6-NJY SORAG
Deň-duşlaryň täsirine nädip garşy durmaly?
SEN NÄME EDERDIŇ?
Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir: Iki klasdaşynyň ýanyna gelýändigini görende, Braýnyň ýüregi gürsüldäp başlaýar. Şu hepdäniň içinde olar eýýäm iki gezek Braýna çilim hödürlediler. Indi bolsa ýene-de oňa çilim çekdirjek bolýarlar.
Olaryň biri:
«Dost, ýüzüň salyk-la? Häzir keýpiňi kökläris» diýýär.
Ol soňky sözlerini biraz başgarak äheňde aýdýar-da, gözüni gypýar. Soňra jübüsinden bir zat çykaryp, ony Braýna uzadýar.
Klasdaşlarynyň elindäki çilimi görüp, Braýnyň ýüregi has-da beter urup başlaýar.
Braýn: «Oglanlar, men size öňem aýdypdym-a...» diýýär.
Şonda beýleki klasdaşy onuň sözüni bölüp: «Nätdiň-aý dost, gorkup durmasana-ow» diýýär.
Braýn: «Men gorkamok» diýip, pert jogap berýär.
Şonda ol elini Braýnyň egnine goýýar-da: «Onda al-da» diýip, ýakymsyz ýylgyryşyny edýär.
Beýleki klasdaşy bolsa Braýnyň edil alkymyna dykylyp: «Arkaýyn bol, hiç kime aýtmarys. Öz aramyzda galar» diýip pyşyrdaýar.
Eger sen Braýnyň ýerine bolsaň näme ederdiň?
SAKLAN WE OÝLAN!
Eýsem, Braýnyň klasdaşlary çilim çekmegiň zyýanlydygyny bilmeýärmi? Olar muny öz islegi bilen edýärlermi? Aslynda, olar deň-duşlaryna ýaranjak bolup, olaryň täsirine düşdüler. Şeýdip, olaryň elinde oýnawaç boldular.
Şeýle ýagdaýda başgalaryň täsirine düşmän, dogry hereket etmäge saňa näme kömek eder?
-
ÖŇÜNDEN BILJEK BOL
Süleýmanyň tymsallary 22:3-de: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir; mön adamlar bolsa ileri geçip, zyýan görýändir» diýilýär.
Adatça, kynçylygy öňünden görüp bolýar. Aýdaly, sen klasdaşlaryň üýşüp, çilim çekip durandygyny görýärsiň. Eger sen bolup biläýjek ýagdaýy göz öňüne getirseň, kynçylygyň öňüni alyp bilersiň.
-
OÝLAN
1 Petrus 3:16-da: «Ynsabyňyzy päk saklaň» diýilýär.
Özüňe şeýle sorag ber: «Eger men häzir deň-duşlarymyň täsirine düşsem, soň näme bolar?» Mümkin, olar saňa biraz wagt hiç zat diýmezlerem. Ýöne soňra näme? Sen deň-duşlaryňa ýaranjak bolup, öz ynanýan zatlaryňdan el çekermiň? (Müsürden çykyş 23:2).
-
TUTANÝERLI BOL
Süleýmanyň tymsallary 14:15-de: «Paýhasly adam... öz ädimlerine dykgat edýändir» diýilýär.
Sen iru-giç durmuşda özbaşdak karara gelmeli bolarsyň. Ýazgylarda Ýusubyň, Eýýup pygamberiň we Isanyň dogry karara gelmek üçin elinde baryny edendikleri hakda aýdylýar. Kabylyň, Esawyň we Iuda Iskariotyň bolsa nädogry karara gelendikleri gürrüň berilýär. Eýsem, sen näme edersiň?
Injilde: «Az zatda wepaly bolan adam köp zatda-da wepaly bolýandyr» diýilýär (Luka 16:10). Eger sen belli bir karara gelip, onuň nähili netije berjekdigi hakda oýlanan bolsaň, deň-duşlaryňa garaýşyňy aýtmak aňsat bolar.
Sen deň-duşlaryňa bar zady gürrüň bermelidirin öýtme; olara garşy durmak üçin diňe «ÝOK» diýmek ýeterlikdir. Ýa-da garaýşyňy has aýan etmek üçin şeýle diýip bilersiň:
-
«Men muny edip biljek däl!»
-
«Bu barada pikirem etmäň!»
-
«Görýän welin, siz meni tanaňyzok öýdýän!»
Esasy zat, dessine we ynamly jogap bermeli. Şonda deň-duşlaryň çilim hödürlemeg-ä beýlede dursun, asla adyňam tutmazlar. Özüňem muňa geň galarsyň!
ÜSTÜŇDEN GÜLENLERINDE...
Deň-duşlaryň üstüňden gülse näme etmeli? Eger olar: «Sen-ä bir barypýatan gorkak ekeniň» diýseler näme? Şuny unutma: Aslynda, olar üstüňden gülmek bilen, seniň sustuňy basjak bolýarlar. Şeýle ýagdaýda sen näme edip bilersiň? Munuň azyndan 2 usuly bar.
-
Ýaňsylamany kabul etmek. (Meselem, sen: «Hawa, men gorkak! Şonuň üçin men...» diýip bilersiň)
-
Gaýtargy bermek. (Sen olara näme üçin çilim çekmeýändigiňi aýdyp, soňra: «Oglanlar, men-ä sizi çilim çekerden akyllysyňyz öýdýärdim!» diýip bilersiň)
Eger olar şonda-da üstüňden gülseler, sesiňi çykarman, ol ýerden gitseň gowy bolar! Ýadyňda bolsun, sen olaryň ýanynda näçe köp dursaň, olara garşy durmak şonça-da kyn bolar. Tersine, ol ýerden gitseň, başgalaryň üstüňden agalyk etmegine ýol bermersiň.
Elbetde, deň-duşlaryň şonda-da seni ýaňsylamaklary mümkin. Emma dogry ýoly saýlamak, deň-duşlaryň täsirine garşy durmak we durmuşyňa erk etmek seniň öz eliňde! (Ýeşuwa 24:15).