3-NJI BAP
Ýol taýýarlajak adam dünýä inýär
-
SUWA ÇÜMDÜRÝÄN ÝAHÝANYŇ DOGLUŞY WE OŇA AT DAKYLYŞY
-
ZEKERIÝA ÝAHÝANYŇ ETJEK IŞLERI BARADA PYGAMBERLIK EDÝÄR
Elizabetiň dogurmaly wagty golaýlaýar. Onuň garyndaşy Merýem üç aýlap ýanynda bolýar. Indi bolsa Merýem Elizabet bilen hoşlaşyp, öýüne Nazaret şäherine dolanmak üçin uzak ýola düşýär. Ýene alty aýdan onuň hem ogly bolmalydy.
Merýem gidensoň, Elizabetiň çagasy bolýar. Zekeriýa çaganyň sag-aman dünýä inip, olaryň ikisiniň hem janynyň sagdygyna begenýär! Goňşulary we dogan-garyndaşlary hem Elizabetiň ogluny görenlerinde begenýärler.
Hudaýyň ysraýyllylara beren Kanunyna görä, oglan çaga doglandan soň, sekizinji güni sünnetlenmelidi we oňa at dakylmalydy (Lewiler 12:2, 3). Käbir adamlar çaga Zekeriýanyň adynyň dakylmalydygyny aýdanda, Elizabet batly ses bilen: «Ýok! Onuň adyna Ýahýa dakmaly» diýýär (Luka 1:60). Ýadyňyza düşýän bolsa, Jebraýyl perişde çaga Ýahýa diýen adyň dakylmalydygyny aýdypdy.
Emma goňşulary we garyndaşlary garşy çykyp: «Siziň dogan-garyndaşlaryňyzyň arasynda beýle at hiç kimde ýokdur» diýýärler (Luka 1:61). Olar elleri bilen yşarat edip, Zekeriýadan ogluna näme at dakmak isleýändigini soraýar. Zekeriýa bir tagtajygy alyp, onuň ýüzüne: «Çaganyň ady Ýahýa bolar» diýip ýazýar (Luka 1:63).
Şol wagt Zekeriýa gudrat bilen gepläp başlaýar. Ýadyňyzda bolsa, ol Elizabetiň ogul dogurjakdygy barada perişdäniň aýdan sözlerine ynanmandygy üçin lal bolupdy. Zekeriýanyň gepläp başlanyny gören goňşulary haýran galyp: «Çaga ulalanda nähili adam bolup ýetişerkä?» diýişýärler (Luka 1:66). Olar Ýahýanyň adynyň dakylmagynda Hudaýyň elini görýärler.
Şonda Zekeriýa mukaddes ruhdan dolup: «Goý, Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun, çünki ol öz halkyna nazar saldy we olara gutulyş berdi. Ol gullukçysy Dawudyň öýünden bize bir güýçli Luka 1:68, 69). Ol «bir güýçli halasgär» diýmek bilen, entek dogulmadyk Halypasy Isany göz öňünde tutýardy. Zekeriýa Hudaý bizi bir adam arkaly «duşmanlaryň elinden halas edip, hormatly gullugy batyrgaý berjaý etmäge mynasyp gördi. Ol bu zatlary biziň ömürboýy wepaly we dogry bolmagymyz üçin etdi» diýýär (Luka 1:74, 75).
halasgär berdi» diýýär (Zekeriýa ogly barada şeýle pygamberlik edýär: «Oglum, sen welin, Beýik Biribaryň pygamberi diýen ada eýe bolmagyň üçin, Ýehowanyň öňünden gidip, oňa ýol taýýarlarsyň. Adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin, olara gutulyş habaryny yglan edersiň. Çünki Hudaýymyzyň rehimdarlygy çuňdur. Onuň rehimdarlygy säher bilen üstümize iner. Ol garaňkylykda we ölüm kölegesinde oturanlaryň üstüne ýagty saçar, parahatlyk ýolunda ýöremegimiz üçin, aýaklarymyzy ugrukdyrar» (Luka 1:76—79). Gör, nähili ruhlandyryjy pygamberlik!
Şol wagt Merýem öýüne Nazarete gelýär. Durmuşa çykmadyk gyzyň göwrelidigini hemmeler bilende näme bolarka?