Azar berseler özümi nädip goramaly?
14—NJI BAP
Azar berseler özümi nädip goramaly?
Dogry ýa-da nädogrudygyny belle.
1. Azar berenlerinde diňe bedeniňe zyýan ýetýär.
□ Dogry
□ Nädogry
2. Ahlaksyzlyk etmäge yrmaklyga diňe eýläňi-beýläňi ellemekleri degişli.
□ Dogry
□ Nädogry
3. Gyzlaram azar berip ýa-da ahlaksyzlyk etmäge yryp bilýär.
□ Dogry
□ Nädogry
4. Eger azar berseler ýa-da ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsalar, sen hiç zat edip bilmeýärsiň.
□ Dogry
□ Nädogry
MILLIONLARÇA ýaşlar her gün azar berilýändigi üçin mekdebe gitmäge gorkýar. Raýn atly oglan şeýle gürrüň berýär: «Mekdep awtobusyndaky 15 minutlyk wagt 15 ýyla dönýär, sebäbi oglanlar azar berip sögýärler, hatda urmakdanam gaýtmaýarlar». Başgalary bolsa ahlaksyzlyk etmäge mejbur edýärler. Anita atly ýaş gyz şeýle diýýär: «Özüne gaty göwni ýetýän bir oglan meni mekdepde burça dykyp, eýlämi-beýlämi elleşdirip başlady. Men oňa „eliňi aýyr“ diýsem-de, gulak asmady. Ol meniň bu zatlary çynym bilen aýdýandygyma düşünmedi öýdýän».
Käbir ýetginjeklere bolsa synpdaşlary hatda Internet arkaly azar berýär. Senem şeýle ýagdaýa düşüp gördüňmi? Eger şeýle ýagdaýa duşsaň näme etmeli? Munuň birnäçe usuly bar. Ýöne, ilki bilen, babyň başynda aýdylanlaryň haýsysynyň dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny anyklaly.
1. Nädogry. Azar bermeklige diňe bir urup-ýençmek däl, eýsem söz bilen hem hüjüm etmek, ýagny gorkuzmak, kemsitmek, ýaňsylamak we üstünden gülmek degişli.
2. Nädogry. Ahlaksyzlyk etmäge yrmak üçin diňe bir eýläňi-beýläňi ellemek däl, eýsem biriniň jynsy höwesini oýarmak üçin «kakdyrylyp» aýdylýan sözler, edepsiz degişmeler we erbet niýet bilen seretmek hem ýeterlikdir.
3. Dogry. Diňe oglanlar däl, hatda gyzlaram azar berip, ahlaksyzlyk etmäge yryp bilýär.
4. Nädogry. Azar bermezler ýaly öňüni alyp bilersiň. Gel, muny nädip etmelidigine seredeli.
Uruşman gaýtawul berip bilersiň!
Azar berýän ýaşlaryň käbiri özüňi nähili alyp barýandygyňy görjek bolup seni gižželeýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar» diýilýär (Wagyz kitaby 7:9). Şonuň üçin «ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy» berseň, oduň üstüne ýangyç sepýän ýaly bolar we ýagdaýy has-da kynlaşdyrar (Rimliler 12:17). Onda azar berýänlere uruşman nädip gaýtawul berip bolýar?
Känbir ýüregiňe alma. Eger üstüňden gülüp başlasalar öýkelemän, gülüp oýna sal. Eliý atly oglan: «Azar berenlerinde beter üns bermeseň gowy bolýar» diýýär. Olar aýdýan zatlarynyň saňa onçakly täsir etmeýändigini görüp, azar bermegini bes ederler.
