Birinji Korinfliler 9:1—27
9 Men islän zadymy edip bilmeýärinmi? Men resul dälmi? Halypamyz Isany görmedimmi?+ Siz Halypamyz üçin çeken zähmetimiň miwesi dälmi?
2 Men başgalar üçin resul bolmasam-da, siziň üçin resuldygyma doly ynanýaryn. Sebäbi siz meniň Halypamyzyň resulydygymy möhür kimin tassyklaýarsyňyz.
3 Meni günäkärleýänleriň öňünde özümi aklamak üçin şulary aýdýaryn.
4 Biziň iýip-içmäge hakymyz* ýokmy?
5 Biziň hem beýleki resullar, Halypamyzyň doganlary+ we doganymyz Kifa*+ ýaly öýlenip, iman edýän aýalymyzy ýanymyzda alyp gitmäge hakymyz ýokmy?+
6 Barnabas+ ikimiziň zähmet çekmän, diňe Hudaýa gulluk etmäge hakymyz ýokmy?
7 Eýsem goşunda gulluk edýän esgere hak tölenmeýärmi? Üzüm ekýän adam miwesini iýmezmi?+ Sürini bakýan çopan süýt içmezmi?
8 Men diňe adamlaryň pikirini aýdýarynmy? Töwratda-da şeýle diýilmeýärmi?
9 Musanyň ýazan Töwrat kitabynda: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň»+ diýilýär. Hudaý öküzleriň aladasyny edýärmi
10 ýa-da biziň aladamyzy? Ol şeýle kanuny biziň aladamyzy etmek üçin beripdi. Sebäbi ýer sürýän-de, harman döwýän-de paýyny almak üçin zähmet çekýär.
11 Eger sizde ruhy tohumy eken bolsak, onda sizden gerek-ýarak zadymyzy alsak nädogry bolarmy?+
12 Eger başgalaryň sizden zat talap etmäge haky bar bolsa, onda biziň has köp hakymyz ýokmy? Biziň hakymyz bolsa-da, ondan peýdalanmadyk+. Biz Mesih baradaky hoş habary wagyz etmek üçin ähli ýagdaýlara döz geldik+.
13 Ybadathanada mukaddes gullugy berjaý edýänleriň getirilen sadakalardan iýip bilýändigini bilmeýärsiňizmi? Gurbanlyk ojagynyň* öňünde hyzmat edýänleriň öz paýyny alýandygyny bilmeýärsiňizmi?+
14 Halypamyz hem hoş habary wagyz edýänlere hoş habar arkaly ýaşamagy tabşyrypdy+.
15 Men bolsa ygtyýarymdan peýdalanmadym+ ýa-da bir zada hantama bolup hat ýazmadym. Meniň şeýle edenimden ölenim gowudyr. Hoş habary mugt wagyz edýändigime buýsanýaryn, hiç kim maňa buýsanmaga päsgel berip bilmez+.
16 Ýöne meniň öwünmäge hakym ýokdur, sebäbi hoş habary wagyz etmek borjumdyr. Hoş habary wagyz etmesem, dat günüme!+
17 Hoş habary höwes bilen wagyz etsem, sylag alaryn. Emma göwünli-göwünsiz etsem-de, şonda-da Hudaýyň öňünde borjumy ýerine ýetirmeli+.
18 Ýöne nähili sylag alaryn? Berlen ygtyýardan doly peýdalanman, hoş habary mugtuna wagyz etmeklik meniň sylagymdyr.
19 Men hiç kime borçly bolmasam-da, adamlara Mesihiň ýolundan ýöremäge kömek etmek üçin gul kimin hemmelere hyzmat etdim.
20 Ýehudylary Mesihiň ýolunda ýöretjek bolup, olar üçin ýehudy boldum+. Men kanuna görä ýaşamasam-da, kanuna görä ýaşaýanlary halas etjek bolup, olar üçin kanuna görä ýaşaýan ýaly boldum+.
21 Men Hudaýyň we Mesihiň kanunyny berjaý edýärin+. Ýöne kanuny berjaý etmeýänleri Mesihiň ýolunda ýöretjek bolup, kanuna görä ýaşamaýan adam ýaly boldum.
22 Ejizlere kömek etjek bolup, olar üçin ejiz adam ýaly boldum+. Iň bolmanda, käbir adamlary halas etmek üçin her kese her zat boldum.
23 Men bulary ähli adamlara hoş habary wagyz etmek üçin we hoş habaryň hatyrasy üçin etdim+.
24 Siz ýaryşda ylgaýanlaryň diňe biriniň baýrak alýandygyny bilýänsiňiz. Siz hem baýrak almak üçin ylgaň+.
25 Ýaryşa gatnaşýan türgenler solýan täji almak üçin ähli zatdan geçip+, özüne erk edýärler. Biz bolsa solmaýan täji almak üçin+ ähli zatdan geçip, özümize erk edýäris.
26 Şol sebäpli men maksatsyz ylgamaýaryn+, howany ýumruklaýan ýaly, boş ýere urmaýaryn.
27 Ýöne başgalara wagyz edip, özüm sylagsyz galmaz ýaly*, bedenimi jylawlap*+, gul kimin tabyn edýärin.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: ygtyýarymyz.
^ Ýagny Petrus.
^ Ýa-da: Hudaýyň razylygyndan mahrum bolmaz ýaly.
^ Ýa-da: jeza berip; berk terbiýeläp. Sözme-söz: urup.