Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

BIRINJI BAP

«Ol ölenem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär»

«Ol ölenem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär»

1. Adam atanyň maşgalasy Erem bagyna näme üçin girip bilmeýär we Habyl nämäni küýseýär?

HABYL dagyň etegindäki öri meýdanlarda goýunlaryny bakýardy. Ol uzakdan bir ýalpyldyny görýär. Habyl munuň Erem bagyny goraýan aýlanyp duran ýalynly gylyçdygyny bilýärdi. Bir wagt şol ýerde onuň ene-atasy ýaşapdy, emma indi ol ýere hiç kim girip bilmeýär. Göz öňüne getir, agşam çagy salkyn şemal Habylyň saçyny sypalaýar we ol göge seredip, Ýaradyjysy barada oýlanýar. Adamlar ýene-de Hudaýyň maşgalasyna goşularmy? Habyl muny gaty küýseýär.

2—4. Şu günler biz haýsy manyda Habyl bilen gepleşýäris?

2 Habyl şu günlerem biziň bilen gepleşýär. Biz ony nädip eşidip bilýäris? Bu nähili beýle bolup biler? Onuň ölenine ençeme ýyl boldy ahyryn! Habylyň topraga siňip gidenine alty müň ýyl geçdi. Mukaddes Ýazgylarda hem «ölüler hiç zat bilýän däldir» diýilýär (Wag. 9:5, 10). Şeýle-de Hudaýyň Sözünde Habylyň aýdan sözleri ýazylmandyr. Onda ol biziň bilen nädip gepleşýär?

3 Pawlus resul: «Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzir-de gepleýär» diýdi (Ýewreýler 11:4-i oka). Habyl imanyny berkiden ilkinji adamdy. Şol sebäpli şu günler bizem onuň göreldesine eýerip bileris. Biz onuň imanyndan görelde alsak, Habyl bilen gepleşen ýaly bolarys.

4 Mukaddes Ýazgylarda Habyl barada köp zat aýdylmasa-da, onuň imanyndan nädip görelde alyp bileris? Gel, muny bileli.

Ol «dünýä gurlan» döwri ýaşapdy

5. Isanyň Habyl «dünýä gurlan» döwri ýaşady diýen sözleri nämäni aňladýar? (Şeýle-de çykgyda seret).

5 Habyl adamzat taryhynyň ýaňy başlan döwründe doguldy. Isa-da Habylyň «dünýä gurlan» döwri ýaşandygyny aýtdy (Luka 11:50, 51-nji aýatlary oka). Ol günäden halas bolan adamlary göz öňünde tutupdy. Habyl ýer ýüzünde ýaşan dördünji adam bolsa-da, Hudaýyň töleg gurbanyna mynasyp adamlaryň ilkinjisi bolan bolmaly *. Görşümiz ýaly, ol erbet adamlaryň arasynda ulaldy.

6. Habylyň ene-atasy nähili adamdy?

6 Şol wagt dünýä ýaňy ýaradylan bolsa-da, ynsan maşgalasy kynçylykdan ejir çekýärdi. Habylyň ene-atasy Adam ata bilen How ene başda owadan we sagdyndy. Olar kämil wagty ebedi ýaşap bilýärdi. Emma Ýehowa Hudaýa garşy pitne turzansoň, olar Erem bagyndan kowuldy. Adam ata bilen How ene islegini çagalaryndanam ileri tutup, kämilligi we ebedi ýaşaýşy ýitirdi (Gel. çyk. 2:15—3:24).

7, 8. How ene Kabyly dogranda näme diýdi we ol nämäni göz öňünde tutan bolmaly?

7 Adam ata bilen How ene Erem bagyndan kowlansoň, durmuşynyň agyrdygyna göz ýetirdi. Emma How ene ilkinji ogluny dogrup: «Rebbiň kömegi bilen men bir ogul dünýä inderdim» diýip, adyna Kabyl dakdy. Ol Ýehowanyň Erem bagynda beren wadasyny, ýagny Şeýtany ýok etjek «nesli» göz öňünde tutan bolmaly (Gel. çyk. 3:15; 4:1). How ene özüne pygamberlikdäki aýal, Kabyla bolsa, wada edilen «nesil» öýden bolmaly.

