Ikinji Musa 6:1—30
6 Ýehowa Musa: «Indi faraony edişime seret!+ Ol güýjümi görüp, halkymy goýberer, sizi ýurtdan özi kowup çykarar»+ diýdi.
2 Soňra Hudaý: «Men Ýehowa.
3 Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba görnüp, olara özümi Gudratygüýçli Hudaý+ hökmünde tanatsam-da, Ýehowa adymyň+ manysyny açmadym.
4 Olar bilen äht baglaşyp, gelmişek bolup ýaşan Kengan ýurduny berjegimi wada etdim+.
5 Müsürlilere gul bolup ýören ysraýyl halkymyň dady-perýadyny eşidip, ähtimi ýada saldym+.
6 Şonuň üçin ysraýyllara şeýle diý: „Men Ýehowa. Sizi gulçulykdan, müsürlileriň zorluk-süteminden azat ederin+. Olara agyr jezalary berip, sizi kuwwatly golum bilen halas ederin+.
7 Sizi öz halkym edip, Hudaýyňyz bolaryn+. Şonda sizi müsürlileriň elinden Ýehowa Hudaýyňyzyň azat edendigine düşünersiňiz.
8 Sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba ant içip*, wada beren ýurduma äkiderin, şol ýurdy mülk edip bererin+. Men Ýehowa“»+ diýdi.
9 Musa gidip, Hudaýyň habaryny ysraýyllara ýetirdi. Emma agyr zähmetden halys bolan halk ony diňlemedi+.
10 Soňra Ýehowa Musa:
11 «Git-de, Müsür faraonyna aýt, ysraýyllary goýbersin» diýdi.
12 Emma Musa Ýehowa ýüzlenip: «Düzüwli gepläp bilmeýänim+ üçin, ysraýyllar meni diňlänok+. Faraon nädip diňlesin?!» diýdi.
13 Şonda Ýehowa Musa bilen Harunyň faraona we ysraýyllara aýtmaly sözlerini ýene-de gaýtalady, sebäbi olar halky Müsürden çykarmalydy.
14 Ysraýyllaryň tirebaşylary şulardyr: Ysraýylyň uly ogly+ Rubeniň ogullary Hanoh, Palluw, Hesron we Karmi+. Olardan Rubeniň tireleri döredi.
15 Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamin, Ahat, Ýahin, Zohar we kenganlardan alan aýalyndan Şewul+. Olardan Şimgonyň tireleri döredi.
16 Lewiniň+ ogullary: Gerşon, Kohat we Merar+. Olardan tireler döredi. Lewi 137 ýaşynda aradan çykdy.
17 Gerşonyň ogullary: Libni bilen Şimeý. Olardan tireler döredi+.
18 Kohatyň ogullary: Imram, Ýyshar, Hebron we Uzyýel+. Kohat 133 ýaşynda aradan çykdy.
19 Meraryň ogullary: Mahly bilen Muşe.
Lewiniň ogullaryndan dörän tireleriň nesil daragty+ şeýledir.
20 Imram kakasynyň uýasy Ýokebete öýlendi+. Ýokebet Harun bilen Musany dünýä indirdi+. Imram 137 ýaşynda aradan çykdy.
21 Ýysharyň ogullary: Karun+, Nepek we Zikri.
22 Uzyýeliň ogullary: Mişaýyl, Alsapan+ we Sitri.
23 Harun Aminadabyň gyzy, Nahşonyň+ uýasy Alyşeba öýlendi. Alyşeba Nadaby, Abyhuwy, Algazary we Ytamary+ dünýä indirdi.
24 Karunyň ogullary: Asyr, Alkana we Abyýasap+. Olardan karun tireleri döredi+.
25 Harunyň ogly Algazar+ Putyýeliň gyzyna öýlendi. Ol hem Pinehasy+ dünýä indirdi.
Lewileriň tirebaşylarynyň nesil daragty+ şeýledir.
26 Musa bilen Harun hem şolaryň neslindendi. Ýehowa olara: «Ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykaryň»+ diýipdi.
27 Musa bilen Harun ysraýyllary Müsürden çykarmak üçin Müsür faraony bilen gepleşipdi+.
28 Ýehowa Müsürde Musa bilen gepleşen güni,
29 Ýehowa Musa: «Men Ýehowa. Ähli aýdanlarymy Müsür faraonyna ýetir» diýipdi.
30 Şonda Musa Ýehowa: «Men düzüwli gepläp bilemok. Heý-de, faraon meni diňlärmi?»+ diýipdi.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: elimi galdyryp.