Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Pul

Pul

Puly söýmek näme üçin howply?

Serediň: «Baýlyga kowalaşmak»

Mukaddes Kitapda maşgalaňy eklemek üçin gazanç etmek hakda näme diýilýär?

Nes 7:12; 10:19; Efs 4:28; 2Sl 3:10; 1Tm 5:8, 18

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 31:38—42. Ýakup maşgalasyny eklemek üçin gaýynatasy Labanyň elinde köp zähmet çekdi. Laban bolsa onuň hakyny iýýärdi. Ýöne Ýehowa Ýakuba bol bereket berdi.

    • Luk 19:12, 13, 15—23. Isanyň mysalyndan görnüşi ýaly, öňki döwürde adamlar pul gazanmak üçin puluny dolanyşyga goýberýärdiler.

Karz almak we karz bermek meselesinde Mukaddes Kitabyň haýsy prinsipleri kömek edýär?

Zerur bolmasa näme üçin bergi etmeli däl?

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Neh 5:2—8. Nehemýa häkimiň döwründe algydarlar karz beren adamlaryna azar ýamanyny berýärdiler.

    • Mat 18:23—25. Isanyň mysalyndan bergisini bermeýän adamyň uly zyýan çekýändigini öwrenýäris.

Mesihçi Ýehowa iman etmeýän adamlar, dogan-uýalar ýa-da garyndaşlary bilen iş salyşmazdan öň näme etmeli?

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 23:14—20. Ybraýym Bibisarany jaýlamak üçin mellek satyn alanda, düşünişmezlik bolmaz ýaly, şaýatlaryň öňünde şertnama baglaşdy.

    • Ýer 32:9—12. Ýermeýa garyndaşyndan ýer satyn alanda, şaýatlary çagyryp şertnama baglaşdy we onuň nusgasyny etdi.

Girdejileri we çykdajylary öňünden hasaplasak näme üçin paýhasly bolar?

Mesihçiler pul sebäpli döreýän düşünişmezligiň ýygnagyň parahatlygyny bozmagyna ýol bermeli däl

Bagtly bolmak üçin pulumyzy nädip ulanmaly?