8 Ol şeýle pikir eden bolsa, onda gaty ýalňyşýardy. Eger Adam ata bilen How ene Kabyly şeýle pikir bilen terbiýelän bolsa, oglunda tekepbirlik häsiýetini ösdürendir. Ýöne How ene ikinji ogluny dogranda, beýle pikirde bolmandy. Sebäbi Habylyň ady «dem», «biderek» diýmegi aňladýar (Gel. çyk. 4:2). How enäniň oňa şeýle at dakmagy Habyla däl-de, Kabyla köp umyt baglandygyny görkezýärmi? Biz muny bilmeýäris.

9. Şu günler ene-atalar Adam ata bilen How eneden nähili sapak edinip biler?

9 Şu günlerem ene-atalar olaryň mysalyndan sapak edinip biler. Siz aýdýan sözleriňiz hem-de edýän işleriňiz bilen çagalaryňyzda tekepbirlik, şöhratparazlyk we özüňi bilmeklik häsiýetini ösdürýärsiňizmi? Ýa-da siz olaryň Ýehowa Hudaýy söýmegini we onuň bilen dostlaşmagyny isleýärsiňizmi? Gynansak-da, ilkinji ene-ata borjuny gowy ýerine ýetirip bilmedi. Muňa garamazdan, olaryň neslinde umyt bardy.

Habyl imanyny nädip berkitdi?

10, 11. Kabyl bilen Habyl näme etmegi öwrendi we Habyl haýsy häsiýeti ösdürdi?

10 Adam ata iki ogluna terbiýe berende, maşgalasyny eklemek üçin, zähmet çekmegi öwretdi. Kabyl daýhan, Habyl bolsa, çopan bolup ýetişdi.

11 Emma Habyl has wajyp zady öwrendi. Ol Pawlus resulyň aýdan ajaýyp häsiýetini, ýagny imanyny birnäçe ýylyň dowamynda ösdürdi. Göz öňüne getir, adamlardan hiç kim oňa gowy görelde görkezmedi. Onda ol Ýehowa Hudaýa imanyny nädip berkitdi? Oňa üç zat kömek etdi. Gel, bu barada bileli.

12, 13. Habyl Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn edip, imanyny nädip berkitdi?

12 Ýehowanyň ýaradan zatlary. Ýehowa topragy näletläni üçin, hasyl almak kynlaşdy, sebäbi onda ýandak we haşal ot ösýärdi. Muňa garamazdan, Habylyň maşgalasy ýerden köp hasyl alýardy. Ýöne haýwanlara, guşlara, balyklara; daglara, köllere, derýalara, deňizlere; asmana, bulutlara, güne, aýa, ýyldyzlara nälet siňmedi. Habyl bu zatlara syn edip, olary ýaradan Ýehowa Hudaýyň söýýändigine, akyldardygyna we ýagşylyk edýändigine göz ýetirdi (Rimliler 1:20-ni oka). Habyl bu zatlar barada oýlanyp, imanyny berkitdi.

Habyl ýaradylan zatlara syn edip, söýgüden doly Ýaradyja iman etdi

13 Habyl Ýehowa barada oýlanmaga wagt tapýardy. Ol çopan bolany üçin köp ýerlere aýlanyp, sürüsini bakýardy. Ol goýunlaryny otly meýdanlara, suwly we howpsuz ýerlere eltmek üçin, baýyrlara çykyp, jülgelere düşüp, derýalardan geçýärdi. Ýehowanyň ýaradan janly-jandarlarynyň arasynda goýunlar hasam kömege mätäçdi. Şol sebäpli adamlar olary bakmalydy we goramalydy. Habyl hem adamdan has paýhasly we güýçli Hudaýyň görkezmesine, goragyna we alada etmegine mätäçdigine göz ýetirdi. Ol bu barada oýlanyp, doga edýärdi we imanyny berkidýärdi.

14, 15. Habyl Ýehowanyň haýsy wadalary barada oýlanýardy?

14 Ýehowanyň wadalary. Adam ata bilen How ene Erem bagyndan kowlansoň, bolup geçen zatlar barada ogullaryna gürrüň beren bolmaly. Şol sebäpli Habyl bu barada köp oýlanýardy.

