Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ON ÜÇÜNJI BAP

Ol eden ýalňyşyndan sapak edindi

Ol eden ýalňyşyndan sapak edindi

1, 2. a) Ýunus pygamber we deňizçiler nähili ýagdaýa düşdi? b) Biz Ýunus pygamber bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

ÝUNUS PYGAMBERIŇ gorkunç sesleri eşidesi gelmeýärdi. Gäminiň tanaplaryna urulýan, güýçli ýeliň sesi eşidilýärdi. Agaçdan ýasalan gämi bolsa, äpet tolkunlaryň urgusyndan ýaňa jygyldaýardy. Gämini halas etjek bolýan kapitanyň we deňizçileriň sesini eşidip, Ýunus hasam erbet bolýar. Sebäbi olaryň heläk bolmagyna Ýunus günäkärdi!

2 Ýunus pygamber näme üçin kyn ýagdaýa düşdi? Ol Hudaýa gulak asman ýalňyşdy. Ol näme etdi? Ol ýene-de Hudaý bilen dostlaşyp bilermi? Biz bu soraglaryň jogabyny bilip, köp zatlary öwrenip bileris. Meselem, Ýunus bilen bolan wakadan Hudaýa ýürekden iman edýän adamlaryňam ýalňyşyp bilýändigini öwreneris.

Jelileli pygamber

3—5. a) Adamlar Ýunus barada eşidende köplenç näme pikir edýär? b) Biz Ýunusyň asly barada näme bilýäris? (Şeýle-de çykgyda seret). ç) Ýunusa pygamber bolup gulluk etmek näme üçin aňsat däldi?

3 Adamlaryň köpüsi Ýunus pygamberi özdiýenli we Hudaýa gulak asmadyk adam hasaplaýar. Emma olar onuň köp gowy häsiýetlerine üns bermeýär. Ýadyňda bolsa, Ýehowa ony pygamber edip saýlapdy. Eger Ýunus Hudaýyň öňünde wepaly we dogry adam bolmadyk bolsa, Ýehowa oňa jogapkärli borjy ynanmazdy.

Ýunus pygamberiň erbet häsiýetlerinden gowy häsiýetleri has köpdi

4 Mukaddes Ýazgylarda Ýunus pygamberiň asly barada köp zat aýdylmaýar (2 Patyşalar 14:25-i oka) *. Ol Nasyranyň 4 km golaýynda ýerleşýän Gatheper şäherindendi. 800 ýyl geçensoň, Isa-da Nasyra şäherinde ulalypdy *. Ýunus Ysraýylyň on taýpaly patyşalygynda Ýarabgam II höküm süren döwründe pygamber bolup gulluk edýär. Ylýas pygamberiň aradan çykanyna ençeme ýyl geçipdi, onuň kömekçisi Elýaşa bolsa, Ýarabgamyň kakasynyň höküm süren döwründe aradan çykypdy. Ýehowa şol pygamberler arkaly Bagal taňrysyny ýok etse-de, ysraýyllylar ýene-de oňa sežde edip başlaýar. Ysraýyllylar «Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri» eden patyşanyň yzyna eýerýär (2 Pat. 14:24). Şol sebäpli Ýunus pygambere gulluk etmek aňsat däldi. Muňa garamazdan, ol Hudaýa wepaly gulluk edýär.

5 Günleriň birinde Ýunus pygamberiň durmuşy düýbünden üýtgeýär. Ýehowa oňa ýumuş berýär we ol ony ýerine ýetirmegi örän kyn görýär. Ýehowa oňa näme etmegi tabşyrýar?

Ninewä git!

6. Ýehowa Ýunus pygambere nähili ýumuş berdi we ol näme üçin gorkdy?

6 Ýehowa Ýunus pygambere: «Hany bol, Ninewä — ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň betpälligi Maňa aýan boldy» diýdi (Ýunus 1:2). Ol muny birnäçe sebäbe görä etmäge gorkýardy. Ninewe şäheri 800 km gündogarda ýerleşýärdi we oňa pyýada barmak üçin bir aý ýol ýöremelidi. Ýöne Ýunusy başga bir zat hasam biynjalyk edýärdi. Ol Ninewedäki aşurlylara Ýehowanyň hökümini yglan etmelidi. Olar bolsa, gaty zalym adamlardy. Eger Ýunus pygamberi Hudaýyň halky diňlemedik bolsa, onda Ýehowa ynanmaýan adamlar diňlärmi? Ýehowanyň gullukçysynyň ýeke özi «ganhor şäher» Ninewede näme edip biler? (Nah. 3:1, 7).

