Soňra ol şeýle diýýär: «Bolan zatlara gynanyp ýörmegiň deregine, ýagdaýy nädip gowulandyryp bolýandygy hakda pikirlenseň gowy bolýar».

Ejeň ýa-da kakaň Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagyny bes etse we olaryň talap edýän zatlary Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelmese, olara gulak as we hormat goý. Sebäbi ene-atasy mesihçi bolsun, bolmasyn, Ýehowa çagalardan olara gulak asmagy talap edýär (Efesliler 6:1—3). Ene-ataň ýalňyşsa-da, olara gulak asyp we hormat goýup, Ýehowany söýýändigiňi görkezýärsiň (1 Ýahýa 5:3).

Ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barmagyňy dowam et. Ol ýerde saňa dogan-uýalar ruhy taýdan kömek eder we goldaw berer (Markus 10:30). Kakasy Ýehowa gulluk etmegini goýanda, Deýwid atly ýetginjek ýygnakdaky dogan-uýalar maşgalasy bilen gatnaşmaz öýdüp gorkýar. Soňra ol nädogry pikir edendigine düşünýär. Deýwid: «Biz özümizden gaçylýan ýaly duýmadyk. Sebäbi dogan-uýalar bizi ak ýürekden goldaýardy» diýýär.

[194-nji sahypadaky surat]

Kakaň arakhorlygyny ýa-da neşekeşligini alan şikesi diýip hasapla. Şonda sen ondan köp zada garaşmarsyň!