Birinji Ýahýa 5:1—21
5 Isanyň Mesihdigine ynanýan adam Hudaýyň çagasydyr+. Hudaýy söýýän adam çagalaryny hem söýýändir.
2 Biz Hudaýy söýüp, tabşyryklaryny berjaý edýän bolsak, diýmek, Hudaýyň çagalaryny+ hem söýýäris.
3 Hudaýy söýmek tabşyryklaryny berjaý etmegi aňladýar+. Tabşyryklaryny berjaý etmek bolsa kyn däl+.
4 Hudaýyň çagalary dünýäni ýeňýär+. Hawa, biz dünýäni iman bilen ýeňdik+.
5 Dünýäni kim ýeňip biler?+ Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynanýan adam dälmi?+
6 Isa Mesih suw we gan bilen geldi. Ol diňe suw bilen däl+, suw we gan bilen geldi+. Ruh bolsa muňa şaýatlyk edýär+, sebäbi ruhuň şaýatlygy hakykat.
7 Üç şaýat bar:
8 ruh+, suw+ we gan+. Üçüsiniň hem şaýatlygy birdir.
9 Eger biz adamlaryň şaýatlygyna ynanýan bolsak, onda Hudaýyň şaýatlygyna has-da ynanmaly dälmi näme? Sebäbi Hudaýyň özi Ogly hakda şaýatlyk etdi.
10 Hudaýyň Ogluna iman edýän Hudaýyň şaýatlygyny ýürekden kabul edýär. Iman etmeýän adam bolsa Hudaýy ýalançy hasaplaýar+, sebäbi ol Hudaýyň Ogly hakda aýdylan şaýatlyga iman etmeýär.
11 Hudaýyň şaýatlygy şeýledir: ol ebedi ýaşaýşy berdi+, biz şol ýaşaýşa Ogly arkaly gowşarys+.
12 Ogul bilen agzybir adamyň ebedi ýaşaýşa umydy bar, Hudaýyň Ogly bilen agzybir bolmadyk adamyň ebedi ýaşaýşa umydy ýokdur+.
13 Men şu zatlary Hudaýyň Oglunyň adyna iman edýänlere ýazýaryn+, sebäbi siziň ebedi ýaşaýşa umyt etmegiňizi isleýärin+.
14 Biz Hudaýa arkaýyn ýüzlenip bilýäris+, sebäbi islegine görä näme dilesek, ol hökman eşider+.
15 Eger dilegimizi eşidýän bolsa, diýmek, ondan dilän zadymyzy hem alarys+.
16 Eger biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýändigini görse, onuň üçin Hudaýa doga etmeli. Eger ol ölüme eltmeýän günä eden bolsa, Hudaý oňa ýaşaýyş berer+. Ýöne ölüme eltýän günä hem bar+. Şeýle günä edýän adam üçin doga etmeli diýmeýärin.
17 Erbet işleriň ählisi günädir+, emma ölüme eltmeýän günä-de bardyr.
18 Bilşiňiz ýaly, Hudaýyň çagasy günä etmeýär, sebäbi Hudaýyň Ogly şeýle adamy goraýar, hatda Iblis* hem oňa hiç zat edip bilmez+.
19 Bilşimiz ýaly, biz Hudaýyň tarapynda, bütin dünýä bolsa Şeýtanyň* golastynda+.
20 Şeýle-de biz Hudaýyň Oglunyň gelendigini bilýäris+. Ol aň-düşünjämizi açyp, hak Hudaý barada bilim almaga kömek etdi. Biz hak Hudaý bilen Ogly Isa Mesih arkaly agzybirligi saklaýarys+. Ol hak Hudaýdyr we ebedi ýaşaýşyň gözbaşydyr+.
21 Balalarym, butlardan gaça duruň!+