Ýahýa 15:1—27

  • Hakyky üzüm agajy baradaky mysal (1—10)

  • Söýgi barada tabşyryk (11—17)

    • «Güýçli söýgi» (13)

  • Dünýä şägirtleri ýigrenýär (18—27)

15  Men hakyky üzüm agajydyryn, Atam bolsa bagbandyr.  Ol mendäki miwe bermeýän şahany kesip taşlaýar, miwe berýän şahany bolsa has köp miwe berer ýaly arassalaýar+.  Siz meniň aýdan sözlerim bilen eýýäm arassalandyňyz+.  Meniň bilen agzybir boluň, men hem siziň bilen agzybir bolaryn. Üzüm agajynyň çapylan şahasynyň miwe berip bilmeýşi ýaly, siz hem meniň bilen agzybir bolmasaňyz+, miwe berip bilmersiňiz.  Men üzüm agajy, siz onuň şahalary. Kim meniň bilen agzybir bolsa, men hem onuň bilen agzybir bolaryn. Şeýle adam köp miwe berer+, sebäbi siz mensiz hiç zat edip bilmersiňiz.  Meniň bilen agzybir bolmadyk adam üzüm şahalary ýaly kesilip taşlanar we gurap galar, soňra olary otlap goýbererler.  Meniň bilen agzybir bolsaňyz, aýdýanlarymy berjaý edersiňiz. Dilän her bir zadyňyzy alarsyňyz+.  Köp miwe berip, şägirdimdigiňizi subut etseňiz, Atam şöhratlanar+.  Atamyň meni söýşi ýaly+, men hem sizi söýýärin. Siz hem meni hemişe söýüň. 10  Tabşyryklarymy berjaý etseňiz, maňa söýgüňiz sowamaz, sebäbi men hem Atamyň tabşyryklaryny berjaý edip, oňa söýgimi sowatmaýaryn. 11  Siziň hem meniň ýaly ýürekden şatlanmagyňyzy isleýärin, şonuň üçin şu sözleri aýdýaryn+. 12  Size şeýle tabşyryk berýärin: meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň+. 13  Dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden güýçli söýgi ýokdur+. 14  Tabşyryklarymy berjaý etseňiz, dostum bolarsyňyz+. 15  Indi size gul diýmeýärin, sebäbi gul hojaýynyň edýän işlerini bilýän däldir. Men size dostlarym diýýärin, sebäbi Atamdan eşidenlerimiň ählisini size aýtdym. 16  Siz meni däl-de, men sizi hemişe miwe berersiňiz diýip saýladym. Meniň adym bilen Atamdan näme dileseňiz, ol size berer+. 17  Men şu zatlary biri-biriňizi söýmegiňiz üçin tabşyrýaryn+. 18  Bilip goýuň, dünýä sizi ýigrenýär, sebäbi sizden öň meni ýigrendi+. 19  Siz dünýäden bolan bolsadyňyz, onda dünýä sizi söýerdi. Indi siz dünýäden däl, sebäbi men sizi dünýäden saýlap aldym+. Şonuň üçin dünýä sizi ýigrenýär+. 20  Şuny ýadyňyzda saklaň: gul hojaýyndan uly däldir. Olar meni yzarlan bolsalar, sizi-de yzarlarlar+, maňa gulak asan bolsalar, size-de gulak asarlar. 21  Meniň şägirdimdigiňiz üçin size garşy çykarlar, sebäbi olar meni Ibereni tanamaýarlar+. 22  Men gelip, olara duýdurmadyk bolsam, günäkär bolmazdylar+. Ýöne olar indi günäsini aklap bilmezler+. 23  Meni ýigrenýän adam Atamy-da ýigrenýändir+. 24  Men hiç kimiň başarmajak zatlaryny etdim. Eger etmedik bolsam, olar günäkär hasaplanmazdy+. Olar meni gözi bilen görseler-de, meni-de, Atamy-da ýigrendiler. 25  Şeýlelikde, Töwratdaky*: „Sebäpsiz ýere meni ýigrendiler“+ diýen sözler berjaý boldy. 26  Men size Atamdan kömekçi ibererin. Atamyň iberen mukaddes ruhy size hakykaty öwredip+, men hakda şaýatlyk eder+. 27  Siz hem men hakda şaýatlyk edersiňiz+, sebäbi ilkibaşdan meniň ýanymdadyňyz.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.