7, 8. a) Ýunus pygamber Ýehowanyň ýumşuny ýerine ýetirmejek bolup näme etdi? b) Näme üçin Ýunusa gorkak diýip bolmaz?

7 Biz Ýunus pygamberiň nähili pikirde bolandygyny bilmeýäris. Her nämede bolsa, ol gaçyp gidýär. Ýehowa oňa gündogara gitmeli diýen bolsa, ol tersine günbatara gidýär. Ol deňziň kenar ýakasyndaky Ýopa şäherine baryp, Tarşyşa gidýän gämä münýär. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, Tarşyş Ispaniýada ýerleşýärdi. Şeýdip, Ýunus pygamber Nineweden 3 500 km uzak ýere gaçyp gidýär. Ol ýere Ortaýer deňziniň üsti bilen barmak üçin bir ýyl gerekdi. Ýunus pygamber Ýehowanyň ýumşuny ýerine ýetirmejek bolup, gaty uzak ýere gaçyp gidýär (Ýunus 1:3-i oka) *.

8 Ýunus pygambere gorkak diýip bolarmy? Biz oňa gorkak diýip, derrew ýazgarmaly däl. Ýunus batyrgaý pygamberdi. Ol hem biz ýaly bikämil bolany üçin kemçilikleri bilen göreşýärdi (Zeb. 51:5). Eýsem, gorkmaýan adam barmy?

9. Käte biz Ýehowanyň ýumşuna nähili garamagymyz mümkin we şonda haýsy hakykaty unutmaly däl?

9 Käte bize-de Hudaýyň beren ýumşuny ýerine ýetirmek kyn, hatda berjaý edip bolmajak ýaly görünmegi mümkin. Belki, biz Hudaýyň hoş habaryny-da wagyz etmäge gorkýandyrys (Mat. 24:14). Biz käwagt Isanyň «Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýen wajyp hakykatyny ýatdan çykaryp bileris (Mar. 10:27). Şonda Ýunus pygamberiň ýagdaýyna düşünýändiris. Ýunus gaçyp gidensoň, oňa näme boldy?

Ýehowa pygamberini düzedýär

10, 11. a) Gämi kenardan daşlaşansoň Ýunus näme üçin özüni arkaýyn duýýar? b) Gämä we deňizçilere nähili howp abanýar?

10 Göz öňüne getir, Ýunus pygamber uzak ýola gitmek üçin finiklileriň ýük gämisine münýär. Ol kapitanyň we deňizçileriň ýola düşmek üçin, başagaý bolup ýörendigine syn edýär. Gämi ýuwaş-ýuwaşdan kenardan daşlaşdygyça, gözýetimden ýitýär we Ýunus howpdan gaçyp gutuldym diýip, özüni arkaýyn duýýar. Emma birden howa üýtgeýär.

11 Deňizde tupan turup, tolkunlar şeýle bir ýokary galýardy welin, olaryň ýanynda häzirki uly gämilerem gaty kiçi görnerdi. Uly tolkunlar gämini ýokary galdyryp aşak düşürende, ol uly tolkunlaryň arasynda galýardy. Şol harasadyň içinde agaçdan ýasalan kiçi gämi suwuň ýüzünde näçe wagt durup bilerkä? Ýunus pygamber birnäçe wagtdan soň, «Reb deňze güýçli ýel iberdi» diýip ýazsa-da, şol pursat tupany Ýehowanyň turzandygyny bilýärdimi? Biz muny anyk bilmeýäris. Deňizçiler gygyryp, öz hudaýlaryny çagyrsa-da, Ýunus pygamber olaryň halas edip bilmejekdigini bilýärdi (Lew. 19:4). Ol: «Gämi çagşara geldi» diýýär (Ýunus 1:4). Indi Ýunus pygamber Hudaýdan gaçyp gidensoň, oňa nädip doga etsin?!

12. a) Tupan turanda Ýunus pygamberi ýatandygy sebäpli näme üçin ýazgarmaly däl? (Şeýle-de çykgyda seret). b) Ýehowa betbagtçylygyň sebäbini nädip aýan etdi?

