Birinji Selanikliler 5:1—28

  • Ýehowanyň gününiň gelşi (1—5)

    • «Parahatlyk we howpsuzlyk!» (3)

  • «Hemişe oýa bolup, sagdyn pikirleneliň» (6—11)

  • Öwüt⁠-⁠ündewler (12—24)

  • Hoşlaşyk sözleri (25—28)

5  Doganlar, size boljak zatlaryň wagtyny we döwrüni ýazmagyň geregi ýok.  Sebäbi Ýehowanyň* gününiň+ ogrynyň gije gelşi ýaly geljekdigini+ bilýänsiňiz.  Adamlar: «Parahatlyk we howpsuzlyk!» diýende, göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy kimin, olaryň üstlerine şol bada* betbagtçylyk iner+. Olar gaçyp gutulyp bilmezler.  Doganlar, ol gün üstüňize duýdansyz geler ýaly, siz ogry kimin garaňkylykda dälsiňiz.  Sebäbi siziň ähliňiz ýagtylygyň we gündiziň ogullary+. Biz ne gijä, ne-de garaňkylyga degişlidiris+.  Geliň, başga adamlar ýaly uklamalyň+, hemişe oýa bolup+, sagdyn pikirleneliň+.  Uklaýan adam gije uklaýandyr, serhoş adam hem gije serhoş bolýandyr+.  Emma biz gündize degişli. Geliň, hemişe sagdyn pikirlenip, iman we söýgi sowudyny geýeliň, gutulyş umydyny hem tuwulga edip+ geýeliň.  Hudaý bizi jeza bermek üçin däl-de, Halypamyz Isa Mesih arkaly halas etmek üçin saýlady+. 10  Isa biziň üçin öldi+, biz oýa bolsak-da, ölüm ukusyna gitsek-de, onuň bilen ýaşamaly+. 11  Şol sebäpli häzir edişiňiz ýaly, mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň*+, birek-biregi berkidiň. 12  Doganlar, araňyzda köp zähmet çekýänlere we Halypamyzyň işinde ýolbaşçylyk edip, öwüt-ündew berýänlere hormat goýmagyňyzy haýyş edýäris. 13  Olaryň edýän işleri üçin uly hormat goýuň we olary söýüň+. Biri-biriňiz bilen parahat ýaşaň+. 14  Doganlar, tertip-düzgüni bozýanlara duýduryş bermegiňizi+, göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldamagyňyzy we hemmelere sabyrly bolmagyňyzy ündeýäris+. 15  Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermäň+, biri-biriňize we ähli adamlara hemişe ýagşylyk etmek üçin jan ediň+. 16  Elmydama şatlanyň+. 17  Hemişe doga-dileg ediň+. 18  Ähli zat üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdyň*+, sebäbi Hudaý siziň Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde şeýle etmegiňizi isleýär. 19  Içiňizde lowlaýan mukaddes ruhuň oduny söndürmäň+. 20  Pygamberliklere biperwaý garamaň+. 21  Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň+, gowy zada berk ýapyşyň. 22  Ähli erbetlikden uzakda duruň+. 23  Goý, parahatlyk Hudaýy sizi mukaddes etsin. Doganlar, ruhda, ýaşaýyşda, bedende sagdyn bolup, Halypamyz Isa Mesih gelýänçä* ähli ýagdaýlarda ýazyksyz* ýaşaň+. 24  Sizi çagyran Hudaý wepalydyr, ol aýdan zatlaryny hökman eder. 25  Doganlar, biziň üçin hemişe doga-dileg ediň+. 26  Ähli doganlar bilen mähirli* salamlaşyň. 27  Şu haty ähli doganlara okap bermegiňizi Halypamyzyň adyndan tabşyrýaryn+. 28  Goý, Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk etsin!

Çykgytlar

Ýa-da: duýdansyz
Ýa-da: bir-biriňize göwünlik beriň.
Ýa-da: minnetdar boluň.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Ýa-da: aýypsyz.
Sözme-söz: mukaddes posalar bilen.