15 Ýehowa Adam ata bilen How enä topragy näletlejekdigini aýdypdy. Habyl ýandak bilen haşal otuň ösýändigini görüp, Ýehowanyň sözleriniň ýerine ýetendigine göz ýetirdi. Ýehowa How enäniň göwreli bolup, çaga dogranda, ejir çekjekdigini aýdypdy. Habylyň oglan we gyz jigileri dünýä inende, ol bu sözleriňem berjaý bolandygyny gördi. Ýehowa How enä äriniň söýgüsine hem mährine mätäç bolup, Adam atanyň onuň üstünden agalyk etjekdigini öňünden aýdypdy. Habyl bu zatlary-da öz gözi bilen gördi. Habyl ähli ýagdaýda Ýehowanyň sözleriniň doly ýerine ýetendigini gördi. Şol sebäpli Habylda Erem bagynda başlanan zalymlygy ýok etjek wada edilen «nesle» ynanmaga degerli sebäpler bardy (Gel. çyk. 3:15—19).

16, 17. Habyl keruplaryň göreldesinden näme öwrendi?

16 Ýehowanyň gullukçylary. Habylyň maşgalasynda görelde alar ýaly adam ýokdy. Emma şol wagt ýer ýüzünde adamlardan başga-da şahsyýetler bardy. Ýehowa Adam ata bilen How enäni Erem bagyndan kowanda, özleriniň we çagalarynyň ol ýere girmejekdigini aýdypdy. Erem bagyny goramak üçin ol perişdeleriň arasynda iň ýokary wezipäni tutýan keruplary we aýlanyp duran ýalynly gylyjy goýdy (Gelip çykyş 3:24-i oka) *.

17 Habyl oglanjyk wagty şol keruplara syn etmegi gowy görerdi. Olar ynsan keşbinde bolany üçin örän güýçlüdigi görünýärdi. Ýalynly «gylyjyňam» hemişe aýlanyp durmagy gorkulydy. Habyl ulalansoňam, keruplar edýän işinden irip, ony taşlap gitmediler. Olar ençeme ýyllap, gije-gündiz bellenen ýerinde durdular. Şonda Habyl Ýehowa Hudaýyň dogry we wepaly gullukçylarynyň bardygyny bildi. Onuň maşgalasynda Ýehowa wepaly we gulak asýan adam bolmasa-da, ol muny keruplarda gördi. Elbetde, perişdeleriň göreldesi Habylyň imanyny berkitdi.

Habyl keruplaryň hemişe Ýehowa wepalydygyny we gulak asýandygyny görýärdi

18. Şu günler biz imanymyzy nädip berkidip bileris?

18 Habyl Ýehowanyň ýaradan zatlary, wadalary we perişdeleriň göreldesi barada oýlanyp, imanyny berkitdi. Biz onuň görkezen göreldesinden näme öwrenip bileris? Şu günlerem ýaşlaryň maşgalasynda gowy görelde görkezýän adam bolmasa-da, olar Ýehowa Hudaýa bolan imanyny berkidip biler. Biz Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn edip, Mukaddes Ýazgylary okasak we Hudaýyň gullukçylarynyň imanyndan görelde alsak, imanymyzy berkidip bileris.

Habylyň gurbany näme üçin gowudy?

19. Habylyň imany berkände nämä düşündi?

19 Habylyň Ýehowa bolan imany berkände, ol ony iş ýüzünde görkezmek isledi. Adam Älem-jahanyň Ýaradyjysyna näme berip biler? Elbetde, Hudaý adamyň hiç bir sowgadyna ýa-da kömegine mätäç däl. Emma Habyl Ýehowany razy etmek üçin iň gowy zadyny we gowy niýet bilen bermelidigine düşündi.

Habyl iman edip, Kabyl bolsa iman etmän gurban berdi

20, 21. Kabyl bilen Habyl nähili gurban berdi we Ýehowa näme etdi?

20 Habyl sürüsinden birnäçe goýny gurban bermek isleýär. Ol olaryň arasyndan ilkinji doglan iň gowy guzulary saýlap, olaryň ýagly ýerinden alýar. Şol wagt Kabyl hem Hudaýyň patasyny almak we razylygyny gazanmak üçin, öz hasylyndan sadaka bermek isleýär. Ýöne onuň niýeti Habylyňky ýaly gowy däldi. Olar gurban berende bu aýan boldy.

21 Adam atanyň iki ogly şol wagt ýer ýüzünde Ýehowanyň wekili bolan keruplaryň öňünde gurbanlyk sypasyny ýasap, gurbanlaryny ýakýar. Ýehowa näme etdi? Mukaddes Ýazgylarda: «Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi» diýilýär (Gel. çyk. 4:4). Töwratda onuň sadakasyny Hudaýyň nädip kabul edendigi aýdylmaýar.

22, 23. Ýehowa Habylyň gurbanyny näme üçin kabul etdi?

