12-NJI SAPAK
Hudaýa nädip ýakynlaşyp bolýar?
1. Allatagala hemme dogalary diňleýärmi?
Hudaý ähli adamlary Özüne doga arkaly ýakynlaşmaga çagyrýar (Zebur 65:2). Emma Ol hemme dogalary diňlemeýär. Meselem, Hudaý aýalyna ýowuz daraşýan adamyň dogasyny kabul etmeýär (1 Petrus 3:7). Ysraýyl halky kesirlik bilen erbet işleri edende, Hudaý olaryň dogalaryny inkär edýärdi. Emma Allatagala agyr günä edip, toba edýän adamlaryň dogalaryny diňleýär. Hawa, Ýehowa doga etmekligiň uly hormatdygyny unutmaly däl. Süleýmanyň tymsallary 28:9; Resullaryň işleri 3:19-y okaň.
2. Nädip doga etmeli?
Doga — seždämiziň bir bölegi. Şol sebäpli biz diňe Ýaradyjymyz Ýehowa ýüzlenip doga etmeli (Matta 4:10; 6:9). Biz bikämilligimiz sebäpli, Isanyň ady bilen doga etmeli, çünki ol biziň günälerimiz üçin öz janyny gurban berdi (Ýahýa 14:6). Ýehowa dogalary ýat tutup ýa-da kagyza ýazyp, şol bir sözleri gaýtalamagymyzy islemeýär. Ol biziň dogalarymyzda öz pikirlerimizi we duýgularymyzy aýtmagymyzy isleýär. Matta 6:7; Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň.
Ýaradyjymyz hatda içimizden edýän dogalarymyzy hem eşidýär (1 Şamuwel 1:12, 13). Ol bizi islendik wagt, ýagny irden turanymyzda ýa-da ýatmazdan öň, nahar wagty we kynçylyga uçranymyzda doga etmäge höweslendirýär. Zebur 55:22; Matta 15:36-ny okaň.
3. Hudaýyň gullukçylary näme üçin ýygnanyşýarlar?
Hudaýa ýakynlaşmak hemişe aňsat bolmaýar, sebäbi biz Allatagalanyň kanunlaryna gulak asmaýan we Onuň wadalaryna iman etmeýän adamlaryň arasynda ýaşaýarys (2 Timoteos 3:1, 4; 2 Petrus 3:3, 13). Şol sebäpli biz imandaşlarymyz bilen ýygnanyşyp, birek-biregi ruhlandyrmaga mätäç bolýarys. Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň.
Allatagalany söýýän adamlar bilen gürrüňdeş bolmaklyk Hudaýa ýakynlaşmaga kömek edýär. Ýehowanyň Şaýatlarynyň duşuşyklarynda birek-biregiň imanyny berkitmäge gowy mümkinçilikler döreýär. Rimliler 1:11, 12-nji aýatlary okaň.
4. Siz Hudaýa nädip ýakynlaşyp bilersiňiz?
Siz Mukaddes Ýazgylardan öwrenýän zatlaryňyz barada oýlansaňyz, Ýehowa ýakynlaşyp bilersiňiz. Allatagalanyň eden işleri, berýän maslahatlary we wadalary hakda çuňňur oýlanmaga wagt sarp ediň. Doga etmek we oýlanmak size Ýehowanyň akyldarlygynyň hem-de söýgüsiniň nähili beýikdigine düşünmäge kömek eder. 1 Timoteos 4:15, 16; Zebur 1:1—3-nji aýatlary okaň.
Siz Hudaýa bil baglasaňyz we iman etseňiz, Oňa ýakynlaşyp bilersiňiz. Imany ösümlik bilen deňeşdirse bolar. Ösümlik gowy öser ýaly, ony suwaryp durmaly bolýar. Şonuň ýaly-da, imany bilim arkaly berkidip durmaly. Munuň üçin siz ynanýan zatlaryňyzyň hakykatdygyny barlamaly we olara näme üçin iman edýändigiňiz hakynda oýlanmaly. Matta 4:4; Ýewreýler 11:1, 6-njy aýatlary okaň.
5. Hudaýa ýakynlaşmak size nähili peýda getirer?
Ýehowa Özüni söýýänleriň aladasyny edýär. Ol biziň imanymyza we ebedi ýaşaýyş umydymyza howp saljak islendik zatlardan gorap bilýär (Zebur 91:1, 2, 7—10). Şeýle-de Allatagala saglygymyza zyýan ýetirjek we bagtly ýaşamaga päsgel berjek zatlardan ägä bolmagy duýdurýar. Hawa, Ýehowa bize nädip gowy ýaşamalydygyny öwredýär. Zebur 73:27, 28; Ýakup 4:4, 8-nji aýatlary okaň.