Birinji Musa 49:1—33
49 Ýakup ogullaryny çagyryp, şeýle diýdi: «Hemmäňiz ýygnanyň, size gelejekde nämeleriň garaşýanyny aýdaýyn.
2 Eý Ýakubyň ogullary, baryňyz jem bolup diňläň, ataňyz Ysraýyla gulak asyň!
3 Ruben+, nowbaharym+, güýç-kuwwatym, ýigitlik çagymyň ilkinji miwesi sensiň. Sarpasy belent, gujur-gaýratly oglum.
4 Ýöne indi mertebäň belende galmaz, sebäbi sen suw deý dolup-daşyp, azgynlyk etdiň. Ataň gyrnagy bilen ýatyp+, düşegini hapaladyň. Sende utanç-haýa galmady!
5 Şimgon bilen Lewi süýtdeş dogandyr+, olar ýaragyny zorluk-sütem üçin ulanýar+.
6 Olara goşulma, eý janym. Üýşmeleňine barma, eý köňlüm*. Olar gahar-gazap bilen adam öldürdi+, öküzleri maýyp edip, keýp aldy.
7 Nälet bolsun olaryň gahar-gazabyna, sebäbi zalymlyga hem wagşylyga eltdi+. Olary Ýakubyň ýurduna pytradaryn, Ysraýylyň arasyna dargadaryn+.
8 Ýahuda+, oglum, doganlaryň saňa alkyş aýdar+, duşmanlaryň bolsa boýun eger+. Ataň ogullary öňüňde baş eger+.
9 Ýahuda şir balasy kimindir+. Oglum awuny iýip, ýerinden turar. Arslan deý uzalyp ýatar. Seni ýeriňden gozgamaga kim milt edip biler?
10 Şilo* gelinçä+, şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez+, hökümdarlyk hasasy ondan* alynmaz. Halklar oňa* tabyn bolar+.
11 Eşegini üzüm agajyna, kürresini saýlama üzüm bagyna daňar. Lybasyny şeraba, donuny üzüm şiresine ýuwar.
12 Şerapdan ýaňa gözleri çym gyzyldyr, süýtden ýaňa dişleri ap-akdyr*.
13 Zebulun+ deňiz kenarynda, gämi duralgalarynda ýaşar+. Serhedi Sidona çenli uzalar+.
14 Ysahar+ daýaw eşek ýalydyr, ýatanda-da arkasy horjunlydyr.
15 Ol özüne rahat we owadan ýer gözläp tapar. Gerdeninde ýük çekip, agyr işe kaýyl bolar.
16 Dan+ Ysraýylyň bir taýpasydyr, ol tutuş halka kazylyk eder+.
17 Dan ýolda ýatan ýylan, ýodadaky alahöwren kimindir. Goý, ol bedewiň aýagyndan çakyp, duşmany* atdan agdarsyn+.
18 Eý Ýehowa, seniň halas etjek wagtyňa garaşaryn!
19 Gadyň+ üstüne talaňçylar çozar, ol bolsa gaýtawul berip, yzlaryndan kowalar+.
20 Aşeriň+ çöregi bol bolar, ol patyşalaryň halaýan ir-iýmişini* ýetişdirer+.
21 Naftaly+ çalasyn keýik kimindir. Agzyndan hoşamaý sözler çykýar+.
22 Ýusup+ miweli agajyň şahasydyr, çeşme boýunda biten, şahalary diwardan aşýan miweli daragtyň şahasydyr.
23 Ýaýçylar duşmançylyk edip, gahar-gazap bilen ok atdylar+.
24 Emma Ýakubyň gudratly Hudaýy, Ysraýylyň çopany we gaýasy Ýusuby gorady, onuň ýaýy döwülmedi+, gollary güýçden gaçmady+.
25 Ýusup Hudaýyň* berenidir, Gudratygüýçli Alla ýakyn adamdyr. Hudaý saňa kömek edip, rysgal-döwletiňi artdyrar. Üstüňe asmandan ýagyş ýagdyrar, ýer astyndan çeşme-çaýlary çykarar+. Perzendiňi, mal-garaňy köpelder.
26 Kakaň beren ak patasy dünýä döräli bäri duran daglaryň eşretinden-de, sarsmaz baýyrlaryň gözelliginden-de belentdir+. Doganlarynyň arasyndan saýlanan Ýusubyň berekedi hiç wagt egsilmez, rysgal-döwleti asla kemelmez*+.
27 Benýamin+ awuny parçalaýan möjek ýaly bolar+. Irden awuny ýalmap-ýuwudyp, agşam oljasyny paýlaşar»+.
28 Ýakubyň ogullaryndan Ysraýylyň 12 taýpasy döredi. Şeýlelikde, Ýakup ogullary üçin dileg edip, hersine özüne laýyk ak pata berdi+.
29 Soňra Ýakup ogullaryna tabşyryk berip: «Bu ýagty jahan bilen hoşlaşmaly pursadym gelip ýetdi+. Het halkyndan Epronyň melleginde gowak bardyr. Meni şol gowakda, ata-babalarymyň ýanynda jaýlaň+.
30 Şol gowak Kenganda Mamräniň garşysyndaky Mahpelada ýerleşýär. Ybraýym şol mellegi het halkyndan Eprondan gonamçylyk üçin satyn alypdy.
31 Atam Ybraýym bilen enem Bibisara+, kakam Yshak+ bilen ejem Rebeka şol gowakda jaýlandy. Men Leýany hem şol gowakda jaýladym.
32 Mellek bilen içindäki gowak het halkyndan satyn alnypdy»+ diýdi.
33 Ýakup ogullaryna wesýet edip boldy-da, düşeginde uzalyp ýatdy. Soňra dem almasy kesilip, jan berdi+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: ar-namysym; mertebäm.
^ Şilo göz öňünde tutulýar.
^ Sözme-söz: aýagynyň arasyndan.
^ Manysy: Hak eýesi.
^ Ýahudanyň şerabynyň we süýdüniň bol boljakdygyny aňladýar.
^ Sözme-söz: atlyny.
^ Ýa-da: näz-nygmatyny.
^ Ýa-da: kakasynyň Hudaýynyň.
^ Sözme-söz: Ýusubyň başyna, başyndaky täjine bereket ýagyp durar.