Ýermeýa 25:1—38
25 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ hökümdarlygynyň dördünji ýylynda, Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* patyşalygynyň birinji ýylynda Hudaý ýahuda halky barada Ýermeýa pygamber bilen gepleşdi.
2 Ýermeýa pygamber Ýahudanyň ähli halky, Iýerusalimiň tutuş ilaty hakda şeýle diýdi:
3 «Ýahuda patyşasy Amonyň ogly Ýoşyýanyň+ hökümdarlygynyň 13-nji ýylyndan şu güne çenli, 23 ýyllap Ýehowa meniň bilen gepleşdi. Men Hudaýyň habaryny gaýta-gaýta* aýtdym, emma siz gulak asmadyňyz+.
4 Ýehowa gaýta-gaýta pygamberlerini ýanyňyza iberdi, emma siz diňlemediňiz, gulak asmadyňyz+.
5 Pygamberler şeýle diýerdiler: „Zalym ýoluňyzdan dolanyň, zalym işleriňizden el çekiň+. Şonda Ýehowanyň ata-babalaryňyza we size beren ýurdunda uzak ömür sürersiňiz.
6 Ýat taňrylara çokunmaň, olara gulluk etmäň, sežde etmäň. Butlar dikip, Hudaýy ynjatmaň, ol hem siziň üstüňize betbagtçylyk indermez.
7 Emma siz gulak asmadyňyz, edýän işleriňiz bilen meni ynjatdyňyz — muny Ýehowa aýdýar. — Şol sebäpli başyňyza betbagtçylyk indi“+.
8 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Siz sözlerime gulak asmadyňyz.
9 Şol sebäpli men demirgazykda ýaşaýan bütin halklary+, Wawilon patyşasy, gulum Nawuhodonosory+ çagyraryn — muny Ýehowa aýdýar. — Olary ýurduň, ilatyň we goňşy halklaryň üstüne çozduraryn+. Sizi we goňşy halklary ýok ederin, elhenç hala salaryn, hemişelik harabaçylyga öwrerin, adamlar olara bakyp sykylyk çalarlar*.
10 Men öýlenýän ýigit bilen gelniň sesini, şatlyk we gülki sesini, degirmeniň sesini keserin+ hem-de çyrany öçürerin.
11 Tutuş ýurt harabaçylyga öwrüler, elhenç hala düşer. Halklar 70 ýyllap+ Wawilon patyşasyna gulluk ederler“.
12 Ýehowa şeýle diýýär: „Men 70 ýyldan soň+, Wawilon patyşasynyň we halkynyň eden günäleri üçin hasabat soraryn+. Haldeýleriň ýurduny hemişelik harabaçylyga öwrerin+.
13 Onuň garşysyna aýdan ähli sözlerimi, Ýermeýanyň ähli milletler barada eden pygamberligini, şu golýazmada ýazylan zatlaryň ählisini ýurduň üstüne indererin.
14 Olar köp halklaryň we beýik patyşalaryň+ guly bolar+. Men halklaryň edenlerine we elleriniň işlerine görä almytyny bererin“»+.
15 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Elimdäki gahar şerabyndan doly käsäni al we aýdan halklaryma içir.
16 Olar içip, iki ýana yranarlar, üstlerine iberjek gylyjymdan ýaňa akylyny ýitirerler»+.
17 Men Ýehowanyň elindäki käsäni aldym we Ýehowanyň aýdan ähli halklaryna içirdim+.
18 Başda Iýerusalime, Ýahudanyň şäherlerine+, patyşalaryna we hanlaryna içirdim. Muny olar heläk bolsun, gorkunç hala düşsün, adamlar olary näletläp sykylyk çalsyn* diýip etdim+. Görşüňiz ýaly, şu sözler ýerine ýetip dur.
19 Soňra Müsür faraonyna, onuň gullaryna, hanlaryna, tutuş halkyna+,
20 ýurdunda ýaşaýan gelmişek halklara içirdim. Uz ülkesiniň patyşalaryna, piliştlileriň+ patyşalaryna, Aşkelona+, Gaza, Ekrona, Aşdotyň aman galanlaryna,
21 Edoma+, Mowaba+, ammonlara+,
22 ähli Tir we Sidon+ patyşalaryna, deňiz adasynyň patyşalaryna,
23 Dedana+, Teýma, Buza we sakgaly gyrkylan adamlara+,
24 arap patyşalaryna+, çölde ýaşaýan dürli halklaryň patyşalaryna,
25 Zimriniň patyşalaryna, Elam+ patyşalaryna, midiýalylaryň patyşalaryna+,
26 ýakyn we uzak demirgazyk patyşalaryna, dünýäniň beýleki patyşalaryna gezekli-gezegine içirdim. Iň soňunda Şeşak*+ patyşasy-da şeraply käseden içer.
27 «Olara Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Içip serhoş boluň, gusuň, üstüňize iberen gylyjymdan ýykylyň we ýeriňizden galmaň“+.
28 Eger eliňdäki käseden içmeseler, olara Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Hökman içersiňiz!
29 Men ilki bilen öz adymy göterýän şäheriň üstüne betbagtçylyk inderdim+. Indi sizi jezasyz goýarynmy?+
Asla jezasyz goýmaryn. Men ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylarynyň başyndan gylyç indererin“. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
30 Olara pygamberlik edip, şeýle aýt:„Ýehowa gökden arslan deý arlar,Mukaddes mekanyndan sesi ýaň salar.
Ýerdäki mesgenine garşy haýbatly gygyrar.
Üzüm sykýan adam kimin aýdym aýdar.Bütin dünýäniň üstünden ýeňiş aýdymyny aýdar.
31 Ýehowanyň batly sesi älem-jahana ýaň salar,Onuň halklar bilen dawasy bar.
Ähli adamlary höküm eder+.
Erbet adamlary gylyçdan geçirer“. Muny Ýehowa aýdýar.
32 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:
„Betbagtçylyklar bir halkdan beýleki halka geçer+,Ýeriň ähli künjeginde güýçli harasat gopar+.
33 Şol gün Ýehowanyň öldüren adamlary ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli çaşyp ýatar. Hiç kim ýas tutmaz, hiç kim olary üýşürmez ýa-da jaýlamaz. Olar topragyň ýüzünde ders ýaly pytrap ýatarlar“.
34 Çopanlar, aglaň, perýat ediň!
Halkyň* baştutanlary, kül içinde togalanyň!Sebäbi öljek, ýok boljak günüňiz geldi,Gymmatbaha küýze ýaly döwlersiňiz.
35 Çopanlar gaçyp bilmezler,Halkyň baştutanlary gutulyp bilmezler.
36 Çopanlar perýat edýär,Halkyň baştutanlary nalaýar,Sebäbi Ýehowa olaryň örüsini weýran etdi.
37 Ýehowanyň gahar-gazabyndan ýaňa,Asuda ýerlerde janly-jemende galmady.
38 Alla arslan kimin mekanyndan çykdy+.Gahar-gazabyndan,Zalym gylyjyndanTutuş ýurt ýer bilen ýegsan boldy».
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.
^ Sözme-söz: daň bilen turup.
^ Üstünden gülmegi ýa-da haýran galmagy aňladýan bolmaly.
^ Üstünden gülmegi ýa-da haýran galmagy aňladýan bolmaly.
^ Wawilonyň gizlin ady bolmagy mümkin.
^ Sözme-söz: Süriniň.