22 Hudaý Habylyň gurbanyny näme üçin kabul etdi? Onuň gurbanyny gowy görendigi üçinmi? Habyl diri jan berip, gan döküpdi. Mundan köp ýyl geçensoň, Ýehowa ysraýyllylara şikessiz guzyny gurban bermegi tabşyrypdy. Bu «Hudaýyň guzusynyň», ýagny günäsiz, kämil Oglunyň janyny gurban berip, ganyny dökjekdigini aňladýardy (Ýahýa 1:29; Müs. çyk. 12:5—7). Habyl gan dökmelidigini bilse-de, gurbanyň manysyna doly düşünen däldir.

23 Biz mundan näme öwrenýäris? Habyl iň gowy zadyny gurban berdi. Ýehowa onuň gurbanyny diňe bir halandygy üçin däl-de, eýsem, gowy adam bolandygy üçinem kabul etdi. Şeýle-de Habyl gurbanyny Ýehowany ýürekden söýüp, oňa iman edýändigi üçin beripdi.

24. a) Biz Kabylyň sadakasynyň erbet bolmandygyny nireden bilýäris? b) Kabyl näme üçin biziň günlerimizdäki köp adamlara meňzeýär?

24 Ýehowa Kabylyň beren sadakasyna başgaça garady. «Reb Kabyly we onuň sadakasyny kabul etmedi» (Gel. çyk. 4:5). Onuň beren sadakasy erbet däldi, sebäbi ençeme ýyl geçensoň, Musanyň kanunyna görä, ýeriň hasylyndan sadaka berilýärdi (Lew. 6:14, 15). Emma Mukaddes Ýazgylarda Kabylyň «işleri erbet» bolandygy aýdylýar (1 Ýahýa 3:12-ni oka). Kabyl biziň günlerimizdäki köp adamlar ýaly sadakasyny göz üçin berdi. Kabylyň eden işleri imanynyň we söýgüsiniň ýokdugyny görkezdi.

25, 26. Ýehowa Kabyla nähili duýduryş berdi, emma ol näme etdi?

25 Kabyl Ýehowanyň närazydygyny bilensoň, Habylyň göreldesine eýerdimi? Ýok. Gaýtam, ol doganyny ýigrenip, gahar-gazaba mündi. Ýehowa onuň gaharlanýandygyny görüp, sabyrlylyk bilen düzetjek boldy. Eger ol gaharyny ýatyrmasa, Hudaý onuň agyr günä etjekdigini duýdurdy. Ýöne ol gaharyny ýatyrsa, sadakasyny kabul etjekdigini aýtdy (Gel. çyk. 4:6, 7).

26 Ýöne Kabyl Hudaýyň duýduryşyna gulak asmady. Ol meýdanda doganyna topulyp, ony öldürýär (Gel. çyk. 4:8). Habyl Hudaýa iman edýäni üçin yzarlanyp, öldürilen ilkinji adamdy. Ol ölse-de, Ýehowa ony ýadyndan çykarmady.

27. a) Biz Habylyň direljekdigine näme üçin ynanýarys? b) Biz Habyl bilen görüşmek üçin näme etmeli?

27 Habylyň gany göçme manyda ar almak üçin Ýehowa perýat edýär. Hudaý Kabylyň eden günäsi üçin adalatly jeza berdi (Gel. çyk. 4:9—12). Şu günler biz Habylyň imanyndan köp zatlary öwrenip bileris. Habyl ýüz ýyla golaý ýaşasa-da, onuň ömri şol döwürdäki adamlaryň ömründen gysga boldy. Ol gökdäki Atasy Ýehowanyň söýýändigini we ondan razydygyny bilýärdi (Ýewr. 11:4). Ol Ýehowanyň ýadynda bolany üçin Jennetde direler (Ýahýa 5:28, 29). Sen onuň bilen Jennetde görüşermisiň? Eger sen Habyly diňläp, onuň imanyndan görelde alsaň, görüşersiň.

^ abzas 5 «Dünýä gurlan» döwri diýen jümle ilkinji doglan adamzat neslini aňladýar. Isa näme üçin Kabyla däl-de, Habyla «dünýä gurlandan» bäri ýaşan ilkinji nesil diýdikä? Sebäbi Kabylyň gelen kararlary we eden işleri Ýehowa garşy pitne turzandygyny görkezýär. Ol ene-atasy ýaly direlmez we günäsi bagyşlanmaz.

^ abzas 16 Gelip çykyş 3:24 Başlangyçda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy.