Ýermeýanyň agysy 1:1—22

  • Iýerusalim dul hatyna döndi

    • Şäher boşap galdy (1)

    • Sionyň külli günäleri (8, 9)

    • Hudaý Siona ejir çekdirýär (12—15)

    • Siona göwünlik berýän ýok (17)

א [Elip]* 1  Wah, adamdan doly şäher+, indi boşap galdy! At-abraýly* şäher+, indi dul hatyna döndi! Welaýatlaryň gözeli*, indi gyrnaga döndi!+ ב [Bet]   Gijelerine aglaýar+, gözýaşy sil deý akýar. Hiç bir oýnaşy indi göwünlik bermeýär+. Dost-ýary duşman boldy, dönüklik edýär+. ג [Gimel]   Ýahuda sürgün edildi+, jebir-jepa çekýär+. Halklaryň arasynda+ jany aram tapmaýar. Agyr gününde duşman eline düşýär. ד [Dal]   Baýramçylyga gelýän ýok, Sion ýoly aglaýar+. Derwezesi weýran boldy+, ruhanysy ah çekýär. Şäher agyr dert içinde, gelin-gyzy nalaýar. ה [He]   Ýagylary gaýgy-gamsyz ýaşaýar, agalyk edýär+. Agyr günäsi üçin Ýehowa hasrat çekdirýär+. Duşmany çagalaryny ýesir edip äkidýär+. ו [Waw]   Sion gyzy şan-şöhratyny ýitirdi+, Han-begi sugun kimin sährany küýsedi,Ýöremäge ysgyn-mydary galmady. ז [Zaýn]   Iýerusalimiň bagty ýatdy, sergezdan boldy,Elden giden mal-mülküni ýatlady+. Ýykylanyny görüp, duşmany güldi+,Ýesir düşen halky goldan bolmady+. ח [Het]   Iýerusalim külli günä etdi+, Nejis zada öwrüldi, Hormat goýanlar ýalaňaç halyna güldi+. Ýerden başyny galdyrman, onuň özem ah çekdi+. ט [Tet]   Köýneginiň etegi hapalandy, Gelejegini oýlanmady+. Ýykylyşy gorkunç boldy, hiç kim teselli bermedi. Eý Ýehowa, nazar sal, agyrdyr halym,Özüni beýgeltdi ganym duşmanym+. י [Ýod] 10  Ganym duşman hazynasyna el urdy+. Milletler mukaddes mekanyna girdi+.Olar seniň jemagatyňa goşulmazdy. כ [Käp] 11  Çörek gözläp sermenýär, bütin halk nalaýar+, Bir döwüm çörek üçin, mal-mülküni paýlaýar. Eý Ýehowa, bir naçara* meňzedim. ל [Lam] 12  Eý ötegçiler, azaryňyza dälmidir? Geliň, görüň! Meniň ýaly dert çekýän barmydyr?Ýehowa gazaplanyp, maňa ejir çekdirdi+. מ [Mim] 13  Ýokardan ot ýagdyryp, süňklerimi kül etdi+. Aýagyma duzak gurdy, meni yza serpikdirdi. Ol meni terk etdi, Günuzyn dert çekýärin. נ [Nun] 14  Günälerim boýuntyryk boldy, Boýnumdan asyldy, ysgyn-mydarym galmady. Ýehowa meni duşman eline tabşyrdy+. ס [Sameh] 15  Ýehowa pälwanlary ýykdy+, Goç ýigitleri gyrmaga goşun toplady+. Ýehowa Ýahuda gyzyny üzüm deý ezdi+. ע [Aýn] 16  Şonuň üçin aglaýaryn+, gözýaşym sil dek akýar. Göwünlik berjek adamlar uzakda galdy. Duşmanlarym üstün çykdy, ogul-gyzymy gyrdy. פ [Pe] 17  Sion elini uzadyp nalaýar+, göwünlik berýän tapylmaýar. Ýehowanyň emri bilen Ýakuba hüjüm edilýär+. Iýerusalim duşmanlaryna ýigrenji bolup görünýär+. צ [Sad] 18  Ýehowa adyldyr+, men tabşyryklaryny bozdum+. Eý halklar, meni diňläň, agyr derdimi görüň. Ogul-gyzlarym ýesirlige düşdi+. ק [Kap] 19  Oýnaşlarymy çagyrdym, olar meni aldady+. Ruhanylar, ýaşulular çörek diläp sermendi,Şäher meýdançasynda* açlykdan heläk boldy+. ר [Reş] 20  Eý Ýehowa, ser sal, agyrdyr halym, Ýanyp tutaşyp dur, meniň janym. Ýüregim ynjalmaýar, sebäbi gozgalaň turuzdym+, Daşarda gylyç bar+, içerde ölüm. ש [Şin] 21  Ahy-zarymy eşitseler-de, göwünlik beren bolmady, Ganym duşmanlarym derdimi gördi. Beren jezaňy görüp, ýagylarym begendi+, Bellän günüň gelsin+, olar meniň günüme düşsün+. ת [Taw] 22  Agyr günäm sebäpli maňa jeza beripdiň,Erbet işlerini görüp, olara-da temmi ber+. Sebäbi ýürek ýaraly, dertlerim köpdür.

Çykgytlar

1—4-nji baplar ýewreý elipbiýiniň tertibinde ýazylypdyr (akrogoşgy görnüşi).
Sözme-söz: melikesi.
Ýa-da: Köp ilatly.
Iýerusalime degişli.
Sözlüge serediň.