Danyýar 12:1—13
12 Şol wagt Mikaýyl*+, Beýik serkerde+ seniň halkyň üçin aýaga galar. Şonda halklar döräli bäri görlüp-eşidilmedik agyr döwür bolar. Seniň halkyň, Hudaýyň kitabynda ady ýazylan+ her bir adam halas bolar+.
2 Toprakda ýatan ençeme adamlar ukudan oýanar. Olaryň käbiri ebedi ýaşaýşa gowşar, käbiri käýinje we ebedi höküme sezewar bolar.
3 Akyldar adamlar gök asman dek ýagty saçar. Halka dogruçyllygy öwredýänler ýyldyzlar kimin ebedilik şöhle saçar.
4 Danyýar, aýdylanlary gizlin sakla, dünýäniň soňuna çenli kitaby möhürle+. Köp adamlar gözleg geçirerler, hakyky bilim hem artar»+.
5 Soňra men, Danyýar iki sany perişdäniň durandygyny gördüm. Biri çeşmäniň bäri tarapynda, ýene biri aňry tarapynda durdy+.
6 Olaryň biri çeşmäniň ýokarsynda duran zygyr* köýnekli adamdan+: «Täsin wakalar haçan gutarar?» diýip sorady.
7 Soňra men çeşmäniň ýokarsynda sag hem çep elini asmana galdyryp duran zygyr köýnekli biriniň sesini eşitdim. Ol ebedi Bar Bolanyň+ adyndan ant içip: «Wakalar bir döwür, iki döwür we ýarym döwür dowam eder*. Mukaddes halk güýçden gaçanda+ bularyň barynyň soňy geler» diýdi.
8 Men eşitsem-de, düşünmedim+. Şonuň üçinem: «Agam, munuň soňy näme bilen gutarar?» diýdim.
9 Ol şeýle diýdi: «Danyýar, ýola düş, sebäbi aýdylan zatlar dünýäniň soňuna çenli gizlin saklanar we möhürlener+.
10 Köp adamlar arassalanar, tämizlener we päk bolar+. Erbet adamlar erbet işlerini ederler, olaryň hiç biri muňa düşünmez. Emma akyldarlar düşünerler+.
11 Her gün berilýän gurbanlygy+ gadagan edip, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikenlerinden+ soň 1 290 gün geçer.
12 Sabyrly bolup, 1 335 gün geçýänçä garaşanlar bagtlydyr!
13 Soňuna çenli berk dur! Sen dynç alarsyň, soňky günlerde düşen paýyňy almak üçin turarsyň»+.