Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ON DÖRDÜNJI BAP

Ol rehimdar bolmagy öwrendi

Ol rehimdar bolmagy öwrendi

1. Ýunus pygamber nähili ýol geçmelidi we ol özüni nähili duýýardy?

ÝUNUS PYGAMBER köp oýlanýar. Sebäbi ol Ninewe şäherine barmak üçin 800 km ýol geçmelidi. Muňa bolsa, bir aýa golaý ýa-da ondan hem köpräk wagt gerekdi. Ilki bilen, ol gysga ýa-da howpsuz uzak ýoly saýlamalydy. Ol jülgeleriň içinden geçip, dagyň ýodalaryndan ýöremelidi. Ol Siriýa çölüniň içinden we joşup duran Perat derýasyndan geçip, Siriýanyň (Aram), Mesopotamiýanyň hem-de Aşuryň şäherdir obalaryndaky ýat adamlaryň arasynda gijelerine ýatar ýaly ýer gözlemelidi. Günler geçip, Ninewe şäherine golaýlaşdygy saýyn, Ýunus pygamber has-da ünjä düşýär.

2. Ýehowa Ýunus pygambere tabşyrylan ýumuşdan gaçmazlygy nädip öwretdi?

2 Ýunus pygamber bir zady öwrenipdi: ol tabşyrylan ýumuşdan gaçyp bilmeýärdi. Sebäbi ol muny eýýäm edip görüpdi. Geçen bapdan bilşimiz ýaly, Ýehowa deňizde tupan turzup, Ýunus pygamberi uly balyk arkaly halas edip, oňa sabyrlylyk bilen sapak berdi. Üç günden soň, balyk Ýunusy kenara gusýar we ol Hudaýdan gorkup, oňa boýun bolýar (Ýunus 1, 2-nji baplar).

3. Ýehowa Ýunus pygambere haýsy häsiýetini görkezdi we nähili sorag ýüze çykýar?

3 Ýehowa Ýunus pygambere Ninewe şäherine ikinji gezek gitmeli diýende, ol Hudaýa gulak asyp, gündogara tarap uzak ýola düşýär (Ýunus 3:2, 3-nji aýatlary oka) *. Ýehowa Ýunus pygamberi düzedensoň, ol garaýşyny üýtgetdimi? Ýehowa ony halas edip, rehimdarlygyny görkezdi we gulak asmandygy üçin temmi bermegiň deregine ýumşuny ýerine ýetirer ýaly, ýene bir mümkinçilik berdi. Şondan soň Ýunus pygamber adamlara rehim etmegi öwrendimi? Bikämil adam üçin rehimdar bolmak köplenç kyn bolýar. Gel, Ýunus pygamberiň mysalyndan näme öwrenip bolýandygyna seredeli.

Ýehowanyň hökümi we ninewelileriň toba gelmegi

4, 5. Ýehowa Ninewe şäherini näme üçin wajyp hasaplaýardy we biz mundan Ýehowa barada näme bilýäris?

4 Ýunus pygamberden tapawutlylykda Ýehowa Ninewe şäherini wajyp hasaplaýardy. Ýunus kitabynda Ninewe şäheriniň «beýik» we «uly» bolandygy aýdylýar (Ýunus 1:2; 3:2; 4:10). Ýehowa bu şäheri näme üçin beýik ýa-da wajyp saýýardy?

5 Ninewe Tupandan soň Nimrodyň guran şäherleriniň biridi. Oňa birnäçe şäherler degişlidi we onuň bir çetinden beýleki çetine barmak üçin üç gün gerekdi (Gel. çyk. 10:11; Ýunus 3:3). Nineweniň uly ybadathanalary, berk diwarlary we başga-da ymaratlary haýran galdyrýardy. Ýöne Ýehowa Hudaý bu zatlary däl-de, onuň ýaşaýjylaryny gymmat saýýardy. Şol döwürde Ninewe köp ilatly şäherdi. Adamlaryň erbetdigine garamazdan, Ýehowa olaryň aladasyny edýärdi. Ol adamyň janyny gymmat saýýar we olaryň her biriniň toba edip, dogry işleri etmegi öwrenip bilýändigine ynanýar.