Ýumşak bol. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýumşak jogap gahary ýatyrýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 15:1). Azar berýänler ýumşak jogap berersiň diýip asla pikir etmeýär. Şonuň üçin ýumşak gepleşseň, ýagdaýy birazajyk bolsa-da gowulandyryp bilersiň. Diýmek, rahatlygy saklamak üçin özüňe erk etmeli. Bu seniň edip biljek iň gowy zadyň! Süleýmanyň tymsallary 29:11-de: «Akylsyz bütin gaharyny daşyna çykarýandyr; akyldar adam bolsa saklap oňa basalyk edýändir» diýilýär. Ýumşaklyk gowşaklygyň alamaty däl-de, güýçlüligiň alamaty. Şeýle adamy aňsat-aňsat gaharlandyryp bolmaýar, başgalara azar berýänler bolsa köplenç özüni ynamsyz duýýar, gaharlanýar, hatda göwnüçökgünlige-de düşýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda: «Gahary giç gelýän adam pälwandan rüstem gelýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 16:32).
Özüňi gora. Ýagdaý beterleşse, ol ýerden gitmegiň başga usulyny tapjak bol. Süleýmanyň tymsallary 17:14-de: «Dawa turmazyndan öň jedeli taşla» diýilýär. Ýagdaýyň gowulyk bilen gutarmajakdygyna gözüň ýetse, ol ýerden gaýt, gerek bolsa gaç. Eger gaçyp bilmeseň, zalymlyk etmän özüňi goramaga çalyş.
Birine aýt. Nähili kynçylyga düşendigiňi ene-ataňdan gizleme. Olar saňa gowy maslahatlary berip biler. Mysal üçin, olar bolan zatlary mugallymyňa ýa-da müdire aýt diýmekleri ahmal. Ene-ataň we mugallymlaryň bu meseläni kynçylyk döretmän çözjekdigine şübhelenme!
Iň esasy zat, azar berýäniň elindäki oýnawajy bolma. Şeýtseň, ol saňa hiç zat edip bilmez. Şonuň üçin onuň ýamanlygyna ýamanlyk bilen jogap berme. Gaýtam, kynçylygy çözmek üçin, ýokardaky maslahatlara eýer.
Ahlak taýdan arassa bol
Eger kimdir biri eýläňi-beýläňi ellejek bolsa gaharyň gelýändir. Ýöne şeýle ýagdaýda özüňi nädip goramaly? Gel, muny bilmek üçin aşakdaky maslahatlara seredeli.
Çürt-kesik ýok diý. Azar berýän oglan (gyz) seniň ýaýdanyp, ynamsyzlyk bilen «ýok» diýip aýdan sözüňi «hawa» diýip kabul edip biler ýa-da şeýle zatlary özi hem isleýär diýip düşüner. Şonuň üçin «ýok» diýen sözüň ýoklugyna-da galsyn (Matta 5:37). Ýöne sen ýalym-ýulum ýa-da näz-kereşme etseň, hatda utansaňam, ol saňa nädogry düşünmegi mümkin. Şonuň üçin ynamly bolup, gönümel jogap ber. Bu özüňi goramagyň iň gowy usuly!
Gaty ses bilen gygyr. Anita şeýle ýatlaýar: «Men oňa dostlarynyň ýanynda gygyryp, „maňa eliňi DEGIRME“ diýip masgara etdim. Dostlarynyň hemmesi onuň üstünden güldüler. Ol meniň bilen birnäçe wagt gepleşmän gezdi, ýöne soň ötünç sorady. Bir gezek bolsa biri maňa azar berjek bolanda, ol meni gorady».
Aýdanyň peýda etmese, ol ýerden gaýt. Gaçsaň has gowy bolar. Gaçmak başartmasa, özüňi gorar ýaly eliňden gelenini et (Kanun taglymaty 22:25—27). Ýehowanyň Şaýady bolan bir gyz şeýle diýýär: «Bir oglan gujaklajak bolanda, bar güýjüm bilen ony urdum we gaçdym».
