Birinji Korinfliler 10:1—33

  • Ysraýyllardan sapak edinmek (1—13)

  • Butparazlykdan gaça durmak (14—22)

    • Ýehowanyň we jynlaryň saçagy (21)

  • Hemme zat rugsat edilse⁠-⁠de, başgalaryň peýdasyny gözläň (23—33)

    • «Ählisini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň» (31)

10  Doganlar, siziň şuny bilmegiňizi isleýärin: ata-babalarymyz buludyň aşagynda ýörediler+ we deňziň içinden geçdiler+.  Olar Musanyň yzyna eýerip, bulut we deňiz arkaly suwa çümdürildiler.  Olaryň hemmesine bir ruhy iýmit+ we  bir ruhy suw berildi+. Olar yzyndan gelýän ruhy gaýanyň suwuny içdiler. Ol gaýa Mesihdir+.  Emma Hudaýy razy etmedikler çölde gyryldy+.  Ata-babalarymyz bilen bolan waka bize sapak boldy. Şonuň üçin ata-babalarymyz ýaly erbet zatlary islemäliň+.  Olaryň käbiri ýaly butparaz bolmalyň. Töwratda aýdylyşy ýaly: «Adamlar oturyp iýip içdiler, yzyndan bolsa turup, şadyhorramlyk edip başladylar»+.  Olaryň käbiri ýaly ahlaksyzlyk* etmäliň, sebäbi ahlaksyzlyk* edip, bir günde 23 000 adam öldi+.  Olaryň käbiri ýaly Ýehowany* synamalyň+, sebäbi ony synan adamlary ýylan çakyp öldürdi+. 10  Olaryň käbiri ýaly hüňürdemäliň+, sebäbi şeýle edenleri perişde ýok etdi+. 11  Ata-babalarymyz bilen bolan wakalardan sapak ediner ýaly, olar bize, şu dünýäniň ahyryna garaşýanlara duýduryş hökmünde ýazylandyr+. 12  Kim berk durun öýtse, seresap bolsun, ýykylaýmasyn+. 13  Siziň başyňyza inen synaglar başgalaryň-da başyna inýändir+. Ýöne Hudaý beren sözünde durup, siziň döz gelip bilmejek synaglaryňyza ýol bermez+. Synagda soňuna çenli çydap biler ýaly çykalga-da açar+. 14  Eziz doganlarym, butparazlykdan gaçyň+. 15  Siziň düşünjeli bolanyňyz üçin aýdýaryn, meniň aýdýanlarym hakda oýlanyň. 16  Eýsem bereket berýän käsäni alyp Hudaýa şükür edenimizde, Mesihiň ganyna şärik bolmaýarysmy?+ Çöregi bölenimizde, Mesihiň bedenine şärik bolmaýarysmy?+ 17  Çörek birdir, biziň ählimiz hem bir bedendiris+ we bir çörekden iýýändiris. 18  Ysraýyl halky hakda oýlanyň. Berlen sadakalardan iýýänler gurbanlyk ojagyndaky* zatlara şärik bolmaýarmy?+ 19  Eýsem men buta berlen sadakany ýa-da buty wajyp hasaplaýarynmy? 20  Ýok! Adamlar sadakany Hudaýa däl-de, jynlara berýärler+. Men bolsa siziň jynlary goldamagyňyzy islemeýärin+. 21  Siz hem Ýehowanyň* käsesinden, hem jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz, hem «Ýehowanyň* saçagyndan»+, hem jynlaryň saçagyndan iýip bilmersiňiz. 22  Ýa-da «biz Ýehowany* gabandyrarysmy»?+ Biz ondan güýçlümi? 23  Bize hemme zat rugsat edilýändir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Hemme zat rugsat edilýändir, ýöne hemme zat ruhy taýdan berkidýän däldir+. 24  Goý, her kim öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin+. 25  Bazarda satylýan eti arkaýyn satyn alyň, soraşdyrman, arassa ynsap bilen iýiň. 26  Sebäbi «ýer we ondaky ähli zatlar Ýehowanyňkydyr*»+. 27  Eger iman etmeýän adam sizi myhmançylyga çagyrsa, siz hem barsaňyz, öňüňizde näme goýulsa, soraman, arassa ynsap bilen iýiň. 28  Emma biri: «Ol butlara gurbanlyk berlen et» diýse, onda şol aýdan adamy büdretmez ýaly we başgalaryň ynsaby ezýet bermez ýaly etden iýmäň+. 29  Men siziň ynsabyňyzy däl-de, ol adamyň ynsabyny göz öňünde tutýaryn. Islän zadymy etmäge hakym bolsa-da, başga adamyň ynsabynyň meni günäkärlemegini islemeýärin+. 30  Men şol eti Hudaýa şükür edip iýsem-de+, başgalary büdretsem dogry bolarmy? 31  Siz iýseňiz-de, içseňiz-de, näme etseňiz-de ählisini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň+. 32  Ýehudylaryň, grekleriň we Hudaýyň ýygnagynyň büdremegine sebäp bolmaň+. 33  Men diňe öz peýdamy däl+, köp adamlaryň peýdasyny gözleýärin, ähli zatda göwnünden turmaga çalyşýaryn, sebäbi olaryň halas bolmagyny isleýärin+.