Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

23-NJI BÖLÜM

Biziň edebiýatlarymyz nädip ýazylýar we terjime edilýär?

Biziň edebiýatlarymyz nädip ýazylýar we terjime edilýär?

Ýazyjylar bölümi (ABŞ)

Günorta Koreýa

Ermenistan

Burundi

Sri Lanka

Biz «hoş habary» «her millete we taýpa, her dile we her halka» yglan etmek üçin edebiýatlarymyzy 750-den gowrak dilde çap edýäris (Ylham 14:6). Bu ägirt uly iş nädip ýerine ýetirilýär? Bu iş biziň dürli ýurtlarda ýaşaýan ençeme ýazyjylarymyz we terjimeçilerimiz arkaly amala aşyrylýar. Olaryň ählisi Ýehowanyň Şaýatlary.

Makalalar başda iňlis dilinde ýazylýar. Biziň bütindünýä baş edaramyzda ýerleşýän Ýazyjylar bölümine Ýolbaşçylyk mastlahaty gözegçilik edýär. Bu bölüm baş edaradaky we filiallardaky ýazyjylara ýolbaşçylyk edýär. Ýazyjylarymyzyň dürli ýurtlarda ýaşaýandygy sebäpli, edebiýatlarymyzdaky temalar ähli adamlar üçin gyzykly we peýdaly bolýar.

Makalalar terjimeçilere ugradylýar. Makalalar barlanyp, taýýar bolanyndan soňra, olaryň elektron görnüşi bütin dünýädäki terjimeçiler toparyna ugradylýar. Olar hem makalalary terjime edýärler, barlaýarlar we edebi diline laýyk geler ýaly, oňa düzediş girizýärler. Terjimeçiler iňlis dilinde berlen pikirleriň ene dilinde düşünikli bolmagy üçin «dogry we hak sözleri» saýlamaga jan edýärler (Wagyz kitaby 12:10).

Kompýuterler işi aňsatlaşdyrýar. Kompýuter adamlara derek ýazyp ýa-da terjime edip bilmeýär. Emma olaryň kömegi bilen terjimeçileriň işi aňsatlaşýar, ýagny olar sözlükleri ulanmaga we gözleg geçirmäge ýardam edýär. Ýehowanyň Şaýatlary edebiýatlary dürli dillerde taýýarlamaga kömek edýän elektron sistemasyny döretdiler (MEPS). Onuň kömegi bilen edebiýatlarymyz ýüzlerçe dillerde çap edilmäge taýýarlanylýar.

Biz näme üçin edebiýatlarymyzy ýüzlerçe dillere terjime etmäge jan edýäris? Sebäbi Ýehowa «bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini» isleýär (1 Timoteos 2:3, 4).

  • Biziň edebiýatlarymyz nädip taýýarlanylýar?

  • Biz näme üçin edebiýatlarymyzy ençeme dillere terjime edýäris?