Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

84-NJI BAP

Şägirt bolmak üçin näme etmeli?

Şägirt bolmak üçin näme etmeli?

LUKA 14:25—35

  • ŞÄGIRT BOLMAK ÜÇIN NÄMELERDEN GEÇMELI?

Isa fariseýleriň ýolbaşçysynyň öýünde myhmançylykda bolan wagty wajyp zatlar hakynda tälim beripdi. Indi bolsa ol Iýerusalime tarap ýola düşýär, uly märeke hem onuň yzyndan galmaýardy. Näme üçin? Olar Isanyň şägirdi bolmak isleýärmi? Eýsem, olar ähli zadyndan geçmäge taýynmy?

Ýolda barýarkalar, Isa märekä ýüzlenip: «Ýanyma gelýän her kes kakasyny, ejesini, aýalyny, çagalaryny, doganlaryny, uýalaryny, hatda öz janyny menden artyk söýse, meniň şägirdim bolup bilmez» diýýär (Luka 14:26). Eşiden zatlary olary haýran galdyran bolmaly. Bu sözler nämäni aňladýarka?

Isa şägirtlerine dogan-garyndaşlaryny söýmeli däldigini aýtjak bolmady. Bu sözler ýakynyňy Isadan artyk söýmeli däldigini görkezýär. Ýogsam, olar Isanyň gürrüň beren mysalyndaky ýaňy-ýakynda öýlenendigi üçin wajyp çakylygy kabul etmedik adama meňzärler (Luka 14:20).

Üns beren bolsaňyz, Isa şägirtlerine «hatda öz janyny» hem ondan artyk söýmeli däldigini aýdýar. Diýmek, hakyky şägirt Isany öz janyndan hem artyk söýmeli, gerek bolsa janyndan hem geçmäge taýyn bolmaly. Görşümiz ýaly, Mesihiň şägirdi bolmak uly jogapkärçilik. Şeýle karara gelmezden öň gowuja oýlanmaly.

Isanyň şägirdi bolan adam kynçylyga we yzarlama sezewar bolup biler. Şol sebäpli Isa: «Kim jebir pürsüni alyp, yzyma düşmese, meniň şägirdim bolup bilmez» diýýär (Luka 14:27). Hawa, hakyky şägirt Isa ýaly synaglara çydamaga taýyn bolmaly. Isanyň aýtmagyna görä, ol hatda duşmanlaryň elinden öldürilmegi-de mümkin.

Şol sebäpli Isanyň yzyna düşüp barýan märeke Mesihiň şägirdi bolmagyň nämäni aňladýandygyna gowy düşünmelidiler. Isa muny mysal arkaly düşündirip: «Siziň haýsy biriňiz bina gurmakçy bolanyňyzda, ilki oturyp, ony tamamlamak üçin, çykdajylary hasaplamaz? Ýogsam, ol binanyň düýbüni tutsa-da, ony tamamlap bilmez» diýýär (Luka 14:28, 29). Şonuň üçin Isa bilen Iýerusalime barýan adamlar onuň şägirdi bolmazdan öň jogapkärçiligi öz üstüne almaga taýyn bolmagy ymykly çözmelidiler. Şu pikirini nygtamak üçin Isa ýene bir mysal getirýär.

«Haýsy patyşa başga bir patyşa garşy söweşjek bolanda — 10 müň esgerli goşunym bilen 20 müň esgerli goşuna garşy çykyp bilermikäm — diýip, ilki oturyp maslahatlaşmaz? Eger ol başarmaryn öýtse, onda garşydaşy heniz uzakdaka, oňa wekillerini ýollap, parahatlygy dilär». Soňra Isa sözüni jemläp: «Şonuň ýaly siz hem bar emlägiňizden geçmeseňiz, meniň şägirdim bolup bilmersiňiz» diýýär (Luka 14:31—33).

Elbetde, Isanyň sözleri diňe bir ýany bilen barýan adamlara degişli däldi. Mesihden tälim alýan ähli adamlar onuň aýdan zatlaryny berjaý etmäge taýyn bolmaly. Bu bolsa olaryň bar zadyndan, ýagny emläginden, hatda janyndan hem geçmäge taýyn bolmalydyny aňladýar. Munuň üçin oýlanmak we doga etmek wajypdyr.

Häzir bolsa Isa Dagdaky wagzynda şägirtlerine «Siz ýeriň duzusyňyz» diýen sözlerini gaýtalaýar (Matta 5:13). Ol şägirtlerini duza deňeýän bolmaly. Sebäbi duzuň iýmiti zaýalanmakdan goraýşy ýaly, şägirtler hem adamlara ruhy we ahlak taýdan arassa galmaga kömek etmelidiler. Isanyň ýerdäki gullugy tamamlanyp gelýärdi, şol sebäpli ol: «Aslynda, duz gowudyr. Ýöne ol güýjüni ýitirse, ony nädip tagamly edip bolar?» diýýär (Luka 14:34). Şol döwürde duzuň düzüminde topragyň galyndylary bolany üçin, ol hapa bolýardy. Şeýle duzuň nahar üçin ulanylmaýandygyny märeke-de gowy bilýärdi.

Diýmek, Isanyň şägirdi bolandygyna ençeme wagt geçen şägirtler hem onuň yzyna eýermegini dowam etmelidiler. Eger olar yhlasynyň gowşamagyna ýol berseler, tagamyny gaçyran duz ýaly, olar hem dereksiz bolar. Dünýädäki adamlaram olary ýaňsylap başlar. Has erbedi bolsa, olar Hudaýyň göz öňünde ýaramsyz bolup, onuň adyna ysnat getirerler. Isa bu zatlardan gaça durmagyň wajypdygyny belläp: «Goý, gulagy bar adam eşitsin» diýýär (Luka 14:35).