12 Ýunus pygamber deňizçilere kömek edip bilmeýändigini bilip, gäminiň içki ammaryna baryp ýatýar-da, süýji uka gidýär *. Gäminiň kapitany ony oýaryp, beýlekiler ýaly öz hudaýyna doga etmelidigini aýdýar. Deňizçiler tupanyň adaty däldigini bilip, betbagtçylyga kimiň günäkärdigini bilmek üçin bije atýarlar. Ýunus öňküsindenem beter gorkup başlaýar. Tizden ähli zadyň üsti açylýar. Bije Ýunus pygambere düşýär, muny olara Ýehowa açyp berýär! (Ýunus 1:5—7-nji aýatlary oka) *.

13. a) Ýunus pygamber deňizçilere nämäni gürrüň berdi? b) Ýunus pygamber deňizçileriň näme etmelidigini aýtdy we näme üçin?

13 Ýunus pygamber deňizçilere ähli zady gürrüň berýär. Ol Gudratygüýçli Ýehowa Hudaýyň gullukçysy bolup, ondan gaçyp gidýär. Ol onuň gaharyny getirip, hemmeleri howply ýagdaýa salýar. Deňizçiler Ýunus pygamberiň gürrüň beren zatlaryny eşidip, gaty gorkýar. Olar Ýunusdan gämini we janyny halas etmek üçin näme etmelidigini soraýar. Ýunus pygamber näme ederkä? Ol özüniň tupan turan sowuk deňze zyňylmagy barada oýlananda, ini tikenekläp gidendir. Emma Ýunus olary halas edip bilýärkä nädip dymyp biler? Şol sebäpli ol deňizçilere: «Meni göteriň-de, suwa taşlaň, şonda deňiz köşeşer» diýýär (Ýunus 1:12).

14, 15. a) Biz Ýunus pygamberiň imanyndan nädip görelde alyp bileris? b) Deňizçiler Ýunusyň aýdan sözlerine nähili garady?

14 Şu sözleri aýdansoň, Ýunus pygambere gorkak diýip bolarmy? Şol wagt Ýehowa Ýunus pygamberiň batyrgaýlygyny we janaýamazlygyny görüp begenýär. Bizem Ýunus pygamberiň imanynyň berk bolandygyna göz ýetirýäris. Biz başgalaryň bähbidini özümiziňkiden ileri tutup, Ýunus pygamberiň göreldesine eýerip bileris (Ýahýa 13:34, 35). Kimdir biri duýgy we ruhy taýdan ýa-da başga kömege mätäç bolsa oňa kömek etmerismi? Eger kömek etsek, Ýehowany begendireris!

15 Ýunus pygamberiň aýdan sözleri deňizçilere şeýle bir täsir etdi welin, olar ony deňze taşlasy gelmedi! Olar gämi gark bolmaz ýaly, elinde baryny edýär, emma bu olara başartmaýar. Tupan gitdigiçe güýçlenýärdi. Deňizçileriň başga alajy bolmansoň, olar Ýehowa Hudaýy çagyryp, rehim etmegini dileýär-de, Ýunus pygamberi deňze taşlaýar (Ýunus 1:13—15).

Ýunus pygamberiň aýdyşy ýaly, deňizçiler ony suwa taşlaýar

Ýehowa Ýunus pygambere rehim edip, halas edýär

16, 17. Gämiden taşlanansoň, Ýunus pygambere näme bolandygyny gürrüň ber. (Şeýle-de suratlara seret).

16 Ýunus pygamber äpet tolkunlaryň arasyna düşýär. Ol gark bolmajak bolup jan edýär, gämi-de çalt gözden ýitýär. Ýunus uly tolkunlaryň aşagynda galyp, suwa çümüp gidýär. Ol aşak çümdügi saýyn bar zatdan umydyny üzýär.

17 Biraz soňra Ýunus pygamber şol pursat özüni nähili duýandygy barada gürrüň berýär. Az salymyň içinde onuň bütin durmuşy göz öňünden geçip gidýär. Ol Ýehowanyň Iýerusalimdäki owadan ybadathanasyny görüp bilmejekdigine gynanýar. Ýunus pygamber daglaryň köküne çenli deňziň düýbüne çümüp, otlara çolaşýar. Deňziň düýbi oňa gabyr ýaly boldy (Ýunus 2:2—7-nji aýatlary oka) *.

18, 19. Deňziň düýbünde Ýunus pygambere näme boldy, ony näme ýuwutdy we bulary kim etdi? (Şeýle-de çykgyda seret).