Bu hakda başgalara aýt. 16 ýaşly Adriýana şeýle gürrüň berýär: «Dostum diýip ýören oglanym günüme goýmaýardy. Men näçe garşylyk görkezsem, ol şonça-da beter edýärdi. Meniň aýdýan sözlerim onuň üçin oýun ýalydy. Ahyrsoňy,
bu hakda ene-atama aýtmaly boldum». Ene-atasy Adriýana näme etmelidigini öwretdi. Ene-ataň saňa-da kömek eder!Biri azar berse ýa-da ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsa, oňa garşy durmak aňsat däl. Ýöne bir zady ýatda sakla: Mesihçi ýaşlar azar bermek ýa-da ahlaksyzlyga yrmak üçin edilýän hokgalara çydap ýörmeli däl. Ýokarda agzalan maslahatlara eýerseň, şeýle kynçylyklaryň hötdesinden gelip bilersiň.
ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 18-NJI BABYNA SERET
Deň-duşlaryň täsirine garşy durmak iň kyn synaglaryň biri. Şeýle ýagdaýa duşanyňda özüňi nädip ynamly alyp barmalydygyny öwren.
ESASE PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Mümkin boldugyndan, ähli adamlar bilen parahat ýaşamak üçin eliňizde baryny ediň». Rimliler 12:18
MASLAHAT
Azar berseler çürt-kesik, ýöne gaharlanman jogap ber we ol ýerden git. Bu-da peýda bermese, birine aýt.
BILÝÄŇIZMI?
Futbol topary ýa-da başga bir zat bilen baglanyşykly eşikleri geýmek howply bolup biler. Sebäbi käbir eşikleriň reňki, tikilişi we suratlary belli bir toparyň nyşany hasaplanýar. Bir toparyň agzasy bolan adam şeýle diýýär: «Eger kimdir biri biziňki ýaly eşigi geýip-de, toparymyza goşulmasa, oňa: „Ýa bize goşul, ýa-da işiňi göreris“ diýýärdik».
SEN NÄME ETMEKÇI?
Biri kemsitjek ýa-da azar berjek bolsa, men ․․․․․
Kyn ýagdaýyň öňüni almak üçin, men ․․․․․
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Azar berenlerinde ynamly bolmaga we özüňi rahat duýmaga näme kömek eder?
● Ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsalar näme edersiň? (Bolup biljek ýagdaý we näme etjekdigiň barada pikirlen).
● Ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsalar näme üçin göz ýummaly däl?
[123-nji sahypadaky sitata]
«Oglanlaryň uruşmaga barýandygyny bileniňde, olara goşulman öýüňe gaýtmaly. Käbir oglanlar goşulyp, öz başyna bela satyn alýarlar» Haýro
[125-nji sahypadaky çarçuwa]
Ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolmazlar ýaly näme etmeli?
Näz-kereşme etme. Eger näz-kereşme etseň, azar berip başlarlar. Mukaddes Ýazgylarda: «Bir adam ody gujaklar-da eginbaşy ýanmazmy?» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 6:27). Näz-kereşme etmek, edil ot bilen oýun eden ýalydyr.
Dostlaryňy dogry saýla. Il arasynda: «Ýigidi dostundan tana» diýlişi ýaly, saňa-da dostuňa garap baha bererler. Karla atly ýaş gyz: «Eger başgalaryň ünsüni özüne çekjek bolýanlaryň ýa-da göz-gaş kakyşmagy halaýanlaryň arasynda bolsaň, saňa-da hökman azar bererler» diýýär (1 Korinfliler 15:33).
Egin-eşigiňi ünsli saýla. Salykatly geýinmeseň, oglanlaryň (gyzlaryň) ünsüni özüňe çekmek isleýän ýaly bolup görnersiň we hökman onuň netijesini görersiň (Galatýalylar 6:7).
Ýehowanyň Şaýadydygyňy gizleme. Şonda hiç kim saňa Hudaýyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolmaz (Matta 5:15, 16).
[124-nji sahypadaky surat]
Azar berýäne gahar bilen jogap bermek, oduň üstüne ýangyç guýan ýalydyr
[127-nji sahypadaky surat]
Ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsalar, çürt-kesik jogap ber