Ikinji Taryh 12:1—16
12 Rehobamyň patyşalygy berkäp+, güýç-kuwwaty artanda, ol Ýehowanyň kanunyndan ýüz öwürdi+. Tutuş Ysraýyl halky hem onuň yzyna eýerdi.
2 Olar Ýehowa biwepalyk etdiler. Şol sebäpli Rehobamyň hökümdarlygynyň bäşinji ýylynda, Müsür patyşasy Şişak+ Iýerusalime çozdy.
3 Şişagyň 1 200 söweş arabasy we 60 000 atlysy bardy. Şişak Müsürden liwiýaly, sukkim we efiopiýaly+ esgerlerden ägirt uly goşun toplap geldi.
4 Ol Ýahudanyň galalaryny basyp alyp, ahyrynda Iýerusalime geldi.
5 Şemaýa+ pygamber Rehobam patyşanyň we Ýahuda baştutanlarynyň ýanyna bardy. Olar Müsür patyşasy Şişakdan gorkup, Iýerusalime ýygnanypdy. Şemaýa pygamber: «Ýehowa şeýle diýýär: „Siz menden ýüz öwürdiňiz. Indi menem sizden ýüz öwrüp+, Şişagyň eline berýärin“» diýdi.
6 Şonda patyşa bilen Ysraýyl baştutanlary özüni kiçeldip+: «Ýehowa adalatlydyr» diýdiler.
7 Ýehowa olaryň özüni kiçeldendigini gördi. Ýehowa Şemaýa pygambere şeýle diýdi: «Özüni kiçeldendigi üçin, olary ýok etmerin+, biraz wagtdan halas ederin. Gaharyma Iýerusalimi Şişagyň eline berip, bütinleý ýok etmerin.
8 Ýöne olar Şişaga gul bolar, şonda başga patyşalara däl-de, maňa gulluk etmegiň gowudygyna düşünerler».
9 Şeýlelikde, Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime çozdy. Ol Ýehowanyň öýündäki we şa köşgündäki hazynalary+ talap, Süleýmanyň ýasadan altyn galkanlaryna çenli alyp gitdi+.
10 Rehobam patyşa olara derek mis galkanlary ýasadyp, köşgüň agzynda durýan garawullaryň* baştutanlaryna berdi.
11 Patyşa her gezek Ýehowanyň öýüne gelende, garawullar şol galkanlary eline alyp çykardylar, soňra ýene-de garawulhana äkidip goýardylar.
12 Rehobam özüni kiçeldendigi üçin, Ýehowanyň gahary köşeşdi+ we halky bütinleý ýok etmedi+. Hudaý Ýahuda ilatynyň ýagşy işlerini hem görüpdi+.
13 Rehobam Iýerusalimde höküm sürüp, patyşalygyny has-da berkidýärdi. Ol 41 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 17 ýyl höküm sürdi. Ýehowa adyny şöhratlandyrmak üçin ysraýyl taýpalaryndan Iýerusalim şäherini saýlapdy. Patyşanyň ejesi Nagymaý ammon halkyndandy+.
14 Emma Rehobam erbet işleri etdi, sebäbi Ýehowany agtarmagy ýüregine düwmändi+.
15 Rehobamyň durmuşynda bolan wakalar Şemaýa+ pygamberiň we Ydon görgüriň*+ ýazan nesil daragtynda başdan-aýak ýazylandyr. Rehobam bilen Ýerobgamyň arasynda elmydama söweş bolardy+.
16 Soňra Rehobam aradan çykyp, Dawudyň şäherinde+ jaýlandy. Rehobamyň ýerine ogly Abyýar+ patyşa boldy.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: ylgaýanlaryň. Patyşanyň arabasynyň öňünden ylgaýan esgerler göz öňünde tutulýar.