18 Birden Ýunusa tarap äpet bir gara jandar gelýär we agzyny uludan açyp, ony ýuwudýar!

Ýehowa bir uly balyga Ýunusy ýuwutmagy buýurdy

19 Ýunus pygamber ölendirin öýdýär. Emma ol entegem özüniň diridigini duýýar! Oňa hiç hili zeper ýetmedi, ol hatda demikmeýärdi. Ýunus diri galan bolsa, diýmek, ol gabyrda däldi. Ol Hudaýdan gorkup başlaýar, sebäbi Ýehowa Hudaý «uly bir balyga Ýunusy ýuwutmagy emr etdi» * (Ýunus 2:1).

20. Biz Ýunus pygamberiň uly balygyň içinde eden dogasyndan näme öwrenýäris?

20 Wagt geçdigi saýyn Ýunus pygamber garaňky tümlügiň içinde oýlanyp, Ýehowa Hudaýa doga edip başlaýar. Ol eden dogasyny kitabynyň ikinji babynda ýazýar. Ýunus pygamber Mukaddes Ýazgylary gowy bilýärdi, sebäbi eden dogasynda Zebur kitabyndaky sözleri agzaýar. Ol Hudaýa şükür edip, minnetdarlygyny bildirýär. Ýunus pygamber dogasyny «men welin alkyşly aýdymlar bilen Saňa gurbanlyk bererin. Kasamymy berjaý ederin. Gutulyş Rebdendir» diýen sözler bilen tamamlaýar (Ýunus 2:10).

21. Ýunus pygamber nämä düşündi we biz mundan näme öwrenýäris?

21 Ýunus pygamber «balygyň garnynda» Ýehowanyň gullukçysyny nirede we haçanam bolsa, halas edip bilýändigine düşündi. Ýehowa gullukçysyny balygyň içinde hem halas etdi (Ýunus 2:1). Diňe Ýehowa üç gije-gündiz adamy uly balygyň içinde diri saklap bilýär. Bizem Ýehowanyň «janymyzy Öz elinde saklaýan» Hudaýdygyny unutmaly däl (Dan. 5:23). Hudaý Ýaradyjymyz bolany üçin, oňa gulak asyp, minnetdarlygymyzy görkezmeli.

22, 23. a) Ýunus pygamber Ýehowa minnetdarlygyny nädip bildirdi? b) Biz ýalňyşanymyzda Ýunus pygamberiň mysalyndan näme öwrenip bileris?

22 Ýunus pygamber näme etdi? Ol Ýehowa gulak asyp, minnetdarlygyny bildirdimi? Hawa, bildirdi. Üç günden soň, «balyk Ýunusy gury ýere gusdy» (Ýunus 3:1). Göz öňüne getir, Ýunus pygambere kenara çenli ýüzmegem gerek bolmady! Ol bir kenara düşýär. Ýunus pygamber Ýehowa minnetdarlygyny bildirmek üçin, Ninewä barýan ýoly özi tapmalydy. Ýunus 3:2-de: «Ýunusa Rebbiň sözi ikinji gezek geldi: «Hany bol, Ninewä — şol beýik şähere git-de, Meniň özüňe aýdýanlarymy onuň halkyna ýetir!» diýilýär. Ýunus pygamber Ýehowanyň diýenini edermikä?

23 Ýunus pygamber haýal etmedi. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýunus Rebbiň sözüne boýun boldy we Ninewä tarap ýola düşdi» diýilýär (Ýunus 3:3). Hawa, ol Ýehowa gulak asýar. Görşümiz ýaly, ol eden ýalňyşyndan sapak edindi. Bizem onuň imanyndan görelde almaly. Sebäbi ählimiz günäli we ýalňyşýarys (Rim. 3:23). Emma biz elimizi sowatman, eden ýalňyşymyzdan sapak edinip, Ýehowa gulak asmagy öwrenýärismi?

24, 25. a) Ýunus pygamber dirikä nähili sylag aldy? b) Ýunus pygambere gelejekde nähili sylag garaşýar?

24 Ýunus pygamber gulak asandygy üçin sylaglandymy? Hawa, sylaglandy. Birinjiden, ol deňizçileriň halas bolandygyny eşidýär. Ýunus janyny aýaman özüni deňze taşladansoň, tupan şol bada ýatýar we deňizçiler Ýehowadan gaty gorkup, ýalan taňrylaryna däl-de, Ýehowa gurban berýär (Ýunus 1:15, 16).