Ýunus pygamber Nineweniň uly şäherdigini we onda köp erbetlik edilýändigini gördi

6. a) Ýunus pygamber Ninewe şäheriniň ýaşaýjylarynyň sanyndan näme üçin gorkdy? (Şeýle-de çykgyda seret). b) Biz Ýunus pygamberiň wagyz edişinden näme öwrenip bileris?

6 Ýunus pygamber Ninewe şäherine baranda, 120 müňden gowrak ilatynyň bardygyny bilip, gaty gorkýar *. Ol bir gün aýlanyp, köp adamlaryň üýşýän ýerinde Hudaýyň hökümini yglan edýär. Ol adamlara bu habary nädip ýetirdikä? Ýunus pygamber aşurlylaryň dilini bilýärdimi? Ýa-da gudrat arkaly şol dilde gepledimikä? Biz muny bilmeýäris. Belki, ol habaryny ýewreý dilinde aýdandyr, ninewelileriň biri bolsa terjime edendir. Olar Ýunus pygamberiň: «Ýene kyrk günden Ninewe ýykyljakdyr» diýen sözlerine düşünse-de, bu olar üçin gowy habar däldi (Ýunus 3:4). Ýunus pygamber bu habary batyrgaýlyk bilen birnäçe gezek aýdýar. Şeýtmek bilen, ol häzirki mesihçilere wajyp bolan batyrgaýlyk we iman ýaly häsiýetleri görkezdi.

Nineweliler Ýunus pygamberiň duýduryşyna düşünse-de, bu olar üçin gowy habar däldi

7, 8. a) Nineweliler Ýunus pygamberiň hökümine nähili seslendi? b) Nineweniň patyşasy Ýunus pygamberiň habaryna nähili garady?

7 Nineweliler aýak çekip, Ýunus pygamberiň habaryny diňleýär. Ol nineweliler gaharlanar öýtse-de, olar ony diňleýär! Ýunus pygamberiň habary ot ýaly az wagtyň içinde tutuş şähere ýaýraýar (Ýunus 3:5-i oka) *. Adamlaryň ählisi baý bolsun, garyp bolsun, uludan-kiçä toba edip, agyz bekleýär. Bu habar Ninewe patyşasyna hem ýetýär.

Ýunus pygambere ninewelilere wagyz etmek üçin berk iman we batyrgaýlyk gerekdi

8 Ol Ýunus pygamberiň habaryny eşidip, toba edýär. Patyşa tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykarýar-da, jul geýnip, «kül üstünde oturýar». Şeýle-de wezirleri bilen halka agyz beklemegi buýurýar. Patyşa hemmeleriň, hatda mal-garalaryň hem jul geýinmelidigini aýdýar *. Ol halkynyň erbetlik we zalymlyk edendigine toba edýär. Patyşa Hudaýyň rehim etmegine umyt edip: «Belki, Hudaý... gazabyndan saklanar; şeýdip, biz heläk bolmarys» diýýär (Ýunus 3:6—9).

9. Tankytçylar ninewelileriň toba gelendigine näme üçin şübhelenýär, emma olar näme üçin ýalňyşýar?

9 Käbir tankytçylar ninewelileriň şeýle tiz toba gelendigine şübhelenýär. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän alymlar bolsa, olaryň garaýşyny tiz üýtgedendigine geň galmaýarlar. Sebäbi olar gadymy döwürde şol medeniýetdäki adamlaryň yrymçy we durnuksyz bolandygyny belläp geçýär. Isa Mesih-de ninewelileriň toba edendiklerini aýtdy (Matta 12:41-i oka). Isa olaryň toba gelendigini görüpdi, sebäbi şol wagt ol gökde ýaşaýardy (Ýahýa 8:57, 58). Biz adamlaryň ýüregini bilmeýändigimiz üçin olaryň toba gelendigine şübhelenip bilmeýäris. Adamyň ýüregini diňe Ýehowa bilýär.

