Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GAÝTADAN IDEG EDIŇ

9-NJY SAPAK

Duýgudaş boluň

Duýgudaş boluň

Aýat: «Şatlanýanlar bilen şatlanyň, aglaýanlar bilen aglaň» (Rim. 12:15).

Isa pygamber näme etdi?

1. WIDEONY görüň ýa-da Markus 6:30—34-nji aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:

  1.   a) Isa pygamber şägirtleri bilen näme üçin «çola ýere» gidýär?

  2.  b) Isa pygamber märekä näme üçin wagyz edýär?

Biziň üçin sapak

2. Biz adamlaryň ýagdaýyna düşünsek, olara kömek etmek üçin hoş habary wagyz ederis.

Isa pygamberiň göreldesine eýeriň

3. Ünsli diňläň. Sözüni bölmäň. Goý, ol biynjalyk edýän zatlaryny, aladasyny we kynçylygyny arkaýyn gürrüň bersin. Aýdýan zatlaryny ünsli diňläň. Şonda ol siziň ak ýürekden kömek etmek isleýändigiňizi duýar.

4. Gyzyklanýan adam hakda oýlanyň. Onuň bilen eden gürrüňdeşligiňiz barada pikirlenip, özüňize şu soraglary beriň:

  1.   a) Hakykat oňa nädip kömek edip biler?

  2.  b) Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlasa, häzirki durmuşy we gelejegi nädip gowulaşar?

5. Kömek edäýjek tema hakda gürrüň ediň. Mümkin bolsa, biynjalyk edýän soraglaryna Mukaddes Kitapdan jogap tapyp beriň we okuw geçmegiň peýdasyny düşündiriň.