Ikinji Şamuwel 23:1—39
23 Dawut sözüni jemläp, şeýle diýdi+:
«Ýakubyň Hudaýynyň saýlany+,Ysraýylyň şirin owazly aýdymçysy+,Hudaýyň beýgelden adamy+,Ýesse ogly Dawut+ sözleýär.
2 Ýehowanyň ruhy meni gepletdi+,Dilimdedir sözi+.
3 Ysraýyl Hudaýy gürledi,Ysraýylyň Arkadagy+ diýdi:
„Patyşa adyl bolsa+,Hudaýdan gorkup höküm sürse+,
4 Patyşalygy meňzär daň şapagyna+,Gök asmanyň Gün şöhlesine.
Ýagmyrdan soň ýalkym saçar,Gök otlary janlandyrar“+.
5 Patyşalygym* Hudaýyň öňünde şeýledir.
Baglaşan ähti ebedilikdir+,Birkemsiz, bozulmaz ähtdir.
Ähtdedir gutulyşym, göwün şadym,Heý-de, ol beren sözünden dänermi?!+
6 Erbetler tikenek kimindir+,Ählisi kesilip taşlanar,
El bilen tutup bolmaz.
7 Demir ýa naýza almasaň,Elläp bolmaz, diňe otlaýmak galar».
8 Dawudyň gaýduwsyz esgerleri+ şulardyr: tahakmonlardan Ýoşepbaşbet üç batyr ýigidiň başydy+. Bir gezek Ýoşepbaşbet naýzasy bilen 800 esgeri öldürdi.
9 Üç batyr ýigidiň ikinjisi Dodonyň+ ogly, Ahohyň agtygy Algazardy+. Piliştliler ysraýyllar bilen söweşende, Dawudyň üç gaýduwsyz esgeri olara garşy çykypdy. Algazar şolaryň biridi. Ysraýyllar yza çekilse-de,
10 ol yza çekilmän, gylyçly eli güýçden gaçýança, piliştlileri gyrdy+. Şol gün Ýehowa uly ýeňiş berdi+. Gaçan esgerler hem yzyna dolanyp, öldürilenleri taladylar.
11 Üç batyr ýigidiň üçünjisi hararly Ageýiň ogly Şammaýdy. Bir gezek piliştliler Lehide ýygnandylar. Şol ýerde merjimek ekilen meýdan bardy. Ysraýyl esgerleri olardan gaçyp başladylar.
12 Emma Şammaý ekini piliştlilere bermejek bolup, ekiniň ortasynda durdy-da, piliştlileri gyrdy. Şeýdip, Ýehowa halkyna uly ýeňiş berdi+.
13 Orak döwri 30 serkerdäniň üçüsi Adullam+ gowagyna, Dawudyň ýanyna bardy. Şol wagt piliştliler Refaýim jülgesinde+ düşelge gurupdy.
14 Dawut gowakda bolup ýördi+, Beýtullahamda bolsa piliştlileriň sakçylary bardy.
15 Bir gün Dawut: «Wah, Beýtullahamyň guýusyndan suw içäýsem!» diýdi.
16 Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesinden geçip, Beýtullaham derwezesiniň ýanyndaky guýudan Dawuda suw getirip berdiler. Emma Dawut suwy içmän, Ýehowanyň öňünde ýere dökdi+.
17 Ol: «Ýehowa, men muny içip bilmerin! Janyndan geçip* giden adamlaryň ganyny içeýinmi?»+ diýip, suwy içmedi. Dawudyň üç batyr ýigidi şeýle edermenlik görkezipdi.
18 Seruýanyň ogly+, Ýowabyň dogany Abyşaý+ başga üç gaýduwsyz ýigidiň başydy. Bir gezek ol naýzasy bilen 300 esgeri öldürdi. Abyşaýyň üç batyr ýigidiňki ýaly abraýy bardy+.
19 Abyşaý beýleki üç batyr ýigitden has meşhur bolup, olara baştutanlyk etse-de, başdaky üç batyr ýigidiň derejesine ýetip bilmändi.
20 Ýehoýadanyň ogly Binaýa+ batyr adamdy. Ol Kabzeýelde+ köp edermenlik görkezdi we mowaplardan Arygeliň iki ogluny öldürdi. Gar ýagan güni suwly çukura girip, ýolbarsy öldürdi+.
21 Ol äpet müsürlini hem öldürdi. Müsürliniň elinde naýzasy bardy, Binaýa bolsa taýakly çykdy. Ol müsürliniň naýzasyny elinden gaňryp alyp, ony şol naýza bilen öldürdi.
22 Ýehoýadanyň ogly Binaýa şeýle edermenlikleri görkezipdi, abraýy başdaky üç batyr ýigidiňkiden kem däldi.
23 Ol otuz ýigitden saýlanyp dursa-da, beýleki üç batyr ýigidiň derejesine ýetip bilmändi. Emma Dawut şonda-da Binaýany garawullaryň baştutany edip belledi.
24 Otuz esgeriň arasynda Ýowabyň dogany Asahel+ hem bardy. Batyr esgerler şulardyr: beýtullahamly Dodonyň ogly Alhanan+,
25 harotly Şammaý bilen Elika,
26 peletli Heles+, tekoýaly Ikeşiň ogly Yrak+,
27 anatotly+ Abygezer+, huşaly Mebunaý,
28 ahohlardan Zalmon, netopaly Mahraý+,
29 netopaly Baganaýyň ogly Helap, benýaminleriň Gibeýa galasyndan Ribaýyň ogly Yttaý,
30 piratonly Binaýa+, Gagaş jülgesinden*+ Hyddaý,
31 arbaly Abygalbon, barhumitli Azmawet,
32 şegalbimli Alyýahba, Ýaşeniň ogullary, Ýonatan,
33 hararly Şammaý bilen Şararyň ogly Ahyýam,
34 magakatlylardan bir adamyň ogly Ahaşbaýyň ogly Alypelet, giloly Ahytopeliň+ ogly Alyýam,
35 karmelli Hezra, arably Pagaraý,
36 sobaly Natanyň ogly Ygal, gadlardan Bany,
37 ammonlardan Zelek, beýerotly Naharaý, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýarag göterýän nökeri,
38 itralardan+ Yrak bilen Garep we
39 hetlerden Uryýa+, jemi 37 sanydy.