Hudaýyň rehimdarlygy adamyň garaýşyndan tapawutlanýar

10, 11. a) Ýehowa ninewelileriň toba edendigine nähili garady? b) Biz Ýehowanyň höküminiň ýalňyş däldigine näme üçin ynanyp bileris?

10 Ýehowa ninewelileriň toba edendigine nähili garady? Ýunus pygamber: «Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi» diýýär (Ýunus 3:10).

11 Bu Ýehowanyň ninewelileri ýok etmek babatda gelen kararynyň ýalňyşdygyny aňladýarmy? Ýok, aňlatmaýar. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň hökümleriniň kämildigi aýdylýar (Kanun taglymaty 32:4-i oka) *. Ýehowa adalatly Hudaý bolany üçin, onuň ninewelilere bolan gahary ýatýar. Ýehowa olaryň düzelendigini görüp, jeza bermekden el çekýär. Hudaýyň olara rehimi inýär.

12, 13. a) Ýehowa paýhasly, eglişik edýän we rehimdar Hudaýdygyny nädip görkezdi? b) Ýunusyň pygamberligi näme üçin ýalan däldi?

12 Ýalan dini ýolbaşçylar köplenç Hudaýy rehimsiz, doňýürek, hatda zalym edip görkezýärler. Aslynda, Hudaý paýhasly, eglişik edýän we rehimdardyr. Ol zalym adamlary ýok etmezden öň, ilki bilen, ýer ýüzündäki wekilleri arkaly duýdurýar. Sebäbi Ýehowa olaryň nineweliler ýaly toba edip, düzelmegini isleýär (Ezek. 33:11). Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly: «Men bir milleti ýa-da patyşalygy sogrup taşlamak, ýumrup ýok etmek barada jar etsem, emma gürrüňini eden bu milletim şonda erbetliginden dönse, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan el çekerin» diýdi (Ýer. 18:7, 8).

Hudaý zalym adamlaryň nineweliler ýaly toba edip, düzelmegini isleýär

13 Ýunusyň pygamberligi ýalandymy? Ýok, ýalan däldi. Ýunus pygamber nineweliler toba etmese, näme boljakdygyny duýdurýar. Emma olar toba etdi. Ýöne nineweliler ýene-de zalymlyk edip başlasa, onda Ýehowanyň hökümi berjaý bolmalydy. Bu bolsa birnäçe ýyldan ýerine ýetýär (Sef. 2:13—15).

14. Ýunus pygamber Ýehowanyň Ninewe şäherine rehim edendigine nähili garady?

14 Ýunus pygamber Hudaýyň şäheri ýok etmändigine nähili garady? Mukaddes Ýazgylarda: «Ýunus muňa gaty gamlandy we onuň gahary geldi» diýilýär (Ýunus 4:1). Ol hatda Gudratygüýçli Hudaýa zeýrenip doga edýär! Ýunus pygamber dogduk mekanymda öýümde galsam gowy bolardy diýýär. Ol Ýehowa igenip, Ninewe şäherini ýok etmejekdigini öňem bilip, Tarşyşa gaçyp gidendigini aýdýar. Soňra ol ölümini diläp, ýaşanymdan ölenim gowudyr diýýär (Ýunus 4:2, 3-nji aýatlary oka) *.

15. a) Ýunus pygamberiň näme üçin gahary geldi? b) Ýehowa lapykeç pygamberine näme diýdi?

15 Ýunus pygamber nämä gynanýar? Biz onuň näme hakda pikir edendigini bilmesek-de, ol ninewelilere hökümini yglan edipdi. Olar hem Ýunus pygambere ynanandygy üçin, Ýehowa olara jeza bermedi. Ýunus pygamber indi onuň üstünden gülüp, ýalan pygamber diýerler öýtdümikä? Her näme-de bolsa, ol adamlaryň toba edendigine we Ýehowanyň rehimdarlygyna begenmedi. Gaýtam, ol gynanyp, özüne haýpy gelýär we abraýynyň gaçandygy barada alada edýär. Muňa garamazdan, rehimdar Hudaý lapykeç pygamberinde bir gowy zady gördi. Ýehowa igenen pygamberine temmi bermegiň deregine garaýşyny düzeder ýaly: «Seniň gaharlanmaga hakyň barmy?» diýip soraýar (Ýunus 4:4). Ýunus pygamber näme jogap berýär? Mukaddes Ýazgylarda bu barada hiç zat aýdylmaýar.