25 Ençeme ýyl geçensoň, Ýunus pygamber has uly sylag alýar. Isa Ýunus pygamberiň üç gije-gündiz balygyň garnynda bolşy ýaly, özüniň hem üç gije-gündiz gabyrda boljakdygyny öňünden aýdypdy (Matta 12:38—40-nji aýatlary oka). Ýunus pygamber Jennetde direlende bu pygamberlik barada eşidip, nähili begener! (Ýahýa 5:28, 29). Ýehowa seni-de sylaglamak isleýär. Senem Ýunus pygamber ýaly eden ýalňyşyňdan sapak edinip, Ýehowa gulak asyp, başgalar üçin janyňy aýamarsyňmy?

^ abzas 4 2 Patyşalar 14:25 Ýarabgam Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Öz guly gatheperli Amytaýyň ogly Ýunus pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ysraýyl çägini Lebohamatdan Araba deňzine çenli bolan aralykda täzeden dikeltdi.

^ abzas 4 Ýunus pygamberiň jelileli bolandygyna üns bermek wajyp. Sebäbi tekepbir fariseýler Isa barada: «Jelileden hiç wagt pygamber çykmaz» diýipdi (Ýahýa 7:52). Köp terjimeçileriň we alymlaryň aýtmagyna görä, fariseýler Jelileden hiç wagt pygamber çykmaz diýmek bilen bir wajyp pygamberlige üns bermediler (Iş. 9:1, 2).

^ abzas 7 Ýunus 1:3 Ýunus Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin ýola düşdi. Ol Ýopa şäherine gelip, Tarşyşa gidýän bir gämi tapdy. Gäminiň ýol kireýini töledi we Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin, ol gämiçiler bilen bile gämä mündi.

^ abzas 12 Mukaddes Ýazgylaryň bir terjimesinde Ýunus pygamberiň gämide ýatan wagty hor çekendigi aýdylýar. Ýunus başgalaryň aladasyny etmeýändigi üçin däl-de, göwnüçökgün bolup, uklap galýar. Isanyň ölüminiň öň ýanynda Petrus, Ýakup we Ýahýa resul hem Getseman bagynda «tukatlykdan ýaňa uklapdylar» (Luka 22:45).

^ abzas 12 Ýunus 1:5 Gämiçileri gorky gaplap aldy; olaryň hersi öz hudaýyny çagyrmaga başlady. Gämini ýeňletmek üçin, olar ýüklerini deňze taşladylar. Ýunus bolsa aşakda, gäminiň içki ammarynda süýji uka gidipdi. 6 Gäminiň başlygy onuň ýanyna gelip: «Heý! Sen näme ýatyrsyň? Tur, öz hudaýyňy çagyr. Belki, onuň rehmi inip, bizi halas eder» diýdi. 7 Şol wagt gämiçiler biri-birlerine: «Geliň, bije atalyň-da, haýsymyz sebäpli bu bela duçar bolandygymyzy bileliň» diýişdiler. Şeýlelikde, olar gurra taşladylar. Gurra Ýunusa düşdi.

^ abzas 17 Ýunus 2:2 Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Rebbe ýüzlenip, şeýle doga okady: «Jebir çekenimde, ýa Reb, çagyrdym Seni. Jogap berdiň maňa. Ölüler diýarynyň goýnundan çagyrdym Seni, eşitdiň Sen nalamy. 4 Çuňluga, deňizleriň bagryna taşladyň meni. Gurşady suwlar meni. Ähli güýçli tolkunlaryň üstümden geçdi meniň. 5 Şonda nazaryňdan kowuldym diýdim, eý, Seniň mukaddes ybadathanaňy ýene nädip görerin diýdim. 6 Suw kekirdegime geldi. Ýesir düşdüm çuňluga. Başyma çolaşdy deňiz otlary. 7 Indim daglaryň köküne. Gapylary baky ýapylýan ýere düşdüm. Ýöne, eý Hudaýym Reb, janymy çuňlukdan halas etdiň.

^ abzas 19 «Balyk» diýen ýewreý sözi grek diline «uly läheň» diýip terjime edildi. Onuň nähili jandardygy anyk aýdylmasa-da, Ortaýer deňzinde adamy bütinleý ýuwudyp bilýän uly akulalar bar. Başga ýerlerde hem uzynlygy 15 metrden gowrak kit görnüşli akulalar bar!