16. Käbir adamlaryň garaýşy Hudaýyňkydan nämede tapawutlanýar we biz Ýunusyň mysalyndan näme öwrenip bileris?

16 Biz Ýunus pygamberi ýazgarmagyň deregine, bikämil adamyň garaýşynyň Hudaýyňkydan tapawutlanýandygyny ýatdan çykarmasak gowy bolar. Käbir adamlar Ýehowa betbagtçylygyň öňüni almaly ýa-da erbet adamlara derrew jeza bermeli, hatda zalym dünýäni bireýýäm ýok etmelidi diýýär. Ýunusyň mysaly garaýşymyz Ýehowanyňkydan tapawutlansa, Hudaýyňkyny däl-de, öz garaýşymyzy üýtgetmelidigini görkezýär.

Ýehowa Ýunus pygambere rehimdar bolmagy öwredýär

17, 18. a) Ýunus pygamber Ninewe şäherinden çykansoň näme etdi? b) Ýehowanyň gudrat bilen suw kädisini ösdürmegi Ýunus pygambere nähili täsir etdi?

17 Lapykeç pygamber Nineweden çykyp, öýüne däl-de, gündogarda ýerleşýän daglara gidýär. Onuň depesinden daş-töwerek gowy görünýärdi. Ol özüne bir kiçiräk çatma ýasap, Ninewe şäherine seredip oturýar. Ol henizem şäheriň ýok edilmegine garaşýardy. Ýehowa özdiýenli pygamberine nädip rehimdar bolmagy öwredýär?

18 Ýehowa bir gijäniň içinde suw kädisini ösdürýär. Ýunus pygamber oýanyp, ýasan çatmasyndanam has gowy saýa berýän uly ýaprakly, gür ösümligi görüp begenýär. «Ýunusyň göwni galkynýar», sebäbi ol muňa Ýehowanyň berekedi we razylygy hökmünde garandyr. Ýehowa ösümligi Ýunus pygamberi diňe bir yssydan goramak we gaharyny ýatyrmak üçin ösdürmeýär. Ol onuň ýüregine täsir etmek isleýär. Şonuň üçin Hudaý ýene-de bir gudrat görkezýär. Ol gurçugy iberip, ösümligi guradýar. Soňra Ýehowa gündogardan ýel öwüsdirýär we yssydan ýaňa Ýunus pygamberiň «ysgyn-mydary» galmaýar. Ol ýene-de lapykeç bolup, Hudaýdan ölümini dileýär (Ýunus 4:6—8).

19, 20. Ýehowa Ýunus pygambere suw kädisi arkaly nädip sapak berdi?

19 Ýehowa Ýunus pygamberden: «Ösümlik babatda gaharlanmaga hakyň barmy» diýip, ýene bir gezek soraýar. Ýunus pygamber toba etmegiň deregine özüni aklap: «Hawa, hakym bar. Gahardan ýaňa özüme ölüm dileýärin» diýdi. Indi Ýehowa oňa has aýdyň düşündirýär (Ýunus 4:9).

Hudaý Ýunus pygambere suw kädisi arkaly rehimdar bolmagy öwretdi

20 Hudaý Ýunus pygambere ekmedik, ösdürmedik we bir gijäniň içinde gögerip, guran ösümlik üçin gynanandygyny aýdýar. Soňra Ýehowa: «Sagyny-soluny saýgaryp bilmeýän ýüz ýigrimi müňden agdyk adama we köp mal-garasy bolan şeýle uly şäher Ninewä Meniň neneň haýpym gelmesin» diýip, sözüni jemleýär (Ýunus 4:10, 11) *.

21. a) Ýehowa Ýunus pygambere nähili sapak berdi? b) Ýunus pygamberiň mysaly özümizi barlap görmäge nädip kömek edýär?

21 Sen Ýehowanyň Ýunus pygambere beren sapagyna düşünýärmiň? Ol ösümligiň gögermegi üçin hiç zat etmedi. Ýehowa bolsa, ýer ýüzündäki ähli zatlary ýaradyşy ýaly, ninewelilere-de ýaşaýyş berip, gerekli zatlar bilen üpjün edýärdi. Ýunus pygamber bir ösümligi nädip 120 müň adamyň we mal-garalaryň janyndan gymmat saýyp bildikä? Ýa-da ol diňe özi barada alada etdimi? Aslynda, ol ösümlige däl-de, onuň saýa bermeýändigine gynanýardy. Ol nineweliler üçin däl-de, abraýyny saklap, aýdan sözleriniň dogrudygyny subut etjek bolup gaharlandymy? Ýunusyň mysaly özümizi çynlakaý barlamaga kömek edýär. Ähli adamlarda diňe özüni bilmeklik häsiýeti bar. Biz Ýehowanyň özi ýaly has rehimdar, has merhemetli we has-da janaýamaz bolmagy sabyrlylyk bilen öwredýändigine minnetdar bolmaly!

22. a) Ýunus pygamber Ýehowadan rehimdar bolmagy nädip öwrendi? b) Biz mundan näme öwrenip bileris?

22 Ýunus pygamber bu zatlardan sapak edindimikä? Onuň ýazan kitaby Ýehowanyň beren soragy bilen tamamlanýar. Käbir tankytçylar Ýunus pygamberiň jogap bermändigine nägile bolýar. Aslynda, soraga kitabyň özi jogap berýär. Sebäbi bu kitaby Ýunus pygamberiň özi ýazýar. Ol sag-aman dogduk mekanyna dolanyp gelensoň, başyndan geçiren wakalaryny ýazyp oturşyny göz öňüne getir. Gartaşan, kiçigöwünli we paýhasly pygamberiň eden ýalňyşlyklaryny, gulak asmandygyny we kesirlik bilen rehim etmändigini ýatlap, başyny ýaýkap ýazýandygyny göz öňüne getir. Görşümiz ýaly, Ýunus pygamber Ýehowanyň beren sapagyndan wajyp zady, ýagny rehimdar bolmagy öwrendi. Bizem öwrenerismi? (Matta 5:7-ni oka).

^ abzas 3 Ýunus 3:2 Ýunusa Rebbiň sözi ikinji gezek geldi: «Hany bol, Ninewä — şol beýik şähere git-de, Meniň özüňe aýdýanlarymy onuň halkyna ýetir!» 3 Şunlukda, Ýunus Rebbiň sözüne boýun boldy we Ninewä tarap ýola düşdi. Ninewe juda uly şäherdi. Onuň ol başyndan bu başyna çenli üç günlük ýoldy.

^ abzas 6 Ýunus pygamberiň günlerinde Ysraýylyň on taýpaly patyşalygynyň paýtagty Samariýanyň takmynan 20 müňden 30 müňe çenli ýaşaýjysy bardy. Bu bolsa, Ninewe şäheriniň ilatyndan dört esse azdy. Şol döwürde Ninewe dünýä boýunça gülläp ösýän iň uly şäherdi.

^ abzas 7 Ýunus 3:5 Nineweliler Hudaýa ynandylar. Olar uludan-kiçä oraza yglan etdiler we jul geýindiler.

^ abzas 8 Mal-garalara jul geýdirilmegi geň görülse-de, gadymy döwürde bu adaty zatdy. Grek taryhçysy Gerodotyň aýtmagyna görä, gadymy döwürde parslar tanymal serkerdebaşynyň ýasyny tutanda, mal-garalaryna-da jul geýdiripdirler.

^ abzas 11 Kanun taglymaty 32:4 Ol gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.

^ abzas 14 Ýunus 4:2 Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, wepaly söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn. 3 Indi bolsa, ýa Reb, meniň janymy al, çünki ýaşanymdan ölenim gowudyr».

^ abzas 20 Ýehowa ninewelileriň sagyny-soluny saýgaryp bilmeýär diýmegi bilen, olaryň çaga ýaly Hudaýyň kanunyny bilmeýändigini aýdýar.